Transowgan turboprowodyny geçirmek baradaky taslama öňküsi ýaly ýerine ýetirmek kyn

Transowgan turboprowodyny geçirmek baradaky taslama öňküsi ýaly ýerine ýetirmek kyn

Tuesday, 1 July, 2008
Gepleşik hereketiniň işeňňirleşmegine seretmezden, NBCA-nyň ekspertleri Transowgan turboprowodyny geçirmekligi ähtibarsyzrak hasap edýärler. Onuň sebäbi: Owganistanyň durnuksyzlygynyň dowam etmegi, türkmen gaz ýatagynyň derňelmedikligi netijesinde turbanyň doldurylmagyna kepiliň bolmadygy, maliýeleşdirmek çeşmelerniň anykdälligi, şeýle hem türkmen gazyna bolan ýalňyz hukuklygyny elinden ýitirmekligi halamaýan Kremliň garaýşy.



Aprel aýynyň 20-25-de Yslamabatda Türkmenistan-Owganistan-Päkistan-Hyndystan gaz geçiriji prowodyny gurmak taslamasynyň ýolbaşçy toparynyň şu döwletleriň nebit we gaz ministrleriň gatnaşmagynda onunjy mejlisi bolup geçdi. Mejlisiň netijesinde transmilli gaz magistraly

gurmak barada Çäklendiriji ylalaşyga gol çekildi we geljekki kontraktyň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.



Şu döwre çenli işçi toparyň gözegçisi hökmünde duran Hyndystan hem taslamanyň doly gatnaşyjysy boldy.



Turbany geçirmekde gerek bolýan polatdan edilen desgalaryň bahalarynyň gymmatlamagy bilen bagly taslamanyň nyrhyny 3,3 milliard ABŞ-nyň dollaryndan 7,6 milliard dollaryna çenli köpeltmegi işçi topary makul bildi.



Uzynlygy 1680 kilometre barabar bolan turboprowodyny Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän Döwletabat iň uly gaz ýatagyndan Gerat we Kandagar owgan şäherleriniň, Päkistanyň Multan şäheriniň, Päkistan we Hyndystan serhedinde ýerleşýän Hyndystanyň Fazilka ýaşaýyş nokadyna çenli çekmekligi meýilleşdirilýär.



Öňünden geçirilen ylalaşyk esasynda gurluşyk 2012-njy ýylda başlanyp, 2015-nji ýylda bolsa Türkmenistan Hyndystana we Päkistana gününe 60 million kub, Owganistana bäş million kubometr gaz bermekçi. Turboprowody işe girizilenden soň üpjünçiligi köpeltmek hem meýilnamalaşdyrylýar.



Transowgan turboprowodyny gurmak baradaky esasy Ylalaşyga 2002-nji ýylyň maý aýynda gol çekildi, 2005-nji ýylda Aziýanyň ösüş banky taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TEO) ygtyýaryna berdi, emma amala aşyryş pursady Owganistanyň syýasy durnuksyzlygynyň dowam etmegi, Päkistan we Hyndystan arasynda dartgynlyk aragatnaşyk sebäpli birnäçe gezek yza çekildi.



Emma soňky wagtda resmi Deli we Yslamabat Merkezi Aziýa regionyndan gelýän energogeçirijiler marşrutynyň dürli taraply ösüş meselelerinde ýakynlaşyp başladylar.



Yslamabat duşuşygy pursadynda Päkistanyň nebit senagatynyň ministri Hwadja Asif döwletiniň “meýilnama bagyş etjekdigini” aýtdy, Hyndystanyň ministry Merli Deora turba geçerişde örän uly gyzyklanmanyň bardygyny tassyklady we “üpjünçiligiň çäklendirilen wagty” energoresurslaryň zerurlygynyň artýandygyny belledi.



Ykdysadyýetçileriň synyna görä, Hyndystanyň gündeki gaz zerurlygy 140 million kubometre ýetýär, 2010-njy ýyla çenli bolsa zerurlyk ýylda öser, käbir hasaplara görä, 220 million kubometre barabar bolar.



Päkistan hem gaz ýetmezçiligiň bosagasynda dur, ekspertleriň beren bahasyna görä, bu ýetmezçilik gününe 17 – 42 million kubometre barabar.



Emma muňa garamazdan, Owganistan yzy üzülmeýän dartgynlyk zolagynda galýar.



Turboprowodynyň teklip edip geçiriljek ýeriniň elýeter ýanynda döwletiň günorta-günbatar böleginde gozgalaňçy Taleban söweşleri bolup geçýär. Gelejekde bu howp öz-öünden aýrylar diýen pikir örän ujypsyz bolup görünýär.



Owganistandaky köpýyllyk urşuň netijesinde bu döwlet ykdysadyýet tarapdan dagan we gaz infrastrukturasy ýok. Resmidäl hasabata görä, Owganistandaky tebigy gaza bolan talaby, ýylyna, takmyndan, bäş milliard kubometre barabar.



Emma NBCA-nyň ekspertleri göwnüçökgünlilik bilen seredýärler we howlukmaç netije çykarmagy maslahat bermeýärler.



Bakudaky “Gafgaz” halkara gatnaşyk unuwersitetiniň kafedra müdiri Röwşen Ibragimow, regionuň syýasy durnuklylygynyň ýoklugy “energetik ýa-da haýsy-da bolsa taslamalary ýerine ýetirmekligi bu ýagdaý agyrlaşdyrýar”- diýip, hasap edýär.



Halkara maliýe institutlar “ýokary derejede bolan töwekgellik” taslamany maliýeleşdirmäge razylaşmazlar, maýa goýumlar bolmasa-da agzalan borçnamalary ýerine ýetirmek üçin gaz önümini köpeltmeklik hyýaly hakykata laýyk gelmeýär.



Ondan başga-da, şu wagta çenli türkmen uglewodorodlaryň ätiýaçlygy näçeräk bardygyny tassyklaýan garaşsyz nebit-gaz barlagynyň netijeleri ýok.



Transowgan turbosyny doldurmak niýeti bolan Dowletabad gaz ýatagynyň ätiýaçlygy, häzirki wagta bolan resmi maglumatlara görä 4,5 trillion kubometre barabar diýip, bahalandyrylýar.



Dowletabad gaz ýatagynyň esasy alyjysy bolup Rosiýanyň Gazpromy hasap edilýär, olaryň turbasyndan ýylyna 50 milliard kubometr gaz geçýär.



“Bu möçberden başga Transowgan turbosyny dolduryp biljek başga gaz resurslary Türkmenistanda barmyka? Bu sorag şu wagta çenli açyk galýar” – diýip, demirgazyk, Daşoguz welaýatyndan bolan NBCA-nyň ekspertleriniň biri belleýär.



Häzirki wagtda türkmen gazynyň alynmagy ýylda ortaça 80 milliard kubometre ýetýär. Şonuň içinden 20 milliardy döwletiň özüniň ulanmagynda, galany eksporta gidýär. Häzirki wagtda gazyň alynýan umumy mukdaryndan Rosiýa, Hytaý we Eýran bilen gaz bermek baradaky uzak möhletleýin baglanylaşan ylalaşyklarynda görkezilen gaz mukdary 95 milliard kubometr artýar.



NBCA-nyň soragnama geçiren kommentatorlary, Transowgan turbosyny geçirmekde päsgel berip biljekleriň hatarynda Rosiýany hem belleýärler. Synçylaryň aýtmagyna görä, taslamany durmuşa geçirjek pursadynda Kreml hem “hereketsiz gapdalda galmaz” diýip, belleýärler.



“Eger-de hemme taraplar ylalaşyp, howp aýrylyp, gaz prowody gurlyp başlan ýagdaýynda-da, Moskwa öňki ylalaşyk esasyndaky demirgazyk marşrudy boýunça gaz üpjünçiliginiň berk kepillerini almak üçin derrew Aşgabady gysaja salyp başlajagy belli zat” – diýip, türkmen nebit-gaz hünärmenleriň biri tassyklaýar.



Rosiýa hat-da bahasy bilen söwdalaşmany türkmen gazyny satyn alyp biler, şeýlelikde garşydaş alyjylary (bahasyny göterip bilmejek owganlylar barada gürrüň) üçin gymmat bolan ýangyçdan ýüz öwürtmäge hem taýýar diýip, kommentator gürrüň berýär.



Mars Sariýew, NBCA-nyň syýasy eksperti, Transowgan taslamanyň bolmazlygyna diňe bir Rosiýa däl-de, eýsem başga döwletler hem öz gyzyklanmasyny görkezýärler diýýär. Ilki bilen, olardan Türkmenistan bilen bilelikde turboprowodyny gurmakda meýilnamalaryny düzen Eýran we Hytaý, şeýle hem energogeçirijileriň diňe rossiýaly marşrutyna garşy alternatiw ugur döretmek maksady üçin formal taýdan taslamany goldaýan Ýewropa we ABŞ.



“Transowgan taslamanyň hakyky durmuşa geçiriş pursady geljekdigine gümana”- diýip, Sariýew aýdýar.



(NBCA – IWPR tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleri boýunça täzeliklere we kommentariý takyklamalara ähli region boýunça synçylaryň giňden gatnaşmagynda syn etmek üçin köp dilli gulluk döretmek maksady bilen döredilen taslama. Taslama 2006-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli regionyň bäş döwletinde dowam etdi. Täzeden maliýeleşdirmegi bilen gulluk Özbegystanda we Türkmenistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegini dowam edýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists