Türkmenistan: daýhanlara oba hojalyk meýilnamalary amala aşyrmak üçin hereketleriň azatlyklary etenok.

Türkmenistan: daýhanlara oba hojalyk meýilnamalary amala aşyrmak üçin hereketleriň azatlyklary etenok.

Saturday, 19 July, 2008
erli synçylaryň pikirlerine görä oba zähmetkeşleriniň üstünden dowam etdirilýän berk gözegçiligi sebäpli hökümediň oba hojalygyna inowasiýalary girizmek boýunça meýilnamalary amala aşyrmak agyr bolýär.



Azyk meseleler boýunça iýulyň 10-na geçen hökümetiň ýygnagynda president Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk syýasatynda “has takyg we dürs çemeleşigi” emele getirmek zerur diýip aýtdy, bu bolsa öz resurs kuwwatlarymyzy täsirli ulanmaga getirer.



Bu üçin oba hojalygyna häzirki zaman tehnologiýalary, ýokary önümçilikli tehnikany, däneleri saklamak we gaýtadan işlemek boýunça önümçilik kuwwatlary ösdürmek meýilleşdirilýär.



Prezidentiň azyk bazaryny gineltmek boýunça aladasy azyga degişli bahalaryň galmagy “umumy dünýä tendensiýalary” bilen öz sözlerine görä bagly.



Oba hojalyk reformasynyň başlamagy hakynda türkmen baştutany 2007-nji ýylda beýan edipdi, şol wagyt obasenagat toplumynda 2030-nji çenli düpli özgörüşikleri grçirmek hakynda strategiki meýilnama,ol obahojalygyň rentabelnostini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, “daýhan birleşikleri hakynda” we “daýhan hojalyklary hakynda” täze kanunlar kabul edildi.



Emma daýhan birleşikler we hojalyklar entäk döwlet edaralaryna hojalyk subýektlary döretmek, ýer bölekleri we maliýeşdirilmegi almak meselelerde bagly bolup galýarlar.



Ýer hakyndaky bitewi kanunynda goşmaça hojalyklary ýer bölekleri we oba hojalyk önümleri üçin ýerleri hususy ýeçilige berilmegini göz önüne tutulandygyny garamazdaň hakykatda bu amala aşyralanok.



Öndürilýän oba hojalyk çigmallaryň bahasyny we möçberini hökümet kesgitleýär. Döwlet tabşyrygy esasy galla we pagta öndürilmegini göz önüge tutýär we daýhanlaryň gök önümleri öndürmek we önümlerini satmak mümkin çiligini ýatyrýär.



Ýurdyň demirgazygyndaky Daşoguz welaýatyndan kärendeçi Şöhrat häkimiýetleriň azyk bazaryny doldurmak hakynda pikirleri diňe döwletiň ýolbaşçy-edara ediş ulgamynyň oba hojalykda dolandyryşyndan ýuz döndüren ýagdaýynda we ýere hususy ýeçiligi girizende mümkin diýip NBCA aýtdy.



Oň bilen hem 55 ýaşyndaky gök önümleri öndüriji Oraz-aga ylalaşdy. Daýhan birnäçe ýyl mundane ozal kärende alan ýerini pagta öndürmege geçmeli edendiklerini we döwlet tabşyryklary amala aşyrmagy ýatlaýar. Häzirki wagta çenli hem şu tertip bilen işleýär.

“Azat bolmadyk daýhan mydama özüni wagtlaýyn işleýän diýip düýar, döwlete bagly bolan daýhanlar hiç haçan öz içki kuwwatlyklaryny ulanyp bilmezler,” – diýip Oraz-aga ynandyrylan.



NBCA-nyň synçylary daýhanlary göçegçilikde saklamak tejribe oba hojalygyň ösdürilmegini saklaýän sebäpleriň biri hem-de hökümet nobatdaky täzelikleri teklip etmekden öň daýhanlaryň derejesini kesgitlemeli we olarda hususyýetçiniň duýgylaryny ösdürmeli.



Oba hojalyk boýunça ýerli synçylaryň biri “gynansakda, Berdimuhamedow oba hojalyk syýasatynyň esasy daýanjy ýere hususy eýeçiligi girizmegi we bugdaý bilen pagta bolan döwlet tabşyrygy ýatyrmak hakynda hiz hat aýtmady”, diýip takyklady.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists