Türkmenistan entegem “keramatly” kitaby saklaýar

Türkmenistan entegem “keramatly” kitaby saklaýar

Once the standard ideological textbook in Turkmenistan, the Ruhnama is gradually being shifted to the margins. (Photo: IWPR)
Once the standard ideological textbook in Turkmenistan, the Ruhnama is gradually being shifted to the margins. (Photo: IWPR)

 

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýazylan Ruhnamanyň köp wagtlap dowam eden ýokary ornuny peseltmek barada Türkmenistanda edilen hereketlere seretmezden, kitabyň on ýyllygynyň bellenilişi onuň entek doly ýok bolup gitmändigini görkezdi.

12-nji sentýabrda Ruhnama çäreleri Türkmenistanda mekdeplerde, uniwersitetlerde, kitaphanalarda we muzeýlerde bellenilip geçildi.

Aşgabatly bir synçynyň aýdyşy ýaly, “Hemme zat edil öňküler ýaly”.

Ruhnama özüni ähli türkmenleriň baştutany diýip atlandyran we 2006-njy ýylda duýdansyz aradan çykan Türkmenistanyň öňki lideri Saparmyrat Nyýazowyň hut özi tarapyndan gol çekilen akylyň we edebiň çeşmesi diýlip atlandyrylýardy.

Ruhnama Nyýazowyň türkmen folkloryna we taryhyna bolan garaýşy bolup, ol Nyýazowyň daşynda gurlan şahsyýet kulty üçin esasy okuw kitabyna öwrüldi.

Ony çagalar baglarynda, mekdeplerde, uniwersitetlerde we iş ýerlerinde okamak hökmany zada öwrüldi. Döwlet işlerine girmek isleýänler Ruhnama ekzamenlerinden geçmeli boldular. Haçan-da jenaýatçylaryň günäsi geçilende we resmi işgärler masgaralananynda olar Ruhnamada kasam etmeli boldular. Esasan musurman döwleti bolan bu ýurtda hatda ol kitap metjitlerde-de goýuldy, hem-de bu Nyýazowyň sözüniň gurhan bilen deň agramdadygyny aňlatdy.

Nyýazow 2006-njy ýylyň soňunda aradan çykanyndan soň onuň yzyny tutan Gurbanguly Berdimuhammedow kem-kemden şahsyýet kultyny aýryp başlady.

Şu ýyl Ruhnama ekzamenleri mekdebiň döwlet synaglaryndan we uniweristetlere kabul ediş ekzamenlerinden aýrylyp başlandy. (Goşmaça maglumatlar üçin: Türkmenistan propaganda ekzamenini bes edýär). Mekdepler Nyýazowyň kitabyna bagş edilen sapaklaryň sanyny azaltdylar, hem-de ol sapaklary beýleki umumy ylymlar bilen çalyşdylar.

Edaralarda Ruhnama ybadat edilýän ýer hökmünde gurnalan mini-muzeýler hem ýapylyp başlandy, emma synçylar olaryň entegem saklanyp galýandygyny belleýärler.

Uniwersitet mugallymynyň aýtmagyna görä Ruhnamanyň “baý mirasyny” aradan aýyrmak üçin köp wagt gerek bolar, sebäbi ol bilim sistemasynda we işe kabul etmekde merkezi orny eýeläpdi.

Aşgabatly 20 ýaşyndaky taryh studenti Dilfuza Ruhnamanyň täsiri astynda ulalan nesile degişli, we onuň pikiriçe ony aýyrmaga edilen synanyşyklara seretmezden bu kitap saklanyp galar.

“Köp adamlar şu kitap bilen terbiýelendi, indi olaram öz çagalaryny şu kitap bilen terbiýelärler. Biziň üçin bu keramatly zat” diýip ol aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Human rights
Frontline Updates
Support local journalists