Adam hukuklaryny goraýjylar dünýäni Türkmenistandaky hukuk bozulmalara üns bermäge çagyrýar

Adam hukuklaryny goraýjylar dünýäni Türkmenistandaky hukuk bozulmalara üns bermäge çagyrýar

Adam hukuklary aktiwistleri Türkmenistanyň hökümediniň adam azatlyklaryny kemsitmegiň iň erbet usullaryny ulanmagyny bes etdirmek üçin oňa yzygiderli basyş etmäge halkara jemgyýetçiligini çagyrýarlar.

Olaryň aýtmagyna görä, Türkmen häkimiýetleri adam hukuklaryny goraýjylary yzarlamagy bes etmeli, tussaglykdakylary gynamakdan el çekmeli, hereket azatlygyna bolan hukuklary hormatlamaly, hem-de hökümede degişli däl guramalara kanuny esasda işlemäge ýol bermeli.

Türkmenistanda adam hukuklaryny berjaý etmegiň gaty erbet ýagdaýy emigrasiýadaky türkmen we özbek adam hukuklary toparlary bilen BMG Adam Hukuklary Sowetiniň ýörite wekiliniň arasynda 8-11-nji martda geçirilen gürrüňdeşligiň esasy temasy boldy.

Gürrüňdeşlik BMG Adam Hukuklary Sowetiniň 28-nji fewraldan 25-nji mart aralygynda Ženewada geçirilen nobatdaky sessiýasynyň dowamynda bolup geçdi.

Niderlandlarda ýerleşýän Türkmen Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedow ýurtda graždan jemgyýeti diýlip atlandyrylyp bilinjek zadyň gaty azdygyny we onuňam ejiz ýagdaýdadygyny, hem-de entegem işini dowam etdirýän az sanly adam hukuklary toparlaryň yzyrlanmalara we gorkuzmaga sezewar edilýändigini aýtdy.

“Soňky 15 ýylyň içinde 35 gezek ýurda girmäge rugsat sorap ýüz tutanyna seretmezden, türkmen häkimiýetleri BMG-nyň ýörite wekilini ýurda goýbermezler” diýip Mamedow aýtdy. “Şonuň üçin biz bu duşuşygy informasiýanyň maksimal derejesini [adam hukugy wekiline] ýetirmek üçin ulandyk.”

Mamedowyň pikirine görä, halkara jemgyýeti artýan basyş astynda galýan graždan jemgyýeti toparlarynyň bähbidi üçin täsir etmeli.

Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanly hukuk aktiwistlerine Gazagystanyň paýtagty Astanada geçen Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) sammitiniň ýanynda geçirilen adam hukuklary boýunça ýygnaga gatnaşmaga gitmek üçin ýurtdan çykmaga ýol berilmedi.

Olaryň birisi bolan Natalýa Şabuns şondan bäri öý tussaglygynda we hemişelik gözegçilikde saklanylýar. Olaryň üçüsi howpsyzlyk gullugynyň bölümine çagyrylyp, eger adam hukuklary ýygnagyna gatnaşsalar tussag ediljekdikleri aýdyldy, hem-de olara hatda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky ofisine hem barmazlyk tabşyryldy.

Häkimiýetler kiçijek bahanalary ulanyp we arzalara seretmegi birnäçe ýyla çekip ýerli adam hukuklary toparlaryny resmi taýdan registrasiýa etmekden ýüz döndürip gelýärler. Resmi registrasiýa ol toparlar üçin tussag edilmek gorkusyny aradan aýryp bilerdi.

Kanuny taýdan ýol berlen ýeke-täk “döwlete degişli däl guramalar” hakykatda döwlet tarapyndan goldandyrylýar, hem-de olar diňe aýallar, çagalar we Beýik Watançylyk Urşunyň weteranlary bilen işleýär.

Niderlandlarda ýerleşen Garaşsyz Adwokatlaryň Assosiasiýasynyň lideri Timur Misruhanow Ženewadaky ýygnagy esassyz tussag edilmek we tussaglykda gynamak meselelerine ünsi çekmek üçin ulandy.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingine beren interwýusynda ol öz toparynyň tussag saklanyş ýerlerinde we türmelerde kemsitmeleriň we tussaglary yzygiderli urmagyň giň ýaýranlygy barada hasabatlary alýandygyny aýtdy. Şeýle-de suddan öňki tussaglykda adamlaryň aradan çykanlygy barada habarlar hem bar.

Öňki tussaglar bilen geçirilen interwýularynyň esasynda Misruhanowyň assosiasiýasy her iki adamdan biriniň garşysyna günäni güýç bilen boýnuna aldyrmak üçin güýç ulanylandygyny anyklady.

“Olaryň diňe az sanlysy polisiýa işgärleriniň fiziki güýç we psihologiki basyş ulanýandygyny öz adwokatlaryna aýdypdyr, beýlekileri bolsa gorkudan ýaňa şikaýat etmekdenem ýüz dönderipdir” diýip Misruhanow aýtdy.

Duşuşyga gatnaşan türkmen hukuk aktiwistleri esassyz tussag etmek we gynamak baradaky habarlar boýunça Aşgabatdaky hökümetden hasabat bermegini gyssagly talap etmegini ýörite wekilden haýyş etdiler.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists