Zoopark Türkmenistan üçin täze görkezme proýekti

Zoopark Türkmenistan üçin täze görkezme proýekti

Посетители зоопарка. (Фото: IWPR)
Посетители зоопарка. (Фото: IWPR)
Лисы ищут тень. (Фото: IWPR)
Лисы ищут тень. (Фото: IWPR)
Животные скрываются от жары. (Фото: IWPR)
Животные скрываются от жары. (Фото: IWPR)
Национальный музей живой природы. (Фото: IWPR)
Национальный музей живой природы. (Фото: IWPR)

Türkmen paýtagty Aşgabadyň daşyndaky täze haýwanat bagy bu Merkezi Aziýa döwletinde häzirki zaman görkezme desgasy bolmak üçin niýetlenip guruldy, ýöne muny görmäge gelenler haýwanlara suw we kölege ýetmeýändigini aýdýarlar.

Milli tebigat dünýäsi muzeýi diýlip altlandyrylan bu toplum 12-nji oktýabrda öz gapylaryny ilkinji gezek açdy.

Paýtagtdan 35 km uzaklykda ýerleşen Gökdere obasynda ýerleşip, bu desga şäher merkezindäki öňki zooparkyň ýerini tutmaly. Köne zoopark özüniň gök ösümlikleri we fontanlary sebäpli ýerli alatyň arasynda meşhur ýerdi, ýöne ol ýerde haýwanlar gözeneklerde saklanylýardy. Bu täze gurluşa prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň hususy agylyndan hem haýwanlar getirilipdir.

Haýwanat bagy 40 gektar meýdany tutýar we dört açyk bölege – Afrika sawanasy, ýyrtyjylar, toýnaklylar böleklerine we guş saklanylýan bölege – bölünýär. Mundan başgada bu ýerde içerki akwarium hem bar.

Ýöne gurluşyň açyk giňişliklerinde kölege berer ýaly ösümlikler we suwly bölekler ýetmezçilik edýär. Bu çöllük zonada oktýabrda hem howa 30 gradusdan ýokary bolup bilýär.

“Biz diňe içeri girmek üçin bir kilometrdenem uzyn nobatda durduk” diýip Aşgabadyň medisina institutynyň mugallymy aýtdy. “Meniň çagalarym balykly akwariumlary gowy gördiler, ýöne howanyň gyzgynlygy zerarly haýwanlar gaty erbet ýagdaýda bolup göründi. Olar gaty gynanýarlar. Bu ýerde suw babatynda uly kynçylyk bara meňzeýär.”

Beýleki gezelenje gelenler hem aýylaryň, nosoroglaryň we begamotlaryň kölege we suw ýetmezçiliginden ejir çäkýändigini aýdýarlar.

Haýwanlaryň saklanyş şertlerini görmäge gelen ekologlar haýwanlaryň öz agyllarynyň burçlarynda gizlenýändiklerini aýtdylar. “Olaryň ählisini açyk ýerde günüň aşagynda saklaýarlar, ol haýwanlaram gurluşlaryň arkasynda kölege gözleýärler. Men agyllarda haýwanlar üçin hiý-hili iýmit görmedim, olary näme gijelerine iýmitlendirýärlermi?”

Zooparkda işleýän işgär bu ýerde “wagtlaýyn kynçylyklaryň” bardygyny boýun aldy. Onuň aýtmagyna görä ýakyn aralykda dowam edýän gurluşyk işleri bu ýerde elýeterli bolan suwuň köpüsini sarp edýär.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists