Ýokary okuw jaýlarynyň parahorlygy
Türkmenistanda bilim pudagynyň işgärleriniň aýlyklary berilmedigi sebäpli mekdepleriň hem-de ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň arasynda parahorlyk derejesi ösüp barýar. Bu aý Türkmenistanda ýokary okuw jaýlara girme wagty başlady. Emma abituriýentler
Ýokary okuw jaýlarynyň parahorlygy
Türkmenistanda bilim pudagynyň işgärleriniň aýlyklary berilmedigi sebäpli mekdepleriň hem-de ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň arasynda parahorlyk derejesi ösüp barýar. Bu aý Türkmenistanda ýokary okuw jaýlara girme wagty başlady. Emma abituriýentler
Mekdepleriň, institutlaryň hem-de uniwersitetlaryň mugallymlarynyň parahorlyk derejesi her ýyl bilen gittigiçe ösüp barýar. Mekdep müdirleri hem-de ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, bir topar paş edilip hem-de masgaralanyp işden boşadylmalara garamazdan, mugallymlaryň kanunsyz ýerlerini çalşyryp “öli ruhlara” aýlyklary geçirmekleri dowam edýärler.
Şu wagt uniwersitetlerde hem-de institutlarda ýaz sessiýasy dowam edýär. Bu ýyl gyşky sessiýada ýokary okuw jaýlarynda käbir ekzamenlar üçin talyplar 50 den 150 çenli dollar para bermeli boldylar. Üstesine de, harby institutda hem-de Içeri işler Ministrliginiň akademiýasynda geljek militsionerler talyplar hem her sessiýa mugallymlaryna para bermeli bolýarlar.
Dünyä diller Istitudynyň talyby Jennet Saparowanyň aýtmagyna görä, okap, öz güýjiň bilen ekzamenlary tabşyrmana synanyşmak peýdasyz. Jennediň özi garyp maşgaladan. Onuň aýdyşyna görä, ol täsinlik bilen Instituda okuwa girip bildi. Kabul ediş kommissiýada öňki hem-de ak ýurekli mugallym adam bar ekeni, Jennediň gowy jogap berenini halap, ony kabul etmek kararyna gelipdir. Indi Jennet elinden kitaby düşürmeýär. Özüni aýaman ekzamenlere taýarlanýar. Emma netijede ýene-de ýerli ýaşlaryň aýdyşy ýaly mugallymlary “bombalamly” bolýar. Şonuň üçin hem Jennet boş wagtlarynda pul gazanyp mugallyma “kiçijik”, 45-50 dollarlyk sowgat edip bilmek üçin başga talyplara kurs işlerini ýazyp berýär. Jennediň aýdyşyna görä, häli hem talyplaryň bilim derejesini, höwesini hem nazara alyp, diňe ýetişmeýän talyplardan para alýan mugallymlar bar.
Hut şol Institudynyň iňlis edebiýaty mugallymynyň aýtmagyna görä, bu sistemany köki-damary bilen ýok etmek gaty kyn boljak. Iradanyň özüniň 2 talyp gyzy bar. Hemişeki auditoriýalaryň remondy üçin ýygnalýan hem-de okuw esbaplara gerek bolan pullaryň daşynda sessiýa üçin toplamaly bolýar. Aýlygy bolsa, tejribesine garamazdan, Iradanyň özü aýdyşy ýaly, “gülkünç”. Şonuň üçin hem pul gazanmak üçin başga ýollary tapmaly bolýar. Özüni aklajak bolyp Irada diňe ýetişmeýän, hem de öz güýji bilen okuwa girip bilmeýän talyplardan para alanyny aýdýar. Onuň aýdyşyna görä ol işdaşlaryny gowy düşünýär. Bu ahlaksyz halka ýaly. Gyzlary öz mugallymlaryna para berip ekzamenlerini üstünlükli tabşyryp bilsinler diýip Irada öz talyplaryndan para almaly bolýar.
Ertir bir gün ýurdyň ýokary okuw jaýlaryna kabul ediş ekzamenleri hem başlar. Okuwa girmek bäsdeşligi bolsa barha agyrlaşyp barýar: okuwa girmek üçin paranyň mukdary käbir wagtlar 7-9 müň dollara golaý bolýardy. Meselem, Türkmen Döwlet Universitetiniň iň abraýly fakultetlerine, ýagny hukuk hem-de daşary işler fakultetlerine okuwa girmek üçin 10 mün dollar para bermeli. Halk Hojalyk Institudynyň para mukdary hem şoňa ýakyn. Pedagogik Institut ýaly abraýsyz ýokary okuw jaýlary bolsa 4 müň dollar bilen oňyşýarlar.
Köp adamlar öz çagalaryny bilimli ýetiştirjek bolyp ýylar dowamynda pul toplamaly bolýarlar. Paýtagtyň ýaşaýjysy Aýgul Babaýewanyň aýtmagyna görä, bu ýyl onuň ogly okuwy gutarýar. Zähmet kitapçada iki ýyllyk staj hakynda galp ýazy ýazdyrmak üçin Aýgül puly eýýäm toplapdyr. Okuw üçin puly nirden tapjagyny bolsa bilmeýär. Garyndaşlaryna kömek haýyş edejekdi welin, olaryň öz çagalary bar, olary hem okuwa girizmeli. Aýgüliň üç çagasy bar: ogly bilen iki gyzy. Onuň aýdyşyna görä, ol hiç bolmasa da oglyny ýokary bilimli ýetişdiresi gelýär. Gyzlary dikinçi ýa-da dellek bolup bilerler. Ogly bolsa hökman bilim almalydyr. Maşgalada hiç bolmasa bir bilimli adam bolmaly, maşgalasyny eklep bilmek ýa-da kömek etmek üçin.