ÝB Türkmenistana basyşy gowşatmak üçin ýalňyş wagty saýlaýar

ÝB Türkmenistana basyşy gowşatmak üçin ýalňyş wagty saýlaýar

Слушания в подкомитете Европарламента, Брюссель, октябрь 2012 года. (Фото: IWPR)
Слушания в подкомитете Европарламента, Брюссель, октябрь 2012 года. (Фото: IWPR)

Ýewropa Parlamenti Türkmenistan bilen söwda ylalaşygyny tassyklamalymy ýa-da ýokmy diýen meselä seredýär, ýöne Türkmenistanyň adam hukuklary ugrunda görkezýän netijeleriniň gaty pesdigi üçin ol ylalaşygy tassyklamak ýalňyşlyk bolar.

Parlamentiň adam hukuklary baradaky sub-komiteti 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň meselesini maslahatlaşmak üçin ýygnandy. Merkezi Aziýa döwletinden bolan adam hukuklaryny goraýjylar – şol sanda menem – parlament agzalaryny ýagdaý bilen habarly etdik.

Ýewropa Parlamenti, Türkmenistanda adam hukuklary baradaky aladalara salgylanmak bilen, söwda ylalaşygyny tassyklamady. Döwlet syýasy tussaglary türmede saklamagy, disidentleri yzarlamagy, syýasy taýdan şübheli diýlip hasaplanan islendik adamyň hereketini çäklendirmegi, garaşsyz medianyň ýüze çykmagyna böwet basmagy, hem-de garaşsyz žurnaslistlere basyş etmegini dowam edýär.

Haçan-da wagtlaýyn söwda ylalaşygy 2009-njy ýylda ylalaşylanda, Ýewropa Parlamenti onuň ratifikasiýasy üçin birnäçe şertleri belledi: syýasy tussaglaryň boşadylmagy, türmeleri halkara wekillere elýeterli etmek, graždan jemgyýetini ösdürmek, media azatlygy, hem-de täze syýasy partiýalary döretmek.

Bu ugurlaryň hiç biri boýunçada hiç-hili öňe gidişlik bolmady. Adamlar entegem syýasy sebäpler boýunça tussag edilýär – garaşsyz Türkmen hukuk toparlary olaryň sanyny 80-den gowrak diýip belleýär. Hereket azatlygy entegem çäklendirilen, hem-de gara spisoklar giňeldilip, olara ýurduň içinde we daşynda erkin hereket etmekden saklanylýan adamlar goşulýar.

Türkmen häkimiýetleri, garaşylyşy ýaly, hakykat ýüzünde režimiň ýene bir eli bolan hamana garaşsyz biznes gazeti bolan Rusgal ýaly zatlary mysal getirmek bilen, bu ýerde oňatlyga tarap üýtgeşmeleriň biolýandygyny bellemek arkaly halkara jemgyýetinde täsir galdyrmaga çalyşýar.

Ýanwar aýynda täze syýasy partiýalary gurnamaga ýol berýän kanun kabul edildi. Prezident saýlawlaryndan edil bir aý öň kabul edilip, bu kanunyň partiýalara kandidatlary öňe sürmäge ýol bermegine hiç mümkinçilik ýokdy. (Goşmaça maglumat üçin: Türkmenistanda plýuralism barada gürrüň artýar.) Öňki ministr Geldimyrat Nurmuhammedow partiýany registrasiýa etmäge çalyşdy, emmä oňa ondan soň temmi berildi.

Döredilen bir täze topar – Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy – döwletiň doly bahaly guraly bolup durýar. Ýerli biznesmenleriň aýtmagyna görä, olar zor bilen we elinden lisenziýasynyň alynjagy duýdurylyp muňa goşulmaga mejbur edilýärler.

Rus we Türkmen iki-graždanlygy bar bolan adamlaryň geljegi näbelli bolup, olar kyn ýagdaýynda saklanylýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar söwda ylalaşygynyň ratifikasiýa edilmegine doly garşy çykýarlar. Ýewropa Parlamentiniň käbir agzalarynyň pikirine görä ylalaşygy tassyklamak hökümedi adam hukuklaryny gowulandyrmaga iteklär we ylalaşykdan ýüz döndürmek hökümedi has-da izolirlär - hukuk goraýjylar bu pikir bilen ylalaşmaýarlar.

Türkmenistan demokratiki azatlyklara iň az üns berýän ýurtlaryň biri hökmünde Demirgazyk Koreýa, Burma we Eritriýa ýaly ýurtlaryň hataryna girýär. Onda näme üçin ÝB ol döwletler bilen beýle ylalaşygy baglaşmaga taýýar däl, emma Aşgabada ýaşyl ýşyk görkezmäge taýýar bolup görünýär? Türkmenistanyň olardan tapawudy näme? Türkmenistan öňe gitmäge ymtylýar we öz aragatnaşyklaryny özdürmäge we giňeltmäge çalyşýar diýen argument esassyz bolup görünýär. Režim Ýewropa Parlamenti tarapyndan eýýäm bellenilen kriteriýalara ýetmek üçin hiç-zat etmedi.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.


Turkmenistan
Human rights
Frontline Updates
Support local journalists