Uruş we Parahatçylyk Aýdynlaşdyrma Institudy Turkmenistan üçin täze radio programmasyny taýarlaýar

(London, February 10, 2006) (London, 10 Fewral, 2006)

Uruş we Parahatçylyk Aýdynlaşdyrma Institudy Turkmenistan üçin täze radio programmasyny taýarlaýar

(London, February 10, 2006) (London, 10 Fewral, 2006)

Içerden göruş” türkmen žurnalistlar öz ene dilinde taýarlan Erkin Ýewropa Radio/Azatlyk Radiosynyň programmasynyň bir bölümi bolup radio üsti bilen alyp eşitdiriler.



Türkmenistan baryp ýatan diktator rejimli, ýaşyrnykly ýolbaşçylykly we dünýa arenasynda halkara ýagdaýy yok bir döwletdir. Ýurduň içindäki durmuş örän kyn – garyplyk we hökumet tarapyndan amala aşyrylýan repressiýalar – bu ýagdaý döwletdäki garaşsyz informatsiýany erkin ulanmasy bütinleý gadaganlandyryldygy üçin hasam çetinleşýar. Döwlet diktorlary we metbugat diňe Prezidentiň sözlerini we pikirlerini gaýtalaýarlar, we döwletde adamlaryň özaňlatma azatlygy gadagandyr.



Şonuň ýaly ähliumumy repressiýaly şertlerde regionda 2000-nji ýyldan bäri işleýan IWPR Turkmenistan döwletiniň ýagdaýy barada maglumat berýän eke-täk gurama diýip hem bolýar. Bu günler Uruş we Parahatçylyk Aýdynlaşdyrma Institudy Radio Erkin Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen bilelikte türkmen žurnalistlar taýarlan radio gepleşikleri ýurt halkyna alyp eşitdirmek üçin öz tejribesini ulanýarlar.



“Diktatorlar azat žurnalistikany ähmiýetli we örän täsirli bolanyny düşünen soň ony gadaganlaýarlar” – diýip IWPR-niň Müdiri Entoni Borden aýdýar. “Emma batyrgaý žurnalistlar döwlet ýagdaýy barada maglumat bilen üpjün etmegi dowam edýärler we IWPR olaryň aňsat däl işinde olara kömek bermäne örän şat”.



IWPR parahatçylyk we demokratiýany azat we dogry metbugat üsti bilen gurýar. Türkmen radio proýekti guramanyň ýigrimä golaý ýurtlarda, dört kontinentde metbugat ösüşi barada amala aşyrýan iş tejribesiniň ýene bir gazanan üstünligi diýip bolýar. Yrak žurnalistlar üçin geçirilen treninglar, afgan aýal žurnalistlaryna pikirlerini aýtmak üçin berlen mümkinçilikler, Uganda radiostansiýalaryny taýyn habar gepleşik materiallary bilen üpjun etmegi, bularyň hemmesi IWPR söz azatlygy we parahatçylyk guruluş üçin birinji hatarda durýandygyny mälim edýär.



“Içerden görüş” gepleşiginiň birinji göýbermesini Erkin Ýewropa Radiosynyň Türkmen Bölümi – Radio Azatlyk 9-10-njy Fewralda radio boýunça berdi. Programmalar IWPR websaýtynda sesli faýl görnüşinde we türkmen, rus, we iňlis dilinde malak görnüşinde çap ediler.



Bu proýekt barada metbugat almak üçin aşakdaky adamlara ýüz tutup bilersiňiz:





Filip Noubel, Orta Aziýa boýunça redaktory (Bişkek)

filipn@iwpr.net



John Makleod, redaktor (London)

johnm@iwpr.net

+44 (0)207 269 9586

Africa
Frontline Updates
Support local journalists