Türkmenler we Ruslar gaz meselesinde ylalaşanoklar

Türkmenler we Ruslar gaz meselesinde ylalaşanoklar

Monday, 16 November, 2009
Türkmenistan bilen onuň tebigy gazynyň esasy alyjysy bolan, Russiýa energiýa giganty Gazpromyň arasyndaky gatnaşyklar bu günler gitdigiçe dartgynlaşýar. NBCA-nyň ekspertleriniň aýtmagyna görä gatnaşyklaryň jedeller bilen bozulmagynyň sebäpleriniň biri gaz satyn almak şertleriniň hiç wagt düşnükli däldigindedir. Şeýle-de olaryň aýtmagyna görä Moskwada kolonial garaýyşlaryň agynlyk etmegi beýleki bir faktordyr.



Geçen aýlaryň dowamynda dünýäde gazyň bahasynyň pese gaçmagy bilen, Gazprom Türkmenistanyň pesiräk baha razylaşmagyny isleýänini, bolmasa satyn alnyş mukdarynyň kemeldilmeli boljakdygyny duýdurdy.



Gazpromyň sowetiniň başlygynyň orunbasary Waleriý Golubew 1-nji iýunda, öz kompaniýasy tarapyndan alynýan türkmen gazynyň esasy böleginiň öz sarp edişini 50 prosent azaldan Ukraina üçin öňünden bellenilýändigini aýdyp, bu pozisiýany ýene bir gezek belläp geçdi.



“Türkmen gazy Ýewropa bazaryndaky ýaly bahalar boýunça [Gazprom tarapyndan] satyn alynýardy. Şu sebäpli Ýewropanyň indi gazy bu bahadan almaýany üçin, bizem … siziň gazyňyzy siziň bahaňyzdan satyp bilemizok” diýip Golubew aýtdy.



Aprelde Gazprom pese gaçýan bazar bahalary sebäpli türkmen gazynyň importyny peseltdi. Türkmen hökümediniň aýtmagyna görä Gazpromyň eýeçilik edýän Merkezi Aziýa-Merkez gaz prowodynda gazyň akymynyň peseldilmegi bu ýolyň ýapylmagyna getiren partlama sebäp boldy.



Gaz geçiriji dikeldilenden soň, Gazprom türkmen gazynyň pesiräk möçberini almagy dowam etdirdi.



Iki döwletiň arasyndaky umumy ylalaşyga laýyklykda, Gazprom 2025-nji yyla çenli ýylda 50 milliard kub metre golaý gaz satyn almaly.



Käbir adamlaryň pikirine görä bu, Aşgabat Ýewropa energiýa howpsyzlygy baradaky gürrüňlere has köp üns berýän wagty, ony Russiýadan aýlanyp geçjek alternatiw ýollary gurmak pikirinden dändirmek üçin Kremliň ony basmaga synaşygy. Aprelde türkmen delegasiýasy Ýewropa Birleşigi tarapyndan Pragada gurnalan ýygnaga gatnaşdy. Bu ýygnak Türkiýeden we günorta-gündogar Ýewropadan geçjek we Kaspi gazyny bazarlara ýetirjek geljeki Nabukko gaz prowodyna seretdi.



Analitikleriň aýtmagyna görä beýleki bir faktor gaz satyn alyş kontraktynyň düşnükli däldigidir. Mysal üçin dünýä bahalary islendik bir ýylda Gazpromyň Türkmenistana tölemäge razylaşan bahasyndan pese gaçsa, onuň import möçberini peseltmäge haky barmy?



“Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ylalaşygyň hiç bir detaly aýan edilenok” diýip Bolgariýada ýerleşen türkmen ykdysadyýetçisi Annadurdy Hajyýew aýtdy. “Eger ylalaşyk üpjünçilik möçberini we bahalary peseltmäge ýol berýän bölümi özünde saklamaýan bolsa, onda Gazprom [öňki] borçnamalaryny hökman ýerine ýetirmeli. Eger-de ol muny berjaý etmese, onda onuň ynamly müşderi hökmündäki reputasiýasyna zeper ýeter.”



2009-njy ýyl üçin ylalaşylan baha köpçülige aýan edilenok, ýöne onuň geçen ýylkydan düýpli ýokarydygy belli zat. Türkmengaz döwlet gaz korporasiýasyndaky çeşmeler Gazpromyň häzir her 1 000 kub metr üçin 320 amerikan dollary töweregi töleýändigini, hem-de türkmen gazyny Ýewropada ýokarlandyrylan bahadan satýandygyny aýdýarlar.



Gazpromyň eksportlar bölüminiň resmi hasabatlary, şu ýylda onuň Ýewropada gazyň her 1 000 kub metrini 250-300 dollar aralygynda satýandygyny gorkezýär.



Hajyýew Gazpromyň Ýewropadaky müşderileri bilen beýle problemalarynyň ýokdygyny belleýär, sebäbi olar bilen kontraktlar hakyky islege we üpjünçilige bagly bazar bahasyna esaslanan.



Türkmenistanyň nukdaý nazaryndan Ruslar esassyz talaplary öňe surýärler.



“Russiýanyň sowet döwründäki gazy dolandyrmagyň imperialistik ýolundan daşlaşasy gelenok” diýip öz şahsynyň aýan edilmezligini soran Turkmengazyň işgäri aýtdy. “Olar hemişe öz islegini öňe sürýär. Olar entegem özüni turbaprowod setiniň eýesi hökmünde görýär, hem-de [Prezident Gurbanguly] Berdimuhammedowyň özbaşdak oýunçy bolmagyny islemeýär.”



Bakudaky Gafgaz uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar fakultetiniň ýolbaşçysy Röwşen Ibragimow Gazpromyň importyň möçberini peseltmegi, ondan gelýän girdejä gaty garaşly bolan Türkmenistana urgy bolar diýip çaklaýar. Netijede, onuň aýtmagyna görä, “Şu ýakyndaky geljek üçin, Aşgabadyň Gazproma boýun bolmagyna garaşmak mümkin.”



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)
Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists