Türkmenistanyň we Özbegistanyň pese gaçyşyny nähili saklap bolar?

Türkmenistanyň we Özbegistanyň pese gaçyşyny nähili saklap bolar?

Halkara Krizis Toparynyň (ICG) Merkezi Aziýada infrastrukturanyň kem-kemden ýumrulýandygy baradaky hasabaty ýapyk döwletler bolan Özbegistanyň we Türkmenistanyň öňünde durýan aýratyn kynçylyklar barada debata getirdi.

“Merkezi Aziýa: ýumrulyş we pese pese gaçyş" (Central Asia: Decay and Decline), atly 3-nji fewralda çap edilen hasabat, Sowet döwründe gurlan ýollaryň, elektrik liniýalarynyň, hassahanalaryň we mekdepleriň kem-kemden ýumrulýandygyny we olary bejerip saklajak bilimli işgärler nesliniň hem ýok bolup barýandygyny belleýär.

Türkmenistanda we Özbegistanda graždan we syýasy hukuklar gaty berk çäklendirilen we döwlet durmuşyň ähli aspektini öz kontrollygynda saklaýar. Iki hökümedem garyplyk, işsizlik, ýokary galýan WIÇ/SPID we inçekesel sanlary, hem-de işe ukyply ilatyň başga ýurtlara gitmegi ýaly sosial meseleleriň üstüni ýapýar.

ICG hasabaty özbek we türkmen ýolbaşçylarynyň hemişe özleriniň görnükli ykdysady ösüş gazanýandyklaryny aýdýandyklaryny belleýär, ýöne bu “köpçülige eşitdirilýän ýerliksiz şadyýan beýannamalaryň hakykat bilen hiç-hili baglanyşygy ýok” diýip duýdurýar.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi (NBCA) bilen gepleşen ekspertler Türkmenistanda bilim ulgamyna ünsi çekdiler, Özbegistanda bolsa hususy kärhanalaryň ösmegi üçin döwlet kontrolyny biraz gowşatmagyň zerurdygyny bellediler. Şeýle-de, başarnykly adam kapitalyna ösmäge we jemgyýetde öz ornuny tapmaga ýol bermegiň wajyplygy umumy bir tema boldy.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda döwlet başyna geçeninden soň, özünden öňki Saparmyrat Nyýazow tarapyndan kemeldilen, 10 ýyllyk mekdep we 5 ýyllyk ýokary okuw jaý bilimini dikeltdi. Ýöne ekspertleriň aýtmagyna görä üýtgeşmeler entek üýtgeşik täsir edenok.

“Okuwyň dowamlylygy arifmetiki taýdan uzaldyldy, hakykat ýüzünde bolsa okuw programmalary uzaldylmady we netijede onynjy klasslylar öňki geçen materiallaryny gaýtadan okaýarlar” diýip günortadaky Mary şäherinden bolan mugallyma aýtdy.

Daşary ýurtda ýaşaýan türkmen ykdysadyýetçisi Annadurdy Hajjyýew döwletiň aýratynam elektrik seti infrastrukturasyna ünsi çekmek bilen täze iş ýerlerini döretmäge üns bermelidigini aýdýar.

Özbegistanda, analitikleriň aýtmagyna görä, hemme zada goşulýan döwlet we endemiki korrupsiýa ösüşiň öňüni saklaýan esasy zatlar. Sebäbi hut şolar hususy kärhanalary ýumurýar.

Daşkentdäki analitik Ronaş Dustowyň pikirine görä, kanunda göz öňünde tutulýanyna seretmezden hususy eýeçilige hakykatda hiç-hili hormat goýulmaýar. Häkimiýetler ýaşaýyş jaýlaryny, dükanlary we kafeleri islän wagtlary arkaýyn alyp we ýumrup bilýärler, hem-de daýhanlara çykdaja galýanyna seretmezden zordan döwlet üçin zerur pagtany ekdirýärler.

“Geljege umytsyz we garaşly, hiç-hili kepilnama berilmeýän, hem-de hemişe para bermegiň zerurlygy barada pikir edýän biznesmen uzak möhletleýin işe inwestisiýa goýanyndan spekulýasiýa ýa pul alyş-çalyş edenini gowy görer” diýip Dustow sözüni jemledi.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Frontline Updates
Support local journalists