Türkmenistanyň gaz puly nirä gidýär?

Türkmenistanyň gaz puly nirä gidýär?

Wednesday, 17 February, 2010
Türkmen hökümedi özüniň indi diňe tebigy gaza ýeke-täk girdeji çeşmesi hökmünde garaşly däldigini yglan etdi. Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) analitikleri munuň hakykat bolmagynyň kyndygyny aýtýarlar. Bu ýerde hakyky sorag gaz pulunyň näçesiniň resmi gazna düşýändigindedir, sebäbi Türkmenistanyň mineral baýlyklardan gelýän girdejisiniň dolandyrlyşy aç-açan bolardan uzakda.



13-nji noýabrda hökümet özüniň 2010-njy ýyl üçin býudjetini gözden geçirdi we çykdajylaryň saglygy saklaýyş, sosial sfera, gurluşyk we medeniýet ýaly ugurlardaky artdyrmalary öz içine almak bilen 25 prosentden gowrak artandygyny yglan etdi.



Häkimiýetler býudjet serişdeleriniň artmagynyň ýçden bir böleginiň “daşary ýurt eýeçiligindäki kärhanalardan” geljekdigini aýtýarlar.



Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň hökümet ýygnagynda aýtmagyna görä “Biziň ykdysady diwersifikasiýa syýasatymyz netijesinde, indiki ýylyň býudjeti öňkiler ýaly ýangyç-energitika senagatyna garaşly bolmaz”.



Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp bölegi ýurduň ummasyz tebigy gaz resurslaryna esaslanýar, ýöne gaz resurslaryndan gelýän girdejiniň nirä gidýani kän bir düşnükli däl.



Aşgabatdaky bir synçynyň aýdyşy ýaly “Adamlar ägirt uly, ýokary-bahaly gurluşyklaryň ýokary galyşyny we dabaraly seneleriň geçirilişini görýärler, hem-de ähli pul şulara sarp edilýändir diýip pikir edýärler”.



Döwlet kontrollygyndaky habar beriş serişdeleri nebit we gaz kontraktlaryna we bu ugurdaky proýektleriň ýerine ýetirilişine kommentariýa bermeýärler. Şonuň ýalyda, 2008-nji ýylda artykmaç energiýa girdejilerini toplap almak üçin döredilen Stabilizasiýa Fondynyň işi ýa maksady barada maglumat ilata ýetirilmeýär.



Bolgariýada ýerleşen türkmen ykdysady analitigi Annadurdy Hajyýewiň çaklamagyna görä, 2008-nji ýylda döwlet býudjetine gaz eksportyndan gelen girdeji 9 milliard ABŞ dollaryna ýakynlan bolmaly. Muňa nebit önümleriniň we elektrigiň eksportyny hem goşsak, bu san 12 ýa 13 milliard dollara ýakynlar.



Türkmenistan her ýylda 80 milliard kub metre ýakyn gaz öndürýär, hem-de onuň 4/1 bölegini özi sarp edýär we galan bölegini esasan Russiýa we Eýrana eksport edýär.



Hajyýewiň pikirine görä ýylda 30 milliard kub metr kuwwatly gaz geçirijiniň Hytaýa çekilmegi we Eýrana satuwyň artdyrylmagy hökümediň girdejisini 40% artdyrar.



“Öňki ýaly, döwlet býudjetiniň ýarysyndan köpürägi ýangyç we energetika senagatynyň girdejisinden geler. Bolmasa Russiýa, Eýrana we Hytaýa gaz satuwynyň pullary nirä gider?” diýip ol aýtdy.



Beýleki synçylar hem hökümediň gaz girdejisi bolmasada ýaşap biljekdigi baradaky sözlerine ynanmagyň kyndygyny aýtýarlar.



Şahsynyň aýan edilmegini islemedik döwlet işgäriniň duýdurmagyna görä Türkmenistan halkara jemgyýeti tarapyndan gaz girdejilerini açyk görkezmek talabyna duş geldi, ýöne ony görkezmegiň ýerine bu girdeji çeşmesini öz içine almaýan ýyllyk býudjeti taýýarlady.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)









Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists