Türkmenistanyň gapylary adam hukuklary aktiwistleri üçin ýapyk

Türkmenistanyň gapylary adam hukuklary aktiwistleri üçin ýapyk

Friday, 27 November, 2009
kiden gowurak aç-açanlyk döredilýändigi baradaky habarlara seretmezden, Türkmenistanyň häkimiýetleri halkara adam hukuklary barlagçylaryny ýurda göybermekden ýüz döndürýärler.


“Daşary ýurt diplomatlarynyň we biznesmenleriniň Aşgabada saparlarynyň has adaty zada öwrülýänine, hem-de Türkmenistan bilen daşky dünýäniň arasyndaky kontaktlaryň bu ýurtda açyklygyň döreýändigi barada geplemäge ýol berýändigine seretmezden, adam hukuklary aktiwistlerine Türkmenistana girmäge köp ýyllaryň dowamynda ýol berlenok” diýlip sentýabryň soňunda çykan Norwegiýanyň Helsinki Komitetiniň beýannamasynda aýdylýar. “Haçan-da olar ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýyny bahalandyrmak islänlerinde Türkmen häkimiýetleri olaryň wiza arzalaryny yzyna gaýtarýarlar.”



Norwegiýa topary birnäçe öňdebaryjy adam hukuklary aktiwistleri bilen bilelikde günbatar kompaniýalaryna Türkmenistandaky adam hukuklaryna üns bermegi ündeýärler.



Türkmen hökümeti Helsinki toparynyň beýannamasyna jogap bermedi.



Bu Merkezi Aziýa döwleti adam hukuklaryna degişli birnäçe halkara konwensiýalarynyň agzasy bolup durýar, emma “Hýuman Raýts Wotç” (Human Rights Watch), “Amnesti Internaşinal” (Amnesty International) we “Fridom Haus” (Freedom House) ýaly toparlary ýurda girizmän saklamagy dowam edýär. Türkmenistanyň özüniň adam hukuklary jemgyýeti häzir köpüräk daşary ýurtlarda ýerleşen.



Analitikleriň aýtmagyna görä, halkara jemgyýetiniň basyşy astynda türkmen hökümedi Halkara Gyzyl Haç jemgyýetine türmelere baryp görmäge rugsat bermegi pikirlenýär, ýöne bu adam hukuklary aktiwistleriniň köpçülikleýin ýurda goýberilmeginiň başlangyjy däldir.



“Türkmen häkimiýetleri beýle ädime taýýar däl” diýip Niderlandiýada ýerleşýän Türkmenistanyň Graždan Demokratiki Birleşiginiň başlygy Wýaçeslaw Mamedow aýtdy.



Awtoritar lider Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň 2007-nji ýylda ýurt başyna geçmek bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow birnäçe liberalizasiýa reformalaryny yglan etdi.



Bir bada, gözegçiler liberalizasiýa amala aşar we täze lider Niýazow häkimiýet başyndaka edilen hukuk bozulmalara gaýtadan serediler diýen umyt bilen ýagdaýy erbet bahalandyrmakdan saklandylar. Beýle umytlar 11 sany ýokary derejeli tussagyň boşadylmagy we Milli Adam Hukuklary Programmasynyň yglan edilmegi bilen berkidildi.



Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondyna ýolbaşçylyk edýän Täjigül Begmedowanyň aýtmagyna görä, Berdimuhammedowyň hokümedi üýtgeşmeleriň ündelmegine laýyk işlemegi başarmady we “şeýlelikde bu öňki režimiň yzyny dowam edýänini görkezdi”.



Begmedowa Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyz bolanyndan soň, köpsanly adamlaryň syýasy motiwli günäler esasynda, hatda oppozisiýanyň agzasy bilen arabaglanyşygynyň bardygy üçin, tussag edilendigini belleýär. Köpler entegem türmede otyrlar we olaryň işlerine gaýtadan seredilmegine umyt az, sebäbi sud prosesleri Türkmenistanda aýratyn belli derejede adalatsyz we garaşsyz türme barlaglary ýok.



Üýtgeşmeleriň ýokdugyna subutnama hökmünde analitikler dissidentleriň we garaşsyz žurnalistleriň basyş astynda goýulmagynyň dowam etmegini, tussaglary gynamagyn we beýleki kemsitmeleriň ulanylmagyny, dini ynançlar esasda yzarlanmalary, hem-de etniki diskriminasiýalary belleýärler. Hereket etmek azatlygyna goýlan çäklendirmeleriň soňky mysalynda, türkmen häkimiýetleri şu tomusda köp studentleri ýurtdan daşary ýurt uniwersitetlerinde okamaga goýbermediler. (Bu baradaky habar üçin: “Türkmenistan daşary yurt uniwersitetlerinde okaýan talyplary saklaýar”, 12-nji awgust, 2009.)



Analitikleriň aýtmagyna gorä häkimiýetler halkara adam hukuklary barlagçylaryny ýurda goýbermeýärler, sebabi olaryň hemmesi bellige alynjak dürli görnüşli kemsitmeleri gaty gowy bilýärler.



“Berdimuhammedow eger adam hukuklary guramalary bu ýere gelse, içerki syýasatyň ähli negatiw aspektleriniň aýan boljagyna we belli ediljegine düşünýär” diýip Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguz welaýatyndan bolan metbugat synçysy aýtdy.



Paýtagt Aşgabatda ýerleşen beýleki bir synçynyň aýtmagyna görä adam hukuklary aktiwistleri ýurda göyberileris diýip garaşýan bolsa, onda bu gaty sadalykdyr.



“Žurnalistler, taryhçylar we ylmy işgärler köplenç bu ýerik gelip bilenoklar, hatda öň ýurtdan göçüp giden adaty adamlaram öz maşgalasyny ýa dostlaryny görmek üçin ýa-da pensiýa almak üçin zerur dokumentlerini almaga gelip bilenoklar” diýip synçy aýtdy. “Eger Türkmenistanyň özüni izolýasiýa etmegi artýan bolaýmasa, kemelenäýenok.”



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists