Türkmenistanyň beýik binalary

Türkmenistanyň beýik binalary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň öz döwletiniň şu ýylda gurluşyk proýektleri üçin 7 milliard ABŞ dollaryny sarp etjekdigini yglan etmegi bu pullaryň sarp edilişiniň nä derejede aç-açan boljakdygy barada, hem-de bu pullaryň gerekmejek proýektlere ýok edilmeginiň mümkindigi barada soraglary öňe çykardy.

Fewral aýynda ministrler kabinetiniň ýygnagynda Berdimuhammedow özüniň ýerlerde gurluşygy ösdürmek syýasaty aýan etdi, we şeýle-de täze gurluşyk edarasynyň bu işler üçin hem daşary ýurtly, hem ýerli gurluşyk firmalaryny çagyrjakdygyny mälim etdi.

4,8 milliard dollar sarp edilen we 120 uly gurluşyk obýekti taýýarlanan döwür bolan geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2011-nji ýyl üçin düzülen gurluşyk üçin sarp ediş plany has ýokary bolup durýar.

2007-nji ýylda döwlet başyna geçeninden bäri Berdimuhammedow özünden öňki Saparmyrat Nyýazowyň endigine eýerdi we adaty adamlara hiç-hili peýdasy bolmadyk belent binalary gurmaga döwlet fondlaryny ulanmagy dowam etdi.

Bir ýerli synçy Aşgabat şäherinde gurlan kaşaň otel Oguzkendi mysal getirdi we “Siz haçanam bolsa bir wagt ýarym milliona gurlan oteli görüpdiňizmi?” diýip sorady.

Beýleki bir kommentator Türkmenistandaky gurluşyklaryň köplenç başga islendik bir ýerdäkiden gymmatdygyny, sebäbi olaryň bahasynyň emeli gymmatladylýandygyny aýtdy.

Gurluşyk ministrliginiň işgäri: “Biziň sektorymyza hiç wagt munça pul bölünip berilmändi, bu hakyky gurluşyk öňegidişligine getirer” diýdi.

Emma ol bu abraý üçin gurulýan proýektleriň, daşyndan gowy görünsede, köplenç pes hilli gurulýändygyny we olary köp çykdajy bilen soňundan bejermek zerur bolýandygyny hem aýtdy.

Gymmat bahaly gurluşyk proýektleri diňe paýtagt bilen çäklenenok. Mysal üçin geçen ýyl Daşoguz welaýatynda uly stadionyň gurluşygyna başlanyldy.

“Yokarda oturanlaryň birisi işsiz ýaşlar boş aýlanyp ýörmesinde sport bilen meşgullansyn diýen netijä gelen bolmaly” diýip stadion gurulýan ýeriň ýakynyndaky obanyň ýaşaýjysy aýtdy. “Ýöne bu regionda işsizligiň gaty ýokarydygyna we her ýylda 300-den gowrak adamyň Türkiýäniň we Russiýanyň şäherlerine iş gözläp gidýändigine hiç kimiň üns beresi gelenok.”

Stadion Daşoguzdaky birnäçe gurluşyk proýektleriniň diňe birisi. Bu ýerde ýerli häkimlik, muzeý, oba hojalyk instituty we ippodrom ýaly birnäçe gurluşyklar amala aşyrylýar. Olaryň arasynda täze tekstil fabrigi ýaly hakyky peýda getirjek obýekt az.

Gündogar Türkmenistandan bolan bir oba ýaşaýjysy hem ol ýerdäki beýik binalar barada zeýrendi. “Olar bu pula ýüňi, maýda we iri malyň derisini, pagtany, gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän zawodlary guran bolsa gowy bolardy.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists