Türkmenistanda pagta işi boýunça uly sud

Türkmenistanda pagta işi boýunça uly sud

Peýdaly ýer bolan pagta senagatynda işlän 21 döwlet işgäri uzyn türme tussaglygyna höküm edildi. Olar serişdeleri artyk sarp etmekde, pagtanyň hili babatynda müşderileri aldamakda, hem-de artdyryp ýazmakda günäkärlendi.

Sud prosesi 2-nji maýda demirgazykdaky Daşoguzda tamamlandy we netijede 5-den 17 ýyla çenli aralykda bolan jezalar berildi.

Günäkärlenýänleriň arasynda 4 sany pagta arassalaýjy zawodlaryň direktorlary, skladçylar, hem-de döwlet edarasy bolan Türkmenpagtada işleýän paýlaýyş we satyn alyş işgärleri bar.

Derňew işleri milli howpsyzlyk ministrligi (MNB) tarapyndan geçirildi. Bu bolsa derňewe nähili çynlakaý seredilendigini görkezýär.

Synçylar suduň ilat üçin açyk ýagdaýda bolandygyny aýtdylar, ýöne metbugat işgärleri oňa goýberilmedi.

“Her günäkärlenýäne formal taýdan adwokat bellenildi” diýip bir synçy aýtdy. “Barybir hiç-hili aktiw aklaýyş bolmady, sebäbi MNB işiň arkasynda duransoň suduň netijesi öňünden bellidi”.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda ýurt başyna geleninden bäri, häkimiýetler dürli senagat sektorlarynyň barlagyny geçirdiler we ýolbaşçylary ogurlykda we beýleki düzgün bozmalarda aýypladylar.

Bu ondan öňki Saparmyrat Nyýazow tarapyndan esaslandyrylan şablon boýunça dowam edýär. Ol ýurdy dolandyrýan wagty pagta senagatynyň işgärleri yzygiderli sud edilip durulýardy. Günäkärlemeler köplenç artdyryp ýazmak bilen baglydy. Köp ekspertleriň pikirine görä, artdyryp ýazmak pagtany ýeke-täk satyn alyjy bolan döwletiň hasyl üçin hiç wagt ýetmäge umyt bolmadyk gülkünç planlary goýmagy sebäpli bolup geçýär.

2009-njy ýylda Daşoguzdaky döwlet galla kärhanasy barlanandan soň 24 adama uzak möhletleýin türme tussaglygy berildi. Geçen ýyl 40-dan gowrak nebit we gaz işgärleri hem şulara meňzeş ýalňyşlyklar üçin türmä basyldy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


 

Turkmenistan
Economy
Frontline Updates
Support local journalists