Türkmenistanda Ösýän Emigrasiýa

Türkmenistanda Ösýän Emigrasiýa

Ýurtdaky çeşmeleriň aýtmagyna görä, Türkmenistandan başga ýerde gowy durmuş gözläp gidýän adamlaryň sany has-da artýar.

Türkmen hökümedi statistikany berk gulp astynda saklaýar, emma Döwlet Migrasiýa Gullugyndan bir ofiseriň aýtmagyna görä ýurtdan ýanwar we sentýabr aýlary aralygynda çykandygy ýazgy edilen 150 000 adamyň 110 000-i yzyna dolanyp gelmek islegi bilen gidenok.

Adynyň aýan edilmezlik şerti bilen gepleşen ofiser bu adamlaryň wagtlaýyn syýahat wizalaryny alyp, ýurtdan cykan soň öz saýlan ýurtlarynda galýandyklaryny aýtdy.

Döwlet Turizm Komitetiniň işgäri adamlaryň köplenç turist wiza bilen ýurtdan çykyp yzyna dolanyp gelmeýändigini we baryp bilen ýerinde bikanun immigrant bolup galýandygyny tassyklady. Käbir ýagdaýlarda, olar ýöne daşary ýurtda uzak wagtyň dowamynda işleýärler we yzyna soňlygyça gaýdyp gelýärler, beýleki ýagdaýlarda bolsa olar asla yzyna dolanyp gelmegi planlaşdyrmaýarlar.

Asly Daşoguz welaýatyndan bolan 37 ýaşly Şemşat häzir Stambulda öý hyzmatçysy bolup işleýär. Ol özüniň iki gyzyny ene-atasyny goldamak üçin aýda 300 amerikan dollaryny öýne ugradýar. Emma Türkiýede bikanun immigrant bolmagyň öz töwekgelçilikleri bar.

“Men äňsat daşary çykamok, sebäbi tutulyp deportasiýa edilmekden gorkýaryn” diýil ol aýtdy. “Ýöne men öz ýurdumda munuň ýaly işi hiç wagt tapyp bilmerin. Türkmenistanda oňat aýlykly iş tapmak mümkin däl.”

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçenden soň syýahat etmäge bolan çäklendirmeler gowşadyldy we käbir çaklamalara görä emigrasiýa ondan bäri üç esse artdy. Ýöne entegem çäklendirilen kategoriýalar bar: mysal üçin hünärli doktorlar we dissident diýlip hasaplanylýän islendik adam ýa-da olaryň garyndaşlary üçin ýurtdan çykmak kyn.

Türkiýe, Eýran, Birleşen Arab Emiratlary, Russiýa we beýelki öňki Sowet respublikalary, hem-de Ýewropa ýurtlary Türkmenistandan gidýänler üçin iň meşhur ugurlar bolup durýär.

Lebap welaýatynyň esasy şäheri bolan Turkmenabatda uly derejeli polisiýa ofiseri ýerli häkimligiň ýakynda ýygnak geçirendigini we onda geçen ýylyň dowamynda welaýatdan 34 000 adamyň gidendginiň aýan edilendigini aýtdy. Ýerli ýolbaşçylar gidýänleriň ýokary sanyny daşary ýurda gitmek üçin zerur bolan täze görnüşli türkmen pasportlarynyň berilmegi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Polisiýa ofiseri häkimiýetleriň by ýagdaýa jogap hökmünde pasportlaryň berlişini çäklendirmekleriniň mümkindigini aýtdy.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.


Turkmenistan
Human rights
Frontline Updates
Support local journalists