Türkmenistanda musulman dünýäsiniň bosgunlary barada duşuşyk geçirilýär
Türkmenistanda musulman dünýäsiniň bosgunlary barada duşuşyk geçirilýär
Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleri Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda 10-11-nji maýda bu gurama agza bolan ýurtlarda bosgunlaryň sanynyň artmagy meselesini maslahatlaşmaga ýygnanarlar.
“Musulman Dünýäsindäki Bosgunlar” diýlip atlandyrylan we Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar guramasy UNHCR bilen bilelikde gurnalan bu konferensiýanyň esasy fokusy Ýakyn Gündogara gönükdiriler. Ol regionda, Siriýadaky nädynçlyklar 20 000-den gowrak adamyň Türkiýä gaçmagyna getirdi.
Bosgunlar meselesi YHG-nyň Merkezi Aziýadan bolan agza ýurtlary üçin hem wajyp, sebäbi tutuş region boýunça bosgunlaryň we gaçybatalga soranlaryň sany 10 000 töweregi diýlip çaklanylýar. Olaryň köpüsi owganlar, çeçenler we asly Hytaýdan bolan uýgurlar.
Gazygystanyň adam hukuklary we kanunlaryň ýerine ýetirlişi boýunça halkara býurosyndan bolan Denis Jiwaga merkezi Aziýada bosgunlaryň öňünde duran esasy mesele howpsyzlyk we ýurtda galmaga rugsat berilmezligi bolup durýär. Bir ýurduň öz territoriýasyna gelen adamlary olaryň gelen ýurdynda türmä basylmak ýa gynalmak howpunyň bardygyndan doly habarlydygyna seretmezden, olary yzyna iberen ýagdaýlary boldy.
"Ähli halkara konwensiýalaryň tersine, režimiň yzarlamalaryndan gaçan adamlary, olary gynamaga we adamçylyksyz seredilmäge höküm eden ýaly edip, gelen ýurduna deportasiýa edilenine biz şaýat bolduk" diýip Jivaga Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingine aýtdy.
Ol şeýle-de Merkezi Aziýa hökümetleriniň bu meselelere gumanitar mesele däl-de syýasy mesele hökmünde seredýändiklerini aýtdy. Bu bolsa bosgunlaryň hiç-hili hakyky kepillendirmelere garaşyp bilmejekdigini aňladýar.
Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.