Türkmenistanda gurakçylyk alada döredýär

Türkmenistanda gurakçylyk alada döredýär

Türkmenistanda gurakçylyk mümkinçiliginiň saklanyp galýandygy sebäpli, esasy ekinler bolan pagta bilen dänelik ekinleriň ynamsyz özdüriliş möwsümi dowam edýär.

Maý aýynyňň 29-ynda ýerli häkimler bilen geçiren wideo-konferensiýasynda prezident Gurbanguly Berdimuhammedow olara ekişi we hasyl ýygnamagy plana berk laýyklykda geçirmegi tabşyrdy.

Şu ýyl, bugdaý 850 000 gektardan gowrak ýere we pagta 820 000 gektara ekildi, hem-de göz öňünde tutulýan hasyl her ekin üçin 1,5 million tonna deň. Ýöne irrigasiýa suwy bu ýyl ýetmezçilik edýär. Suw hojalyk ministrliginiň işgäriniň aýtmagyna görä, pagta ekiş möwsümini iýun aýynyň ahyryna çenli uzaltmak we ekiş meýdanlarynyň möçberini azaltmak gerek.

“Suw ýetmezçiligi galla ekýän daýhanlar bilen pagta ekýänleriň arasynda dartgynlylyga getirýär. Gallaçylara öz bugdaýy üçin suw gerek, pagtaçylar hem suwsyz ekip bilenoklar” diýip anonim galmak islän resmi wekil aýtdy.

Suwuň uly möçberini talap edýän şaly ösdürip ýetişdirmek hem, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda howp astynda galýar. Ol ýerlerde entek daýhanlar ekişede başlanoklar.

Habarçynyň aýtmagyna görä, Lebapda daýhanlar dört aýa derek üç aýda hasyl taýýar boljak tiz ýetişýän sortlary ekmäge çalyşýarlar.

Türkmenistanyň köp bölegi gurak çöllükden durýär, netijede oba hojalygy tizden-tiz bejerilmäge degişli irrigasiýa setine berk bagly bolup durýar.

Fermerleriň aýtmagyna görä Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy we Türkmenistanyň irrigasiýasynyň suw çeşmesi bolan Amyderýanyň suw derejesi şu ýyl gaty pes. Netijede Türkmenistanyň demirgazyk böleklerine suw baryp ýetenok. Amyderýadan ýurduň günortasyna gidýän Garagum kanalynyň suwy hem hemişekiden az. Ýurtda köp irrigasiýa kanallary doly guran ýagdaýynda.

Gündogardan günbatara çenli, Mary, Ahal we Balkan welýatlarynyň hemmesi suw ýetmezçiligini başdan geçirýär. Kabir ýerlerde, günde üç gezek, bir ýarym sagadyň dowamynda, eýýäm çaklendirilen mukdarda berilýän öýlerdäki agyz suwuny adamlar ekinleri guratman saklamak üçin ulanýarlar.

Fermer Medet aga guran suw kanlayny görkezip, “Biz barja suwy ulanyp bildigimizden ulanmaly bolýarys” diýdi. “Krandan gelýän suw gaty sowuk we ekinlere erbet täsir edýär, şonuň üçin biz ol suwy günde gyzdyrmak üçin gaplara salyp saklaýarys.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Economy
Frontline Updates
Support local journalists