Türkmenistanda başgaça pikir edýänleriň yzarlanmagy.

Türkmenistanda başgaça pikir edýänleriň yzarlanmagy.

Tuesday, 15 July, 2008
NBCA synçylary sonky birnäçe hepdelerde türkmen hökümeti garaşsyz jurnalistlere, hukukgorajylara we raýat aktiwistlara garşy hereketleri güýçlendiler diýip habar berýärler.



Aşgabatdan 100 km aňyrda bolan Ahal welaýatynyň Baherden şäherçesinde Azatlyk radio gullugynyň habarçysy Sazak Durdymyradow iýunyň 20-ne tussag edildi.



“Serhetsiz reporterlar” guramasynyň habarlaryna görä jurnalist milli howsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan uruldy we gynaldy, olar daşary yurt radiostansiýasy bilen hyzmatdaşlygy besetmegi talap etdiler.



Şol gün hem Nebitdagdaky Gurbanguly Durdygylyýewyň raýat aktiwistyň öýine polisiýa işgärleri geldiler Ol ozalky ýurdyn prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe öz syýasy garaýşlary üçin birnaçe ýyllar türmelerde we dälihanalarda geçirdi.



Polisiýa işgärler oňa psihiýatriýa ekspertizasyny geçmigi “maslahat berdiler”.



Türkmenskaýa iskra opozisiýa internet saýtynyň maglumatlaryna görä bu adamlara garşy ýörite gulluklaryň herketleri olaryň Konstitusiýanyň täze beýany barada ilatyň gatnaşygy hakynda Azatlyk türkmen radio gullygynyň iýunyň 20-ne gepleşiginiň ýazgysynyň geçiriljekdigi hakynda maglumatyň ýuze çykarylanson başlady.



Gürründeşlik radiostansiýada Sazak Durdymyradowyň we Gurbanguly Durdygylyýewyň we başga aktiwistleriň gatnaşmagynda geçirilmelidi.



NBCA synçylary juranlistlara, hukukgoraýjylara, we hökümetiň tankytçylaryna garşy hökümetiň basyşynyň ýokarlanmagyny we gözegçligi artmagy howsala emele getirýär diýip belleýärler.



Norwegiýda bosgun hökmünde birnäçe ýyl bolan we Aşgabatyň ýakynynda ýerleşýän Köşi şäherçesinde 24 iýunda Gulgeldi Annanyýazow tussag edildi ýurdyna gelen gününiň ertesi.



Hukukgoraýjylaryň bellemegie görä Annanyýazow türkmen baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlaryndan “Büýsanyp” häkimiýetlere we jemgyýete bilimi we medesinany kämilleşdirmekde kömek bermäge geldi.Ol “Narkomaniýa we tuberkulez bilen göreşmek we olary bejermek” türkmen-norwegiýa taslamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärdi.



Iýunyň başynda türkmen hökümeti raýat aktiwist we ekolog Andreý Zatokuny ýurtdan çykarmadylar,ol Moskwada halkara ekologlaryň maksatnamasyna gatnaşmalygy.



Biraz öňräk şu ýylyň maý aýynda türkmen hökümeti Türkmenbaşy şäherinden raýat aktiwisty Waleriý Pali ykdysady jenaýatlarda aýyplap 12 türma basdylar. Hukukgoraýjylar işe täzeden adalatly seretmekligi talap edýärler, iş syýasy bolup gorünýär.



Bolgariýadaky Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa ýurtda bolýän wakalar tama edilýärdi. Hökümet iki standartlar syýasytyny dowam etdirýär, demokratiýa azatlyklary jar edip başgaça pikir edýänlere garşy represiýa usullary ulanýär – diýip ol belleýär.



Begmedowa “Eger-de Berdimuhamedow hakykatdan hem liberalizasiýany geçirmekçi bolsady ol ilkinji nobatda geçen ýolbaşçynyň represiw hereketlerine berk baha bererdi, bu bolsa amala aşrylylmady, ýurtda tussaglyklaryň dowam etdiriljekdigine garaşmalydy” diýdi.



Biziň aktiwistlarymyz hökümet tarapyndan yzarlanýar diýip elmydama habarlar gelýär diýip dowam etdirdi.



Ýurtdaky hukukgoraýjy edaralardaky çeşmeler 19-nji ýindaky Howsuzlyk Geňeşinde syýasy gowşak türkmenlere garşy çäreleri berkitmek barada ýörite karar kabul edildi diýip belleýärler.



“Aýratyň gözegçilige ozal hem guman edilýän adamlar düşdi- jurnalistler,ýapylan HDG-ryň aktiwistleri, dürli diasporalaryň aktiwistleri, ABŞ-da çaşmak boýunça bolan ýaşlar we hünärmenler, daşary yurt ýokary okuw jaýlaryň uçurumlary, dissidentlaryň garyndaşlary we dostlary”-diýip çeşme aýdy.



Köp jurnalistlar tutylmakdak gorkýärlar, sebäbi ýörite gulluklaryň gözegçilik usullary üýtgedi we gitdigiçe



“Bizi ähli ýerlerde yzarlaýarlar, electron ýaşikleriň parollary açyk, hatlarymyz okalýär, telefonlarymyz diňlenýär, şol sebäpli hem olar islendik wagt bize döwlete garşy hereket edýärsiňiz diýip aplap bilerler, olar islendik maglumatyň geçirilmegine şeýle düşünýärler”, diýip ýerli garaşsyz jurnalistleriň biri aýtdy



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists