Türkmenistan: Rus ýokary mekdepleriniň uçyrymlary garaşýarlar

Türkmenistan: Rus ýokary mekdepleriniň uçyrymlary garaşýarlar

Monday, 13 April, 2009
Rusiýa bilen diplomlaryň iki taraplaýyn ykrar etmegi barada ylalaşygy iki döwletiň parlamenti tarapyndan ratifikasiýa edenden soňra güýje girer.



Bu geljekdäki aýda bolmagy mümkin diýip NBÇA-nyň synçylary belleýarler,



Martyň ahyrynda Moskwa bolan resmi sapar mahalynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Dmitriý Medwedew Rusiýa we Türkmenistan arasynda diplomlaryň ykrar edilmegi barada ylalaşyga gol çekdiler.



Bu resminamanyň iki döwletiň parlamentiniň ratifikasiýa etmegi rus diplomlarynyň ykrar etmek ýa-da etmezlik boýunça we diplom bolanlaryň işe alynanlarynda goşmaça ekzamenleriň aradan aýyrmaga hemde býurokratiýa tejribesini ýatyrmaga esas berer.



Häzirki wagta çenli diplomlaryň iki döwletiň çäklerinde ýoremegini kesgitleýän Türkmenistan we Rusiýa arasynda häkimiýet –ara ylalaşyklar hiçisi ýokdy.



Rus diplomlar Türkmenistanda 1993-nji başlap ykrar edilenok ýone muna garamazdan köp türkmenistanlylar Rusiýa bilim almagyny dowam etdirýär.



Emma rus ýokary mekdebini gutaran türkmen uçurymy işe girende agyrlyk çekýär, sebäbi iş berijiler bilim Ministrliginiň rus diplomynyň ýurdyn çäkinde ykrar edilendigini barada kararyny talap edýarler.



Muny almak üçin rus diplomlaryň eýeleri agyr býurokratiýa hereketini geçmeli, ýol sanda rusiýadan arhiw kepilnamalary çýplemek bilen bagly.



Mundan soňra sabyrly bolup bilim Ministrliginiň kararyna garaşmaly we iş topary gowy netijede çykarsa onda ýene birnäçe goşmaça ekzamen tabşyrmaly, mysal üçin ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýazylan türkmenleriň ruhy kitaby “Ruhnama” boýunça bilimleri barlanylýar.



“Iş toparlaryň mejlisleri ýyllap dowam etdirip biler, ýone soňky döwürde möhletleri azaldyldy” –diýip aşgabatdaky synçy aýdýar.



Diplomly ykdysadyýetçileriň biri gürrün berdi, ýagny bir näçe aý garşyp öz diplomynyň ykrar edilmegi barada karary almaga gelende oňa “Iş topar entäk maslahata ygnalanok” “Garaşyn” diýip jogap beripdirler.



Sankt-Petrerburgyň inžiner-ykdysady uniwersitetiň uçurymy iş toparyň kararyna garaşyp bilmän Aşgabatda hususy telekeçiniň kömekçisi bolup işe girendigini we ony rus diplom bilen hiç ýere almadyklary hakynda gürrün berdi.



“Özüm üçin gelejegi göremok we Rusiýa gitmegi piir edýariň” - diýip ol aýdýar.



Emma diplom bilen bagly meseleler aradan aýrylsa onda ol oglan watanynda galmaga taýýar.



Türkmen mekdepleriň biriniň mugallymy ylalaşyk ratifikasiýa edilenden soňra rus diplomlaryň ykrar edilmegi Türkmenistanda enilleşdiriler diýip begendi.



Emma ol mun durmuşa amala aşyryljagyna ynanmaýar.



“Aradaky bilim ministrliginiň wekilleri bilen gürründeşliginden soňra mende olaryň (diplomlary) ykrar etmek hereketini agyrlaşdyrarlar we häzirki hereket edýän (býurokratik) hereketinden köp zatlaryny alar diýen düşünje emele geldi” - diýip ol howplanýar.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWPR-nyň taslamasy. Taslama 2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)
Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists