Türkmenistan propaganda ekzamenini bes edýär
Türkmenistan propaganda ekzamenini bes edýär
Türkmenistanda bilim ministriniň wekiliniň tassyklamagyna görä, on ýylyň içinde birinji gezek, mekdebi tamamlaýanlar öňki prezident tarapyndan ýazylan we keramatly statusyna ýeten Ruhnama boýunça ekzameni tabşyrmaly bolmazlar.
Türkmen folklory, taryhy we mifologiýasy boýunça Nyýazowyň samrama ýakyn pikirleriniň jemi bolan Ruhnama mekdep okuwçylary, studentler, döwlet işgärleri we beýlekiler üçin okamasy hökman zada öwrüldi, hem-de 2006-njy ýylda aradan çykýança Nyýazowyň ösüp gelen şahsyýet kultyny şöhlelendirdi. Kitabyň özi we suratlary hemme ýerde göze ilýärdi, hem-de döwlet mediýa serişdelerinde we başga ýerlerde kitapdan sitatalar ulanylýardy.
Nyýazowyň yzyny dowam ediji Gurbanguly Berdimuhammedow şahsyýet kultynyň galyndylaryny ýok etmäge synanyşdy, ýöne ol muny gaty haýallyk bilen etmäge çalyşýar. Ruhnama ekzamenleriniň şu wagta çenli saklanyp galmagy muňa gowy mysal.
Aşgabatdaky medisina uniwersitetinden bir mugallym Ruhnamanyň aýrylýanyna, özi şony okadýanam bolsa, hiç-hili gynanmady. Onuň pikirine görä sosial ylymlardan sapaklar has peýdalyrak bolar.
Bir student bolsa kitabyň hakykatdanda aýryljagyna ynamsyzlyk bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, onuň okuw jaýynda Ruhnama sapaklary geçen ýyl ýatyrylypdyr, ýöne studentlerden entegem kitaby okamak talap edilýär.
"Ekzamen aýrylanam bolsa, ekzamenatorlar islendik temadan sorag sorap bilýärler" diýip ol aýtdy.
Ruhnamanyň aýrylanyna hemmeler begenmezler. Ministrlikdäki mugallymlary taýýarlamak boýunça spesialist şeýle diýdi: “Men ömrüni şu kitaby öwrenip we ony okadyp gelen adamlar üçin gynanýaryn. Bu kitap biziň çagalarymyza erbet zat öwredonokdy”.
Aşgabatly Ruhanama mugallymy hem şeýle diýdi: “Munuň üçin näçe alada edildi. Meniň pikirimçe bu dana we aýrylmaly däl kitap, sebäbi munda biziň ýaşlara berjek bolýan maslahatlarymyzyň köpüsi bar”.
Başga adamlaryň çaklamagyna görä, Nyýazowyň kitaby Berdimuhammedowyň hökümediniň garaýyşlaryny beýan edýän täze bir traktat bilen çalyşylar.
"Bu kitaba meňzeş bir zadyň tiz çykmagy gaty mümkin" diýip bir taryhçy aýtdy.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.