Türkmenistan-Özbegistan: Adam hukularyň ýagdaýyny gowlanmaga gowşak ynam
Türkmenistan-Özbegistan: Adam hukularyň ýagdaýyny gowlanmaga gowşak ynam
Bilermenler bu ýurtlaryň hökümetlerini ýagdaýy gowulandyrmaga itergi bolarmyka diýen sowal bilen gyzyklanýarlar.
Fewral aýynyň 28-ne merkezi aziýanyň garaşsyz KHBS ABŞ-nyň döwlet departamentynyň 2008-nji ýylda adam hukuklaryň berjaý edilişi barada nutugynda Türkmenistan we Özbegistan ozalky sowet çäginde iň awtoritar ýurtlar diýip belleýar diýip habar berdiler
Nutugyň awtorlary häzirki wagta bolan kiçiräk ýägdaýyň gowulanmagyna garamazdan, Türkmenistanda we Özbegistanda gödek hukuk bozmalar dowam etdirilýär, häkimiýet syýasy we raýat hukuklary çäklendirýär, tussaglary gynamak we erbet seretmek, islendiki tussag etmek, şahsy durmuşa goşulmak, söz we şygnaklaryň azatlyklaryny we çäklendirmegi dowam etdirilýär.
Nutukda ozalky türkmen aktiwistiwe syýasy tusag edilip 11 ýyla basylan Gulgeldi Annanyýazow we RFE/RL wezipe sanyndan daşary jurnalisti Sazak Durdymuradow we onun 2008-nji ýylyň iyun aýynda turme gýrnüşli dälihanalarda geçirendigi hem-de otaýda bolan wagty ony gynandyklary barada bellenilýär.
Bular ýaly wakalar hem Özbegistanda bellenilen, ýagny geçen ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanyň Garagalpak awtonom welaýatynda garaşsyz jurnalist Salijon Abdurahmanow neşe serişdeleri saklamak boýunça ýasalan aýyplama esasynda 10 azatlykdan mahrum edildi.
2008-nji ýylda Özbegistanda diň ýykgynlyk esasynda hem köpçülileýiň tussaglar dowam etdirildi.
NBCA tarapyndan sorag edilen bilermenler Özbegistanda we Türkmenistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýyn tiz gowulanmagyna garaşmaly däl diýip maslahat berýärler, mun üçin kän wagt gerek bolar.
Bolgariýadaky Türkmen Helsinki gaznasynyň baştutany Täjigül Begmedowa “gynansagam bu (ýurtlarda) hemme zat jarnama derejede galýar we bu bizi aladalandyrýär”.
Metbugatda türkmen häkimiýetiniň azatlyklary artdyrmak hakynda maglumatlaryň çap edilýandigine garamazdan hakykat ýüzünde başgaça.
Mysal üçin hukuk garaýjylara tussagdakylar barada maglumatlar entägem çäklendirilen we halkara guramalar bilen bu babatda hyzmatdaşlyk ýok.
Begmedowa “hakyky ýagdaýyn gowylanmagy diňe häkimiýetiň ozalky düzgüniň ýalnyşlyklaryny boýun alyp özgertmeleri geçirmek hakynda açyk aýdyp başlanlarynda emele geler” diýip goşýär.
Häzirki wagtda türkmen týurmelerinde syýasy we başga pikirli tussaglar saklanýarlar, olar ozalky baştutan ýurdy 21 ýyl dolandyran we 2006-njy ýylyň dekabr aýynda aradan çykan Saparmyrat Nyýazow döwründe tutulan we türmä iberilen.
Teswirleýjiler awtoritar geçmişden diňmaga maksat edinen, ýurtda hukuk ýagdaýynyň gowlanmagynyň görkezijisi ilki bilen syýasy tussaglaryň aklanmagy bolmaly diýip pikirlerinde gabat gelýarler.
Özbegistanda hem ýagdaý meňzeş, “Merkezi Aziýada adam hukuklary” Assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä 25 sany syýasy tussag bar we başgaça pikir edýänler häkimýet tarapyndan yazarlanmagyndan gorkup ýurtdan göçüp gitdiler.
Resmi hasabyna alynmadyk Samarkantda ýerleşýän hukukgoraýjy başlangyçlar merkeziniň ýolbaşçysy Kamiljon Aşurow ABŞ-nyň Döwlet departamentynyň Özbegistandaky hukuk ýagdaýyny syn edýan nutugyna ýerli hukukçylaryň gowy garş aldylar.
“(ABŞ) Döwlet departamentynyň bu barada aýdyp we ýazýandygy begendirýar diýip ol aýdýar.”
Nutuk hukukgorayjylaryň “dar krugynda” maslahatlaşylýar, ýone muna häkimiýetiň hereket etmegine mümkin digini aradan aýyrmaly däl diýip ol belleýär. Aşurowyň pikiri boýunça Ozbegistanda hukularyň we azatlyklaryň bozulangy barada maglumatlar hökümedi “nahili bolsa da bir gadama” iteklär.
“Olaryň (özbek häkimiýetiniň) (hukuklaryň bozulmagyny) boýun almasalaram olar nahili-de bolsa ýagdaýy gowylandyrmaly”- diýip hukukgoraýjy garaşýar.
Teswirleýjileriň häkimiýet tarapyndan jogaplara tamalary Aşgabadyň we Taşkendiň Günbatar bilen aragatnaşyklaryň sonky döwürde ginelmegi bilen bagly. Häkimiýetleri bu döwletlerdäki durmuşyn gowy taraplaryny her hili edip görkezjek bolýarlar we açyk azatlyk barada şygarlary jar edýarler.
Ozalky ýyllar iki merkezi aziýa ýurtlary öz boluşly ýaşap halkara jemgyýetiň pikirlerini açyk terk edýardiler.
(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWPR-nyň taslamasy. Taslama 2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)