Türkmenistan oba hojalyk ýerleri problamasyny çözmekçi

Türkmenistan oba hojalyk ýerleri problamasyny çözmekçi

 

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow ýurduň ulanmaga ýaramly ýerlerini düýpli audit etmegi tabşyrdy. Bu soňky 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek ediler.

Sentýabr aýynyň ortasynda milli telewideniýede eden çykyşynda Berdimuhammedow suwarymly ýerleriň we topragyň häzirki ýagdaýynyň ýazgylarynyň könelişendigini we kanagatlanarsyzdygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa Regional Daşky Sreda Iş Plany üçin 2004-nji ýylda tabşyrylan hasabat Türkmenistanyň iň ýakyndaky resmi maglumaty bolup, ol suwarymly ýerleriň 65%-inden gowragynyň duzlulygyň ýokary derejesinden ejir çekýändigini görkezýär. Käbir ekspertler ýerleriň 80%-iniň ejizländigini aýdýarlar.

“Duzuň ýer üstünde we ýeriň aşagynda toplanmagy ýeriň ejizlemeginiň esasy görkezijisidir” diýip öz adynyň aýdylmagyny islemedik Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň işgäri aýdýar. Onuň aýtmagyna görä drenaž suwlarynyň uly möçberiniň ýarym-çöl öri meýdanlaryna akdyrylmagy ol ýerlerde şorly batgalyklary döredipdir.

Türkmenistanda 40 million gektar töweregi oba hojalyk ýeri bolup, onuň 17 million gektary suwarymly ýerler. Ol suwarymly ýerleriň üçden bir böleginden gowragy esasy eksport girdeji çeşmesi bolan pagtany ösdürmek üçin ulanylýar.

Oba hojalyk alymy 30 000 gektardan gowrak ýeriň ýer ejizleşmesi sebäpli ýitirilýändigini aýtdy.

“Bu ekologiki betbagtçylyk” diýip alym aýtdy. “Topragyň ejislemesi bizi täze ýerleri açmaga mejbur edýär, bu bolsa ýabany tebigat ýerlerini azaldýar.”

Kommentatorlaryň aýtmagyna görä has anykrak ýer ýazgylary we ýeriň hilini öwrenmek boýunça ylmy barlaglar oba hojalygyny gaýtadan janlandyryp biler. (Goşmaça maglumat üçin: Türkmen daýhanlary ýeleriň duzlaşmagyndan ejir çekýärler)

Oba hojalyk ministrliginiň öňki işgäri Sowet häkimiýetiniň oba hojalygynyň kolhoz sistemasyny işletmek üçin ýer ýazgylaryny we toprak analizlerini ulanandygyny ýatlatdy. Ol wagtlar daýhanlara häýsy ýerde haýsy ekini ekmek barada spesialistleriň maslahaty berilýärdi.

“Soňky iki onýyllygyň dowamynda, topragyň ýagdaýy erbetleşdi, sebäbi bu zatlara hiç kim seretmedi, hem-de [1991-nji ýyldan soň] agro-himiki laboratoriýalar bada-bat diýen ýaly ýapyldy” diýip spesialist aýtdy. “Bu ýagdaýyň iru-giç duýuljakdygy gürrüňsiz bolaýmaly zatdy.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Frontline Updates
Support local journalists