Türkmenistan: Mediajemgyýet häkimiýetiň KHBS azatlyklarynyň başlamagyny isleýar.

Türkmenistan: Mediajemgyýet häkimiýetiň KHBS azatlyklarynyň başlamagyny isleýar.

Monday, 4 May, 2009
NBCA mediasynçylary türkmen metbugatyny täzelemek üçin häkimiýet hereketleri amala aşyrmaly we garaşsyz KHBS şsdürmeli hem-de jurnalistlere erkin döredijiligi bermeli diýip belleýarler.



17 aprelde döwlet KHBS “Atyn Asyr” döwlet teleýaýlymyň ýolbaşçysynyň Begli Alyýewi “gödek ýalňyşlyklary we ozone tabşyrylan borçlary ýerine ýetirip bilmedikleri üçin”işden boşadylandygyny habar etdiler.



Birnäçe gün mundane ozal “saglygy sebäpli” “Türkmenistan” iri döwlet gazetiniň ýolbaşçysy Annamyrad Poladow media wekilleriň içinde “esasy gözegçi” höküminde taalýan iöden boşadyldy.



Synçylar media gurşawdaky iki uly ýolbaşçylaryň işden boşadylmagy metbugatyň erkinleşmegine itergi bolmaly diýip aýdýarlar.



Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezidentiň wezipesini eýeläp durmuşyň ähli ugurlaryny azatlaşdyrmagy tizleşdirmäge wada berdi, we sonky iki ýylyň içinde ýerli KHBS esasam telewidiniýany döwrün talaplary boýunça işlemäge“ukupsyzlygy” üçin tankyt edip köpsanly bolmadyk teleýaýlymlaryň we metbugatyň jurnalistlaryny we ýolbaşçylaryny işden boşatdy.



Türkmen jurnalistleriň şaýatlygy boýunça kiçiräk ösüş hökmünde olaryň öz hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça Aşgabatda şu ýyl gurlan iki sany okuw täliminiň geçirilmegi.



Türkmenistanda hemme KHBS döwletinki we olarda çap edilýan maklalaryna berk gözegçilik bar, erkin döredijiligi ýok hem-de jurnalistler öz çykyşlary üçin tussag edilip türma basylýarlar.



Teleradioýaýlymlaryň we gazetlaryň korrespondentleri makalalaryny we teleýazgylar taýýarlananda olary ýolbaşçylary bilen we ýorite gözegçiler bilen uzak wagtlap ylalaşmaly. Taýýar materiallar we teleýazgylar metbugata gözegçilik edýan adama iberilip olar bolsa olary çapuwa ýa-da teleýaýlymagörbermegi hakynda çözgüt kabul etdýarler.



Balkan welaýatyndan jurnalistlaryň biri gürrün berýar “ Uzak wagytly gözegçilik sebäpli zyýansyz medeni ýa-da ekologiýa mowzugy boýunça makalara köp wagyt sarp edilýar. Olar ýazmaga bolan höwesi ýatyrdylar ”



2008-nji ýylyň söz azatlygy görkezijilerine görä “Serhetsiz habarçylar” halkara guramasynyň maglumatyna laýyklykda Türkmenistan iň pes ýerleriň birini ýagny 171-nji orny Demirgazyk Koreýa we Eretriýa bilen aldy.



Döwlet teleýaýlymynyň we gazetlaryň dolandyryş düzümindäki kadr üýtgemeleri käbir synçylarda ýerli KHBS tarap häkimiýetiň geljekde geçirjek özgerşikler hakynda ynam döretdi.



Teswirleýjiler eger häkimiýet ýerli KHBS tankytlasalar we ýolbaşçylaryny işden boşatsalar, onda düýpgöter özgertmeleri amala aşyrmagyň wagty geldi hem-de metbugata ösmegä erk bermeli diýip aýdýarlar.



“Meň kadaly gazetde işläsim gelýar”- diýip “Bitarap Türkmenistan” döwlet gazetiniň jurnalistleriň biri arzuw edýar” biz islendik mowzuklara ýazyp biler ýaly we olary bize ýüklemezler ýaly, biziň gazatimizi okap gürrün ederler ýaly, hem-de adamlaryň oňy satyn almak üçin nobata durarlar ýaly.



Häzir 60000 sanly çap edilýan türkmen döwlet gazetinde esasy mowzuklary - ýurdyň ýolbaşçylarynyň we bitarap türkmenistan döwletiň halkara sahnada gazanan üstünliklerini öwmek.



Aşgabatdaky synçy Türkmenistanyň ähli KHBS döwletiň bähbitlerine “boýun egdirmek syýasaty” hiç ýere barmasyzlyga eltýar we “jurnalistlaryň we häkimiýetiň arasyndaky” gatnaşyklary üýtgetmek gerek, sebäbi öňde baryjysys metbugatsyz häkimiýete önde goýlan ösüşe etmegi etmek münkin däl diýip belleýar.



Synçy “hazire çenli“ täze KHBS bellige aldyrmak mümkin däl sebäbi buny diňe prezidentiň çözüp bilýar ”diýip gaharlanýar.



Ol hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň kadr syýasatyna milli howpsyzlyk edaralary tarapyndan gözegçiligi gowşatmaly, sebäbi MHM razylygy bolmasa jurnalisti işe alyp bolanok diýip belleýar.



“Ýagdaýy üýtgetmegiň wagty geldi” – diýip synçy gutarýar.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy (proekti) , Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbekistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists