Türkmenistan: jurnalistleriň okuwlary azatlyksyz biderek

Türkmenistan: jurnalistleriň okuwlary azatlyksyz biderek

Wednesday, 22 April, 2009
NBCA-nyň synçylary Türkmenistandaky jurnalistlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak olara azatlyklary bermezden biderek diýip belleýärler.



Mart aýynyň 1-ne döwlet internet saýty Turkmenistan.gov.tm Aşgabatda maslahatyň geçendigini habar berdi, onda saglygy goraýyş we medesina soraglaryna degişli beýan ýazýan “jurnalistlaryň işinde hünäriň ahlak kadalaryny berjaý edilişine seredildi ”.



Çäreni Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagat ministrliginiň maglumat merkezi USAID/Hope taslamasy bilen bilelikde guraldy.



Bu waka barada maglumatda döwlet portaly jurnalistlaryň ahlygynyň harkara ýorelgelerini beýan etdi, olaryň wezipesi “adamlara doly we dogry maglumatlary hakykaty görkezmegi üsti bilen kepillendirmek”



Bular ýaly jurnalistler üçin türgenleşdirme wakasy Aşgabat üçin seýrek, we ýerli jurnalistlar jemgyýeti tarapyndan uly tama bilen garş alyndy, olar öz hünär derejelerini ýokarlandyrmakda ýiti zerurlyk çekýarler.



Ýerli jurnalistleriň biri “bular ýaly maslahatlar ýygydan geçirilsedi gaty gowy bolardy bize (jurnalislaryň) ussatlygy barada maglumat ýetenok”- diýip ol aýtdy.



Türkmenistandaky media-bilermenleriň bahalandyrşy boýunça, ýerli habarçylaryň pes hbnär derejeleri bar, sebäbi sonky 17 ýylyň içinde türkmen uniwersitetlerde jurnalistlary taýýarlamadylar, KHBS işleýanler bolsa bilimini Sowet birleşmesi bolan döwürde alanlar we ol döwürde jurnalistikan esasy wezipesi propaganda.



Häzirki gözegçiligiň we çäklendirmeleriň netijesinde daşary ýurtlara owredilýan türgenleşdirilmelere türkmen jurnalistlaryna gatnaşmak agyr, sebäbi sonunda daşary yurt guramalar bilen hyzmatdaşlyk üçin olar yzarlanyp bilinerler.



Başga gürründeşler türkmen jurnalistlaryna diňe türgenleşdirmeler bilen kömek edip bolmaz diýip pikir edýarler..



Häzirki wagtda Türkmenistanda garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýok, ähli makalalara berk gözegçilik bar, tele-radiogepleşikler üçin mowzuklar, gazetlarda makalalar jurnalistlaryň tarapyndan diňe ýolbaşçylar bilen ylalaşylyp taýýarlanýarlar.

“Jurnalistda köp pikir bolup biler, ýone olary kim amala aşyrmaga ýol berer?-diýip aşgabatdaky media-synçy aýdýar. Mydama journalist ýa-da materially düşüren-operatorlar, režiserlar erkinligi ýa-da hakykaty görkezenligi üçin ejir çeker diýen howpy bar”



Teswirleýji aradaky bolan wakany ýatlaýar, haçanda döwlet telewideniýasy boýunça ýurdyň günbatar tarapynda Esenguly etrap merkezinde täze açylan hassahanasyndan reportažda şpriz bilen gaýnap duran gazan görkezildi.



“Bu kadrlaryň görkezilmegi bilen hemme kişide uly şowsuzlyklar boldy, emma otak (Esenguly) täze bir gezeklik şprislar berildi diýip ol aýdýar.”



Inä hakykadyň täsirihakynda subutnama diýip döwlet gazedynyň jurnalisti gürründeşlige goşulýär, ol habarçylaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak olara hakyky bolup duran wakalar barada azat ýazmak bermezden mümkin däl diýip pikir edýar.



“Munsyz halkara adatlary we ahlak kadalary öwrenmek name gerek? Diýip ol soraýar.-Iň son ähli meseleler kadryň daşynda galar.”



“Serhetsiz habarçylar” Halkara jurnalistlaryň guramasynyň bahalandyryşyna görä Türkmenistan metbugatyň azatlygy boýunça iň pes ýerlerde, Halkara metbugat institutynyň pikirine görä (International Press Institute) jurnalistlere güýçli basyş edýar yurt hökmünde galýar.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWPR-nyň taslamasy. Taslama 2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)

Turkmenistan
Support our journalists