Türkmenistan : işgärler ýetmezçiligi özgörtmeleri saklaýar.

Türkmenistan : işgärler ýetmezçiligi özgörtmeleri saklaýar.

Thursday, 26 February, 2009
NBCA-nyň synçylary ýokary derejedäki ýolbaşçylaryň erleriniň çalşygy gowy netije berenok, dolandyryjy derejeli işgärleriň taýýarlygy pes derejede galýär,hökümete döwlet gullukçylarynyň bilim taýýarlyklaryny ylgamlaýyn usul ulanman mümkin däl diýip belleýarler.



16 –njy ýanwarda Ministrler kabinetynyň ýygnagynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryny degişli pudaklaryny dolandyrmakda derejeleriniň “ýeterlikli däl ” we “aňyk” hakyky özgertmeleri düşünmiýändikleri üçin tankyt etdi.



Türkmenistan.gov.tm döwlet Internet-saýty Berdimuhamedowyň pikiri boýunça hökümetiň hereketiniň esasy ýetmezçilikleri, önünde goýlan maksatlaryň we netijeleriň arasyndaky “araüzüşik”, ministrlaryň we häkimleriň bazar ykdysadyýetiniň bilmeýandikleri, hem-de önümçiligiň häzirki zaman dolandyryş usullarynyň olarda ýokdygy diýip beýan etdi.



Netijede türkmen hökümetiniň üçden bir böleginiň işden boşadylmagy, öz orynlaryny ýitiren ministrlaryň arasynda nefit we gaz konsernlaryň, pagta we haly senagatynyň, gämiçilik, täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary şeýle hem etrap häkimler we Lebap welaýat häkimi.



NBCA-nyň Türkmenistandaky çeşmeleri köp ýolbaşçylaryň 2007-nji ýylda hökümet tarapyndan kabul edilen obalary we şäherleri abadanlaşdyrmak we ýaşaýşyn derejesini ewropa standartlaryna ýetirmek babatda gin maksatnamanyň ýerine ýetirmedikleri üçin jogap berdiler diýip gürrün berdiler.



Bu maksatnamany amala aşyrmak üçin hökümet 2 milliard ABŞ-nyň dollaryny gönükdürmek kararyna gelindi emma maksatnamanyň birinji tapgyry doly ýykyldy.



NBCA media-synçysy “2008-nji ýylda gara ýollaryň gurluşygyna, ilatly nokatlaryň abadançylygyna, infrastrykturany geçirmek üçin goýberilen pullary köp bölegi özleşdirilmän galdy, we meýilleşdirilen gurluşyk wezipeleriň 75% ýerine ýetirilmedi” diýip düşündirýär.



Potratçy guramalaryň ýerine ýetirilýän wezipeleriň strategiýasyna düşünýän ýokary derejeli dolandyryş işgärleriniň ýokdygy sebäpli emele geldi.



2007-nji ýylda prezident Berdimuhamedow hökümete gelenden soňra özgertmeler ugry hakynda beýan уевш we ozalky ýurdy 21 ýyl dolandyran Nyýazowdan galan käbir endikleri aradan aýyrmaga synanşdy, emma dolandyryş usuly we işgärler syýasaty entäk üýtgemedi.



NBCA-nyň bilermenleri Berdimuhamedow özünden onki ýaly ministrlary we häkimleri öz ýakyn töweriginden 6 aý synag möhleti bilen belleýär, soňra bolsa olary berk tankyt edip işden boşadýär – diýip ünslerini çekýärler.



“Şu wagtdaky türkmen ýolbaşçylaryň aglabasy öz wezipelerine ýa para berip ýa-da birini arka tutunyp geldiler,” - diýip Türkmenistandaky NBCA-nyň media-synçylarynyň birisi belleýär.



Bu hakykat ýolbaşçylaryň hereketsizliginiň görkezijisidir.



Teswirleýjiler Berdimuhamedow tarapyndan tankyt edilen ministrler hakykatdan hem döwüriň yzyndan etişip bilenok, dolandyrmagyň täze usullaryny hem bilenoklar, bu olaryň hünär dereje taýýarlygynyň pesdigi bilen bagly diýip ünslerini çekýärler.



Daşoguzly synçy häzirki döwürdäki türkmen ýolbaşçylar bilimlerini ýerli ýokary okuw jaýlarynda alandygyny, olarda okuw maksatnamalar soky 20 ýyl täzelenmändigini, parahorlugyň derejesiniň ýokarydygyny , taliplar bolsa diňe diplom almak üçin okaýandyklaryny belleýär.



“Olary okadan mugallumlara talibyň nähili okaýandygy wajyp bolman, ekzamen döwri kanagatlanarly baha üçin beriljek para gyzyklandyrýärdi”, - diýip synçy belleýar.



Synçylar hökümet ýolbaşçy işgärleri taýýarlaýyş ylgamyny düýbinden üýtgetmeli we şonda özgertmeleriň arzuw edilýän netijelerine barmaga kömek bolar diýip pikir edýärler.



Birinjiden ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin testlaryň täze usullaryny we täze ekzamen tehnologiýalaryny ulanmak zerur , ikinjiden daşary ýurtlarda okan ýaş türkmenistanlylara hünär derejede ösmäge mümkin çilik döretmeli,üçünjiden hünär kämilleýiş institutlary dikeltmeli.



Aşgabatdaky synçy paýtagtdaky häkimlikleriň birinde ýakyn arada geçirilen işgärleriň hünär derejesini öwrenilende dolandyrýän derejeli işgärleriň 80 % degişli käriniň ýokdygynyň ýüze çykarylandygyny gürrün berdi.



“Hökümet häzirki ýolbaşçylaryň hilli bilim almaga mümkin çiligiň hiç ýerde bolmadygyny, olaryň Ruhnamada ulanandygyny (ozalky Nyýazow tarapyndan ýazylan kitap) hiç zat bilmeýandigini we oňarmaýandygyny nazara almaly,” – diýip synçy tamamlaýär.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)





Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists