Türkmenistan : Häkimiýetler maldarçylygyň ösmegi bilen aladalanýar

Türkmenistan : Häkimiýetler maldarçylygyň ösmegi bilen aladalanýar

Wednesday, 28 January, 2009
NBCA-nyň synçylary hökümet et önümçiligi ösdürmegi meýilleşdirýär, emma bu mümkin çilik takyk statistika hasaplamalar bilen esaslandyrylmaly we pudagyň ösmegi üçin şertler döredilmeli diýip belleýärler.



15 ýanwarda ministrler Kabinetynyň ginişleýin maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maldarçylygyň ösdürilmeginiň zerurdygy hakynda aýdyp, maldarlara “azyk bolçylygy” üpjün etmek üçin etiň önümçiligini şu ýylda artdyrmagy tabşyrdy.



Häzirki wagtda iýmek üçin zerur bolan etiň we guşyn möçberiniň ýarysyndan köpüsi ABŞ,Eýran Russiýa we Gazagystandan getirilýär, hem-de hökümet daşyndan getirilmegini azaltmagy isleýarler, sebäbi olar oba öndürijilerde öz bazarlaryny et bilen üpjün etmek üçin ähli şertleri bar diýip hasap edýärler.



Emma NBCA-nyň synçylary bu maksada diňe birnäçe şertleriň bolan ýagdaýynda etip bolar diýip çak edýärler.



Ýurdyn demirgazygyndaky Daşoguz welaýatyndan ykdysadçy her howludaky mallaryň oba hojalyk ýazgysynyň tiz geçirilmeginiň zerurlygyny görkezýär, sebäbi häzirki wagta çenli daýhanlarda ownuk we iri şahly mallaryň sany takyk belli däl.



2006-njy ýyla çenli ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe ozalky sowet kolhozlarda saklanan mallaryň 90% kärendä geçmek bahanasy bilen maldarlara geçirildi.



Ýurtda iri we ownuk şahly mallaryň hasaba alyş ylgamynyň ýoklygyny hem-de sanyň artdyryp ýazmak usulunyň adaty edip ulanynýändygy, resmi statistikanyň ýapykdygy sebäpli maldarçylygyň hakyky kuwwatyny ýüze çykarmak mümkin däl.



“Ozalky prezidentiň döwründe biz eýýäm ownuk şahly mallaryň sanyny 19,5 milliona «etirdik»,indi bolsa olaryň sany 19.8 milliona etirmeli?”- diýip ykdysadçy ýylgyryp soraýar.



NBCA-nyň synçylary tä maldarçylygyň ösdürilmeginiň ykdysady esaslandyrmasynyň we takyk statistika hasaplamalaryň emele gelýänça uly meýilnamalary goýmak biderek diýip hasap edýärler.



Mysal üçin hökümet maldarlara “2009-njy ýylyň dowamynda etiň önümçiligini ýurtda 9% artdyrmagy, ýagny 563 mün 400 tonna etirmegi tabşyrdylar”.



Emma Aşgabatdaky ykdysady bilermen ýatladýär, ýagny geçen ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň 6 aýyň içinde durmuş-ykdysady ösüşine bagyşlanan ministrlar kabinetynyň maslahatynda 180 mün tonn et öndürildi diýip yglan edildi. Eger bu sanlara ynansan onda amatly ýagdaýga ýylda 360 mün tonna et öndürip bilinerdi.



Onda hökümet önümçiligi ösdürmek meýilnamasyny dokuz göterim dälde ýarym esse goýýar diýip bilermen goşýar.



“Etiň sany barada resmi çykyşlar we beýanlar hökümetiň özüniň öz görkezijilerinde bulaşandyklaryny görkezýär,” – diýip ol aýdýar.



Ýurdyň gündogaryndaky lebap welaýatyndan media-synçy maldarlar döwletden karzlaryň berilmegi, we et öndürmek boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny tehnika satyn alynmagy kömek eder diýip garaşýarlar diýip ünsüni gonukdirýar.



“(Diňe) şol ýagdaýda ýurdyň maldarçylyk pudagynyň ösmegine ägirt mümkin çilikler bolar, ” - diýip synçy aýdýär.



Emma “Türkmenmallary” paýdarlar assosiasiýasynyň ýolbaşçysy ýurtda et önümçiligini artdyrmak üçin ähli şertler döredildi diýip ynandyrýar.



Ol türkmen maldarlaryň köp ýyllyk tejribeleriniň barlygyna, mal saklamak üçin salgytlaryň ýokdygyna, 375 mün inedördül metr tebigy mal bakmak üçin ýerleriň bardygyny, hem-de nebit we gaza baý bolan döwletiň täze häzirki zaman maldarçylyk we gyşçylyk toplumlary salmak üçin maliýe mümkin çilikleriň kändigini nygtaýar.



“Diňe akyl bilen muny ulanmak gerek,” - diýip ýolbaşçy jemleýär.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)
Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists