Türkmenistan: Häkimiýetiň ýerli bölümlerine saýlawa taýýarlyk başlady.
Türkmenistan: Häkimiýetiň ýerli bölümlerine saýlawa taýýarlyk başlady.
Türkmen konstitusiýasyna laýyklykda Geňeş etrap derejeli şäherlerde ýa-da birnäçe obalaryň we şäherçeleriň birleşen çäklerinde döredilýar.
2008-nji ýylda kabul edilen“Geňeş saýlawlary hakyndaky” kanunyň rejelenen görnüşi dalaşgärlere ozalky ýaly 3 ýyl dälde baş ýyla göni we ýapyk ses berme esasynda saýlanmaga hukuk berdi.
Bu häkimiýetiň ýerlerde jogapkärçligini artdyrmak maksady bilen edildi.
Mundan daşary president Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiri boýunça oba deputatlara özbaşdaklygy artdyrmak we olaryň wajyp kanunlaryň taslamalaryny başlangyç bermäge we olaryň öz çäkleriniň durmuş-ykdysady ösüşine degişli meselelerde göni Mejlise goýmaga hukuk bermeli.
Häzir Geňeşlen ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişli: ýerli býujetleri tassyklamak, ýerli salgytlary goýmak, suw-ýer we edara-çäk meseleleri çözmek.