Türkmenistan Garaşsyzlygyň 18 ýyllygyny dabaraly belleýär

Türkmenistan Garaşsyzlygyň 18 ýyllygyny dabaraly belleýär

Wednesday, 4 November, 2009
Türkmenistanyň Sowet Soýuzyndan bölünip aýrylmagynyň senesi atlardan başlap tanklara çenli ähli zady özünde jemleýän parad bilen bellendi.



27-nji oktýabr bu Merkezi Aziýa respublikasynyň harby güýjini görkezmek üçin ýörite taýýarlanan ýaly bolup göründi, hem-de sesden tiz samolýotlar ýokardan uçyp geçdiler we bronlanan harby transportlar bir nyzamda ýurduň baş serkerdebaşysy Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň seredip duran ýeri bolan, Aşgabatdaky merkezi meýdançanyň tribunasynyň öňünden geçdiler.



Şeýle-de öz Prezidentiniň öňünden türkmen milli tohumy bolan, gyzyl çaýylan nally ahal-teke atly geçen çapyksuwarlar öz başarnyklaryny görkezdiler.



Berdimuhammedowyň özi hem paradda gigant ölçegli portret görnüşinde görkezilip, ol geçip barýan wagty aýdym aýdyp tans eden, milli egin-eşikli çagalar tarapyndan göterildi.



Berdimuhammedowdan öňki, aradan çykan Saparmyrat Nyýazowyň şahs kulty bilen belli bolan ýurtda, bu parad ýokarda duran täze adama bagyşlanan aýdymlary saýlap görkezmek üçin ulanyldy.



Tomaşyçylaryň topary bu dabaraly çäreden gürrüňsiz lezzet aldylar.



Köpçüligiň öňünde duran bir adam Berdimuhammedowyň gigant şekilini makullamak bilen, Turkmenistanyn häzirki wagtda resmi taýdan ugur alýan “Täze Galkynyş Zamanasynyň” konsepsiýasyny şu lideriň girizendigini aýtdy.



Ýaşyrak tomaşaçyny bu tomaşanyň beýleki taraplary täsin galdyrdy.



“Men hemme zatdan beter harby institutyň gyzlar fakultetiniň wekilleriniň giýen ak ädiklerine täsin galdym” diýip ol aýtdy. “Olaryň öňünde gylyçly aýal maşgala-da bardy … gylyçly aýal, bu bir täze zat.”



Bir gapdalda duran žurnalist ünssizräk garaýyş bilen parada seredip, “Üýtgeşik zat däl, bu hemişe-de şunuň ýalydy. Täze zat ýok” diýdi.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists