Türkmenistan Ewropa bileleşigi bilen energetika soraglary maslahatlaşar

Türkmenistan Ewropa bileleşigi bilen energetika soraglary maslahatlaşar

Tuesday, 19 May, 2009
2009-njy ýylyň 3-4 iýunynda Brýuselde “Ewropa bileleşigi we Türkmenistan” samiti geçer onda türkmen ýolbaşçylaryň topary daşary yurt işler ministry Raşid Meredowyň baştutanlygynda gatnaşar.



Duşuşykda türkmen gazynyň ugurlarynyň diwersifikasiýasy barada meseleler maslahatlaşylar we Aşgabadyň Nabuссo truba geçirijini gurmaga gatnaşmagy, ony Ewropa ýylda 1,1 trillion kubametr gök ýangyjy ibermek üçin Kaspiý denziniň düýbinden geçirmek göz öňüne tutylýar.



Türkmenistan bu truba geçirijiniň esasy energetika bazasy hökmünde seredilýar we Ewropa bileleşigi Aşgabatdan Turkiýanyň üstünden Günorta hem-de Merkezi Ewropa gitjek Nabuko gaz trubalary amala aşyrmakda garşylaklaýyň ädimlerine garaşýar.



President Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe gezek energetika ugurlaryň diwersifikasiýasyny amala aşyrmak we Ewropa alyjylaragaz satmaga taýýardygy barada çykyşlaryna garamazdan rus Gazpromynyň trubalary bilen türkmen uglewodorod serişdeleri daşalmagy bilen çäklenme bu pikiri doly ýerine ýetirmegä agyrlyk döredýär.



Ewropanyň howsalalygy 8 maýda Pragada EB tarapyndan gurnalan “Gündogar hyzmatdaşlygy” samitinde Türkmenistan Özbegistan we Gazagystan bilen Merkezi Aziýadan we Ýakyn Gündogardan Ewropa energogöterijileriň howpsyz üpjünçiligi hakynda jarnamany gol çekmeden ýüz döndürenden soňra beterledi.



Jarnama resminamany gol çeken ýurtlar 2009-nji ýylyň iýunyň ahyryna çenli “Nabuko” gaz geçiriji boýunça ylalaşyga awtomatiki girerler we kaspiýüsti ugurlary energogöterijileri daşamakda goldamaga borçly bolarlar diýip aýdylan.





Frontline Updates
Support local journalists