Türkmenistan daşary yurt uniwersitetlerinde okaýan talyplary saklaýar
Türkmenistan daşary yurt uniwersitetlerinde okaýan talyplary saklaýar
Daşary ýurtda bilim almak ýolunda köp kynçylyklar döredýän täze düzgünler astynda studentleriň ýurtdan çykarylman saklanandygy, syýahata ýol bermeýän “gara spisoklara” goşulandygy barada köpsanly yagdaýlar NBCA habar berildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň 2007-nji ýylyň başynda öz innaugurasiýasy döwründe studentlere daşary ýurtlara gidip okamaga goldaw beriljekdigini aýdypdy, häzirki hereketler onuň bu syýasatyndan doly tersine gidilýändigini görkezýär. Onuň şol döwürdäki aýdanlary, özünden öňki Saparmyrat Nyýazowyň iň erbet syýasatlaryny düzetmegiň ugruna çykandygynyň alamaty hökmünde, gaty ýakymly kabul edilipdi. Türkmenistanyň ýagdaýynda köplenç Russiýa ya-da öňki Sowet respublikalarynyň birisi bolan daşary ýurtlarda talyplaryň okamagyny saklamak üçin, Nyýazow elinden gelenini edipdi.
Täze barlaglar baradaky habarlar geçen aýyň soňunda, haçan-da studentlerden daşary ýurtda okamak üçin ýörite rugsatnamalary talap edýän täze görkezmeler 20-nji iýulda güýje gireninden soň ýüze çykyp başlady.
Hökümetdäki çeşmäniň aýtmagyna görä düzgünler uzyn býurokratiki prosesi döreder, ýagny bilim ministrligine daşary ýurt uniwersitetinden çakylyk, onuň döwlet okuw jaýydygyny tassyklaýan lisenziýasynyň kopiýasy, studentiň okuw şertnamasy we pasporty ýaly birnäçe dokumentleri gitirmek gerek bolar. Ähli dokumentler tabşyrylandan soň, student çykmaga rugsat almak üçin Migrasiýa Gullugynyň garamagyna ugradylýar.
Täze düzgünlerden habarsyz, Aşgabat aeroportynyň pasport barlagyna we ýer üstünden Özbegistan bilen araçäge gelen studentlere olaryň çykmaga rugsat almazdan yzyna gidip bilmejekdikleri aýdylypdyr. Olaryň köpüsi daşary ýurtdaky okuwlaryny dowam etmeli bolup, öýlerine diňe tomus wagty üçin gelipdirler.
“Studentler üýtgeşmelerden habarsyzdylar, hem-de gitmäge ýol berilmedikler özleriniň samolýot biletlerini ýitirdiler” diýip ýerli metbugat synçysy aýtdy.
Gazagystanda hususy eýeçilikdäki uniwersitetleriň birinde okaýan ýaş ýigide serhet gözegçileri onuň indi syýahat edýänleriň gara spisogyna goşulandygyny aýdypdyrlar. Düžgünler hususy institutlarda okaýanlar üçin hiç-hili düşnükli şertleri görkezmeýär.
Oňa indi syýahat etmäge hiç wagt ýol berilmejekdigi aýdylypdyr.
Käbir studentler çykmaga rugsatnama almak üçin dokumentlerini tabşyryp, hiç zat gazanyp bilmediler.
Bir ýaş ýigit paýtagt Aşgabada dokument almak üçin ýörite gelendigini, ýöne berilmän yzyna gaýtarylandygyny aýtdy. Bilim ministrligindäki işgärler ony “patriot däl” diýip aýyplapdyrlar.
“Işgär maňa sögüp başlady we meni tas Türkmenistana dönüklik etmekde günäkärläpdi” diýip ol gürrüň berdi. “Ol maňa Türkmenistandaky okuw jaýyna girmäge hatda synanyşmandygymy hem aýtdy”.
NBCA-nyň synçylary daşary ýurda syýahatyň gysylmagyna birnäçe düşündirişleri hödürleýärler.
Olaryň käbirleriniň ynanmagyna görä, häkimiýetler ýurduň daşyndaky liberal bilim gymmatlyklarynyň we standartlarynyň döwletiň häzirki gurluşyna howp salmagyny islänoklar.
“Häkimiýediň biziň ýaşlarymyzyň nähili tankydy pikir etmelidigini, hem-de zatrlary nähili deňeşdirmeli we analiz etmelidigini öwrenýändigine gahary gelýär. Bu olara Türkmenistana we bu ýerdäki syýasatlara başgaça seretmäge ýol açýar” diýip Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Mary şäheriniň ýaşaýjysy aýtdy.
Bu aýal maşgalanyň gyzy gyrgyz paýtagty Bişkekde ýerleşen Merkezi Aziýadaky Amerikan Uniwersitetinde indi binäçe ýyl bäri okaýan eken. Haçanda ol tomus kanikulyna gelende, ol öz okuwy barada köpüräk bilmek isleyän howpsyzlyk gulluklarynyň işgärleri tarapyndan sorag edilipdir. Bu uniwersitetde häzirki döwürde Türkmenistandan 200-e golaý student, Birleşen Ştatlaryň hökümedi we başga donorlar tarapyndan berlen stipendiýalar esasynda okaýar.
Ýerli synçynyň aýtmagyna görä häkimiýediň bu talaplary ornaşdyrmagynyň sebäbi Türkmenistanyň özündäki ýokary okuw jaýlaryna dokument tabşyrýan abuturentleriň sanynyň azlygyndadyr.
Ýakyndaky ministrler kabinetiniň ýygnagynda Prezident Berdimuhammedow talyplaryň daşary ýurtlarda okamagy makul bilýändikleri üçin ministrleri günäkärledi. Onuň kommentariýalarynyň çinownikleri köpçülikleýin gitmäniň öňüni, öz bilýän ýeke-täk ýollary bolan, repressiw düzgünler bilen almaga howlukdyran bolmagy mümkin.
“14 ýaşyndan uly ýaşlaryň ýurtdan çykmagyna ýol bermezlik, hem-de olaryň daşary ýurtda okamak isleginiň sebäplerini barlamak üçin görkezmeler bar” diýip synçy belledi.
NBCA-nyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, şu ýylyň ýazynda Bilim ministrligi ýaşlaryň arasynda pikir soralyşyk geçiripdir we onuň netijesi olaryň her dördüsinden diňe birisiniň Türkmenistanda ýokary bilim almagy planlaşdyrýandygyny görkezipdir.
Garaşsyz çaklamalara görä Türkmenistandan 12 000-den gowrak student daşary ýurtlardaky okuw jaýlarynda okaýar – olaryň esasy bölegi Russiýada, Türkiýede, Gazagystanda we Gyrgyzystanda. Okuwyny tamamlandan soň köpler öz saýlawy üçin ejir çekmeli bolar diýen gorky sebäpli yzyna dolanyp gelenoklar we daşary ýurtlarda iş gözläp başlaýarlar.
(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)