Türkmenistan: Amerikan awia-bazasy barada ylalaşyk “maslahatlaşylanok”
Türkmenistan: Amerikan awia-bazasy barada ylalaşyk “maslahatlaşylanok”
Owganystanda hereket edýän halkara ýaragly güýçler köpden bäri ýurda demirgazykdan ýer we howa ýollaryny üpjün etmek isleýärler, hem-de fewral aýynda türkmen häkimiýetleri harby däl ýükleriň ýurdyň içinden owgan serhedine çenli geçirilmegine ýol berjikdiklerini aýan etdiler.
Marydaky aerodrom toplumyny göz öňünde tutýan ylalaşygyň karta goýulýandygy baradaky habarlar iýul aýynyň başlarynda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň syýasy işler baradaky orunbasary Uilýam Börnsiň ýolbaşçylygyndaky döwlet delegasiýasy Aşgabada gelen wagtlary ýüze çykdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow bilen 10-njy iýuldaky duşuşygyndan bir gün soň, Börns habarçylary öz gürrüňdeşliginiň öz içine “biziň Owganystandaky durnuklylyk baradaky umumy aladalarmyzy we biziň ikimiziň ol ýerde progressi goldamak üçin name edip biljekdigimizi” alandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň goranmak departamentiniň sözlerine esaslanyp, Ýewraziýanet (Eurasianet) habarlar saýty amerikan harbylarynyň kiçi toparynyň ABŞ-nyň gumanitar ýükleri Owganystana äkidýän samolýötlaryna paýtagtyň aeroportynda kömek etmek we ýangyç guýmak üçin Aşgabatda ýerleşdirilendigini iýulda habar berdi.
Bu ylalaşyk barada soralanda Börns diňe özüniň Berdimuhammedow bilen gürrüňdeşliginiň Turkmenistanyň öz gündogardaky goňşysyna kömek edýän ugurlaryny öz içine alandygyny aýtdy.
Türkmen hökümedindäki anonym çeşmäniň aýtmagyna görä, amerikan resmi wekilleri we Prezident Berdimuhammedow samolýotlara Aşgabat aeroportynda ýangyç guýmaga mümkinçilik berjek ylalaşyklary maslahatlaşdylar.
Ýöne Maryny ulanmak müminçiligi barada Türkmen hökümet çeşmesi hem şeýle diýdi: “Bu mesele gozgalmady… Bu ugurda entek hiç-hili gürrüňdeşlik bolanok.”
Mary awia-bazasy 60-njy ýyllarda Sowet howa güýçleri üçin guruldy, hem-de täzeleýiş işleri Birleşen Arab Emirlikleriniň gurluşykçylary tarapyndan 2006-njy ýylda tamamlandy.
Turkmenistanyň goranmak ministrligindäki çeşmäniň aýtmagyna görä hökümet entek bazany NATO güýçlerine kärendä bermek barada islendik netijä gelerden uzakda.
“Olar entek munuň, öz gezeginde gahary geljek Moskwa bilen gatnaşyklara etjek zyýanynyň ähli howplaryny bahalandyranoklar” diýip ol aýtdy, hem-de eger-de ylalaşyk gazanylsa hem hökümediň harby emläkleriň bazadan geçmegine ýol bermeginiň mümkinçiliginiň gaty azdygyny goşdy.
Niderlandiýada ýerleşen türkmen emmigrantlarynyň topary bolan Graždan Demokratiki Birleşiginiň başlygy Wýaçeslaw Mamedow, bary-bir başga wakalaryň awia-baza meselesiniň ähmiýetini gaçyrandygyna ynanýar.
6-njy iýulda, Kremldäki metbugat konferensiýasynda, myhmançylykdaky ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama we onuň Rus öý eýesi Dmitri Medwedew amerikan harby transport samolýotlaryna owgan operasiyalaryny goldamak üçin Russiýanyň howa giňişliginden uçmaga rugsat beriljekdigini yglan etdiler.
Harby däl ýükleriň Russiýanyň territoriýasyndan otly bilen geçmegine ýol berýän öňki ylalaşyklardan üýtgeşiklikde, täze ylalaşyk amerikanlara ýaraglary, goşunlary we harby ulaglary transport etmäge rugsat berýär.
Döwlet sekretarynyň orunbasary Börns bu ylalaşyga öz döwletiniň adyndan gol çekdi.
Mamedowyň pikirine görä, uzak aralyga uçýan samolýotlar üçin, öz barmaly ýerinden sähelçe ýüz kilometr tapawudy bolan Türkmenistanda durup geçmäge zerurlyk gaty az bolar.
(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)