Türkmenistan alternatiw energetika barada pikirlenýär

Türkmenistan alternatiw energetika barada pikirlenýär

Türkmenistanyň ummasyz tebigy gaz resurslarynyň bardygyna seretmezden, ýurduň käbir alymlary alternatiw energiýa çeşmeleri barada pikirlenýärler. Ýurduň 90 prosentini çöl tutýar, şol sebäpli gün we şeýle-de ýel energiýasyny hakykatdanda almak mümkin. Ýöne, alymlar köp ýyllardan soň ulanylmaga başlanjak tehnologiýalar üçin häzir inwestisiýa etmelidigini belleýärler. 

30 ýurtdan bolan alternatiw energiýa ekspertleri türkmen paýtagty Aşgabatda 25-nji fewralda bu temada geçirilen konferensiýa gatnaşdylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň gatnaşyjylara ýüzlenmesinde “Biz alternatiw energiýany ... milli energetika toplumyny geljekde-de döwrebaplaşdyrmagyň prioriteti hökmünde görýäris” diýip bellenýär.

Aşgabatdaky “Gün” ylmy-barlag merkeziniň spesialistleriniň aýtmagyna görä, ortaça gün ýagtylygy esasynda, onlarça kilometr kwadrata ýazylan gün batareýalaryndan durýan ýeke-täk elektrik stansiýasy tutuş ýurda gerek elektrik energiýasyny öndürip biler.

Ýöne oňa ýetmek has kynrak bolar, sebäbi Türkmenistan ylmy we senagat taýdan ösüşden köp yza galdy.

Aşgabatdaky Gün institutynyň alymy geçen ýyllarda kadrlaryň başga ýurtlara we işlere geçmegi sebäpli bu ýerde ylmy barlaglary geçirmäge zerur adamlaryň ýokdugyny aýtdy. Institutyň özem diňe bir ýyl mundan öň gaýtadan dikeldildi.

Sowet döwründe bu institut Mowkwadan maliýeleşdirilýärdi we Kaspi deňzinde ýel energiýasyny ulanmak arkaly suw arassalaýyş desgasy, gyşda özüni ýylylyk bilen üpjün edýän Aşgabatdaky gün batareýaly jaýlar, hem-de paýtagtyň eteginde ähli jaýlary we jemgyýetçilik hyzmatlary gün energiýasynda işledilen tutuş bir oba ýaly birnäçe synag proýektlerini amala aşyrýardy.

“Biz indi gün energiýa komplekslerini we bio-ýangyç zawodlaryny planlaşdyryp başladyk” diýip alym aýtdy. “Uzakdaky çöllük we daglyk ýerlerine elektrik liniýalaryny we gaz turbalaryny çekmegiň hiç manysy ýok. Ol ýerlerde özbaşdak gün elektrik stansiýalaryny gurmak ýerlikli bolar. Ýöne, bular geljek üçin planlar.”

Häzir Aşgabatda söwda edýän öňki alym adam post-sowet döwründe köp wagtyň ýitirilendigini, hem-de alternatiw energiýa sistemalaryny ylmy taýdan barlamaga we döretmäge iň azyndan 20 ýyl gerekdigini aýtdy.

“Biziň ylmy taýdan pese gaçyş döwrümizde global ylym öňe süýşdi. Eger hökümet çyndanam bu ugurda bir zat gazanjak bolsa, olaryň esasy maksady işgärleri taýýarlamak we olara öz inisiatiwalaryny ulanmaga ýol bermek bolmaly.”

Gün institutyndaky ýaş alym bolsa has optimistik bolup göründi we “Entek köp iş etmeli, ýöne men bu umytsyz ýagdaý diýen pikir bilen ylalaşamok. Bizde potensial bar, hem-de işlemek isleýän alymlaryňam köpüsi entek 35-40 ýaşlarynda” diýdi.

Ylmy barlagçynyň pikirine görä, daşary ýurt tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem ýerli we daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda käbir proýektleri amala aşyrmak Türkmenistanyň mümkinçiliklerini artdyryp biler. Mysal üçin, alternatiw energiýa konferensiýasyna gatnaşan daşary ýurt ekspertleri çöllük territoriýada gün batareýaly kompressor stansiýasyny döretmek barada, hem-de Garagum çölüniň çägesini gün energiýasyny toplamaga niýetlenen kremniý ýagtylyk elemenlerini taýýarlamak üçin gaýtadan işlemek barada synag proýektlerni teklip etdiler.

“Prezident Berdimuhammedowyň özi alym adam, şonuň üçin ol ylma şu gün zerur inwestisiýanyň diňe 15-20 ýyldan özüni ödejekdigine hökman düşünýän bolmaly. Men bu işlerden geljekde peýdanyň boljakdygyna ynaýaryn.”

(Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.)

Frontline Updates
Support local journalists