Türkmenistan adam hukuklary aktiwisterini ÝHHG çäresine gatnaşmakdan saklamaga çalyşýar

Türkmenistan adam hukuklary aktiwisterini ÝHHG çäresine gatnaşmakdan saklamaga çalyşýar

Türkmenistanyň resmi wekilleri ýakynda Warşawada geçen Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHHG) çaresine adam hukuklary aktiwistleriniň gatnaşmagynyň öňüni almaga çalyşdylar.

30-njy sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçen ÝHHG-nyň işiniň “adam ölçegleri” bölegi boýunça gözden geçiriş konferensiýasy döwletler bilen döwlete degişli däl guramalaryň arasynda kanunyň güýji hem-de syýasy we graždan hukuklary ýaly meseleler boýunça dialogy üpjün etmek maksady bilen geçirilýär. Ol ýerde döwlete degişli bolmadyk guramalara hökümediň pikirinden tapawutlanýan “alternatiw hasabatlary” tabşyrmaga ýol berilýär.

Emma, daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň bu çäre üçin hasaba alynmagyna ýol berilmedi.

“Men adam hukuklaryna degişli häzirki situasiýa boýunça umumy hasabat taýýarlapdym, ýöne gynansagam maňa çykyş etmäge mümkinçilik berilmedi” diýip Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin aýtdy.

Tuhbatullin özüniň alternatiw hasabatyny halkara adam hukuklary toparlarynyň üsti bilen ýaýratmakçydygyny mälim etdi.

Awstriýada ýaşaýan we ýurduň daşyndaky respublikan partiýa ýolbaşçylyk edýän Nurmuhammed Hanamowa aýtmaklaryna görä, türkmen hökümediniň garşy çykmagy sebäpli onuň çärä gatnaşmagy gadagan edilipdir. Edil şeýle ýagdaý Bolgariýada ýerleşen türkmen Helsinki fondunyň wekili Annadurdy Hajyýew bilen hem bolup geçipdir, emma oňa ahyrsoňy çärä gatnaşmak we bu Merkezi Aziýa döwleti tarapyndan žurnalistlere garşy ulanylýan berk çäklendirmeler barada çykyç etmek başardypdyr.

Tärkmen hökümedi barybir adam ölçegleri boýunça gözden geçiriş konferensiýasyna gatnaşmakdan ýüz döndürdi. Hökümet diňe 2005-nji ýylda bu konferensiýalaryň diňe birisine gatnaşyp, geçen iki onýyllygyň dowamynda bu çäreniň galan hiç-birine gatnaşmady. Munuň tersine, türkmen adam hukuklaryny goraýjylar bolsa mundan öňki şeýle çärelere gatnaşyp we olarda çykyş edip bilýärdiler. Olaryň aýtmagyna görä bu çäreler olaryň türkmen hökümedine bolan garaýyşlaryny özbaşdak aýtmagyna ýol berýän az sanly forumlaryň biridi.

“Bizde häkimiýetler bilen başga dialog ýok we biz hakimiýetlere tarap islendik bar bolan ýoly ulanmaga mejbur bolýarys” diýip Tuhbatullin aýtdy. “Ýewropa Parlamenti, Ýewropa Birleşigi, ÝHHG we delegatlar [Warşawadaky ýaly çärä gatnaşýanlar] tarapyndan edilen beýannamalar häkimiýetlere ýetip biler.”

2010-njy ýyl üçin gözden geçiriş konferensiýasy üç aýyň dowamynda Warşawada (Polşa) we häzirki ÝHHG ýolbaşçylyk edýän ýurt bolan Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriler. Munuň Astanadaky bölegi 25-28-nji noýabrda geçiriler.

18-22-nji oktýabrda geçen Wenadaky çärede Hanamowa we Tuhbatulline ýenede guramaçylar tarapyndan hasaba alynmaga we çärä gatnaşmaga ýol berilmedi. Ýöne Ýewropa Birleşiginiň, Birleşen Ştatlaryň we Kanadanyň delegatlary garşy çykanyndan soň olaryň ikisinede çäräniň ikinji gününe girmäge rugsat berildi.

Muňa jogap hökmünde, bu sessiýa gatnaşýan Türkmenistanyň delegasiýasy ilçi Esen Aýdogdyýewyň ýolbaşçylygynda çäreden çykyp gidipdir.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists