Türkmen žurnalist baýraklary häkimiýete wepalylyk üçin berilýär

Türkmen žurnalist baýraklary häkimiýete wepalylyk üçin berilýär

Türkmenistanda žurnalizm boýunça baýraklaryň berilmegi käbir düşnüksizligi emele getirdi, sebäbi baýrak berlen dokuz adamyň diňe dördüsi metbugatda işleýär.

Haçan-da prezident Gurbanguly Berdimuhammedow "At gazanan žurnalist" ady berilmeli adamlaryň sanyny 11-nji oktýabrda aýan edeninde, olaryň dördüsiniň döwlet telekanallarynyň, gazetleriniň we žurnallarynyň direktorlarydygy belli boldy.

Beýleki bäş adamyň içinde bolsa ykdysadyýet boýunça we suw-hojalyk gurluşygy boýunça ylmy işgärler, hem-de medisina merkeziniň başlygy bar.

Bu baýraklar olaryň "Täze galkynyşlar zamanynda milli žurnalistikany ösdürmäge goşan görnükli goşantlary” üçi berlipdir. “Galkynyşlar zamanasy” Berdimuhammedow 2007-nji ýylda döwlet başyna geçininden bärki döwri göz öňünde tutýar.

Kommentatorlar baýragyň ýeňijilerini saýlamakda haýsy kriteriýalaryň ulanylandygyny bilmeýändiklerini aýdýarlar. "Biziň bar bilýän zadymyz bu ýerde saýlamak üçin ýörite komissiýanyň ýokdugy" diýip paýtagt Aşgabatdaky metbugat synçysy aýtdy.

Demirgazyk Türkmenistandaky Daşoguzdan bolan analitik bu baýraklaryň başarnyk üçin däl-de köpüräk režime wepalylyk üçin berilýäne meňzeýändigini aýtdy. Baýraga mynasyp bolanlar belki-de habar beriş serişdelerinde göze ilendirler, ýöne olaryň žurnalizme goşan bir görnükli goşandy ýok.

Başgalar bolsa Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri üçin işleýän žurnalistleriň köpüsiniň barybir öwgä mynasyp däldigini aýdýarlar.

"Biz nädip özümizi görkezmeli?” diýip Neýtralny Turkmenistan gazetiniň žurnalisti geňirgendi. “Biziň gazetimizde hiç-hili original mazmunly zat ýok. Biziň bar edýän işimiz döwlet habarlar gullugynyň habarlaryny çap etmek."

Welaýat gazetleriniň birinde işleýän habarçy Türkmenistanda hakyky žurnalistçiligiň ýokdugyny we baýraklaryň döredijilik üçin däl-de "ýaranjaňlyk" üçin berilýändigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä bu sredada žurnalizm baýraklary "bäsdeşligi artdyrýar, ýöne döredijilik işini etmek bäsdeşligini däl-de prezidenti öwmekde öňde bolmak we eden işiňi özünden ýokarkylaryň görmegini gazanmak bäsdeşligini artdyrýar”.

Başga bir habarçy bu baýraklaryň onuň özi ýaly adamlara degişli däldigi üçin nägilelik bildirdi.

"Men 40 ýyldan bäri işläp gelýän welin, maňa hiç wagt baýrak hödürlemediler. Bu prezident döwründe-de, öňkide-de. Eger men hiç zada degmeýän bolsam, näme üçin meni entegem işimde saklaýarlar?" diýip ol sorady.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists