Türkmen ykdysadyýeti kadr zerurlygynyň takyk hasaplamasyna mätäçlik çekýär.

Türkmen ykdysadyýeti kadr zerurlygynyň takyk hasaplamasyna mätäçlik çekýär.

Thursday, 26 February, 2009
Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda hünärli işgärleriň ýetmezçiligi sebäpli hökümet talyplaryň sanyny artdyryp täze hünärleri okuw mekdeplerinde girizýärler.Emma bilermenler bu ädimleriň pes täsiriniň kadr zerurlygynyň ulgamlaýyň seljermesiniň ýokdygy we kadr taýýarlamagynyň pes derejesiniň bardygy barada aýdýärlar.



Türkmenistanyň ähli okuw jaýlarynda ýinyň 25-ne giriş ekzamenlary ücin resminamalary kabul edişlik başlady.



Iki gün öň ýany hökümediň giňişleýin ýygnagynda bilim ministry Muhammetgeldi Annaamanow inžinerleriň we başga personalyň etmezçiligi barada şol sebäpli hem ýokary we ýörite-orta okuw jaýlarynda sanlaryň artjakgyny habar berdi.



Şu ýylda ýokary okuw jaýlara 4000 talip kabul etmekligi gözegine tutulýär, bu bolsa geçen okuw ýyldan 400 adama kän.



Täze obahojalyk we ykdysady hünärlerden başga uniwersitetlerde italýän, ispan, koreý we hytaý dilleri,halkara gatnaşyklar ugurlary açmak meýilleşdirilýär.



Synçylar bilim babatda täze hökümet pikirleri türkmen jemgyýetinde goldaw bilen garş alyndy. Ozalky baştutan Saparmyrat Nyýazowyň dolandyran döwründe ýurtdan örän köp kärli hünärmenler – mugallymlar, inženerler, uçarmanlar we raýat awiýasiýasynyň tehnikleri, jurnalistler, döredijilik intelegensiýanyň wekilleri ýurtdan göçüp gitdiler diýip belleýärler.



Nyýazowyň dolandyran döwründe köp okuw jaýlar ýapylypdy.



“Häzir olaryň ýerine barmaga adam ýok, nyýzow döwründe hünärmenleriň taýýarlygy in az möçberine getirildi ol hem iki ýyllyk nazary okuwy we iki ýyl praktika, ýöne okuw köplenç Türkmenbaşyň (Nyýazowyň) ýazan kitaplarynyň öwrenmegi bilen çalşyrylýärdy.”- diýip garaşsyz türkmen jurnalistleriň biri belleýär.



Emma häzir zerurlyklaryň kesgitlemeginde strategiki usulyň ýoklygyny NBCA synçylary belleýärler.



Türkmenistandaky media-synçy düşünenok name üçin ýurt orta derejede tehniki işgärlerde,ykdysadyýetçilerde, nebitgaz işlemekde tehnologlar we inženerlere mätäçlik çekýärkä täze diller we edebiýat boýunça çärleriň açylmagyna.



“Mysal üçin trubageçirijileri gurmak boýunça hünärmenler ýetenok, gazge we nebit geçirijileri gurýänlaryň köpüsi raýat gurluşygynyň ýa-da senagat gurluşygynyň inženerleri ýerbet ýagdaýynda inžener-mehanik diplomlary bar” – diýip ol belleýär.



Ykdysadyýet we ösüş ministliginiň sebit müdürliginiň biriniň ykdysadyýtçisi NBCA hökümet dürli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň beren maglumatlarynyň esasynda kadr zerurlygyny kesgitledi diýip düşündirdi.



Emma yzak ýyllap kadr stagnasiýaynda bolan dürli derejedäki ýolbaşçylar “strategiki pikirlenmäni ýatdan çykardylar ” ýol sebäpli hem zerurlyklaryň dogrydäl hasaplanandygy mümkin .



“Ýakyn gelejege kadr düzüminiň çünleşdirilen seljermesiniň netijesine esaslanýän ösüş ýok ”- diýip ykdysadyýetçi boýun alýär.



Başga teswirleýjiler Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryň bilim standartlarynyň we maksatnamalaryň öňki görnüşde galandygy sebäpli geljeki hünärmenleriň taýýarlygynyň pesdigini görkezýärler.



“Öz maksatnamalarynda hökümet täze we köne hünärler boýunça bilimiň hilini nädip galdyrjakdygyny aýmadylar, daşary ýurtlardan ussat mugallymlary çagyrjakmy ýa-da öz kadrlaryna esaslanjakmy hem olaryň taýýarlygynyň häzirki wagtyň talaplaryndan yza galýär,”- diýip Aşgabatdaky NBCA synçysy aýdýär.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)
Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists