Turkmen Sports Teams Yet to Shine

Turkmen Sports Teams Yet to Shine

Туркменские власти не придают значения подготовке спортсменов. (Фото: IWPR)
Туркменские власти не придают значения подготовке спортсменов. (Фото: IWPR)

Haçanda Türkmenistanyň öňdebaryjy futbol komandalarynyň birisi bolan Nebitçi Sankt Peterburgda geçirilýän öňki Sowet döwletlerinden bolan komandalaryň arasyndaky ýaryşa 15-nji ýanwarda goşulanda, ol gowy çykyş eder diýen umyt köpdi. Türkmenistan 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryny kabul eder we Nebitçi ol oýunlaryň futbol böleginde bir zat gazanmak üçin ýurduň iň gowy mümkinçiligi bolup durýar.

Hemmeleri gynandyryp, Nebitçi ilkibaşky oýunlaryň üçüsinde hem ýeňildi we ýaryşdan çykdy.

Türkmenistanyň milli sport we turizm institutynyň mugallymy ýurduň futbolçylarynyň Aziýa oýunlarynyň ilkibaşky raundlaryndan köp ýyldan bäri geçip bilmän gelýändiklerini we Olimpiýa oýunlarynda ýurduň indi köp ýyldan bäri hiç-hili medal utmaýandygyny aýtdy.

Häzirki türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň döwründe sport we bedenterbiýe gaýtadan dikelişi başdan geçirýär. Berdimuhammedowdan öňki Saparmyrat Nyýazow tarapyndan gadagan edilen bedenterbiýe sapaklary 2008-nji ýylda mekdeplere gaýtadan girizildi. Hökümet şeýlede sport mekdeplerini we dürli klublary açdy, hem-de her welaýatda stadionlary gurup başlady. Aşgabatda bolsa Olimpiýa derejsindäki sport desgalarynyň we gyşky sport desgalarynyň gurluşygyna başlanyldy.

Hökümediň sport syýasatyny tankytlaýanlar bolsa has köp ünsüň täze gurluşyklar ýaly göze görünýän zatlary gönükdirilýändigini, mekdeplerde we klublarda türgenleşigiň ýönekeý esaslaryna bolsa üns berilmeýändigini aýdýarlar.

Köp trenerleriň Türkmenistandan gidenligi hem esasy problemalaryň birisi bolup durýar.

“Sportsmenler bilen işläre adam ýok” diýip ýerli sport žurnalisti aýtdy. “Sport institutynyň uçurymlary bolsa mekdeplerde bedenterbiýe mugallymy bolup işläp bilýärler, olar ondan ýokary işi etmäge ukypsyz.”

Köp stadionlar ulanylman ýatyr, hem-de sport ýaryşlarynyň netijeleri köplenç öňünden ylalaşylan.

Günortadaky Türkmenabat şäherinden bolan bedenterbiýe mugallymy hatda ýetginjekleriň ýaryşlarynda hem ýeňijileriň köplenç öňünden belli edilýändigini, kähalatlarda bolsa uly ýaşlylaryň kiçi ýaşly hökmünde netije gazanmak üçin ýaryşa gatnaşdyrylýandygyny aýtdy.

“Hakyky sportyň ösüşiniň öňüni saklaýan zatlary ortadan aýrynçak, biz türkmen sportsmenlerini ýeňijileriň arasynda görmeris” diýip ol aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists