Türkmen polisiýasynyň işgäri neşe söwdasynda tutuldy

Türkmen polisiýasynyň işgäri neşe söwdasynda tutuldy

Turkmenistanda hukuk goraýjy organlaryň işgärleriniň neşe söwdasyna gatnaşmagynyň derňewi köpden bäri aýdylman gelýän meseläni aýan etdi diýip Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylary aýdýarlar. 

Näçe polisiýa işgäriniň tussag edileni we olary günäkärlemegiň esaslary aýan edilmedi. Bar bilinýän zat dürli derejedäki ofiserleriň toparynyň türmä basyljakdygy bolup durýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Türkmenistanyň döwlet howpsyzlyk geňeşiniň 12-nji maýdaky ýygnagynda bu ýagdaýlaryň şol polisiýa işgärleriniň degşli gullugy bolan Içeri Işler Ministrliginde terbiýeçilik işleriniň pesdiginini görkezýändigini aýtdy.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylarynyň aýtmagyna görä prezidentiň köpçüligiň öňünde polisiýanyň neşe söwdasyna göz ýumýanyny boýun almagy Türkmenistanda neşe söwdasynyň çynlakaý derejä çykanyny aňladýar.

Merkezdäki Ahal we demirgazykdaky Daşoguz welaýatlaryndaky synçylar neşe serişdeleriniň has elýeterli bolup barýandygyny aýdýarlar.

Ýurduň dünýäde iş esasy geroin öndüriji Owganystan bilen uzyn serhedi bar.

“Käbir ýerlerde ony (neşäni) edil çigit satan ýaly, aç-açan hem hiç gorkusyz, satyp başladylar” diýip Ahally kommentator aýtdy.

Neşekeşlige garşy ilkinji uly göreşler 2008-nji ýylda, Berdimuhammow öňki prezident Saparmyrat Nyýazowy çalyşandan bir ýyl soň başlandy. Häkimiýetler neşä garşy göreşýän döwlet gullugyny essalandyrdylar we ol guramany beýleki dürli organlaryň narkotiklere garşy işlerini kordinirlemäge bellediler. Narkotiklere garşy göreşi has netijeli alyp barmak üçin köpsanly ştaty bolan, ulagly we wertolýotly, ýörite toparlar her welaýatda esaslandyryldy.

Häkimiýetler neşe söwdasy bilen türmä basylanlaryň amnistiýa düşmejekdigini yglan etdiler, hem-de saklanan narkotiki jisimleri köpçülige görkezip ýakmaga başladylar. 2009-njy ýylyň dowamynda onuň 3 tonnasy ýakyldy.

2008-nji ýylyň sentýabrynda neşe satmaka aýyplanan toparlar bilen polisiýanyň arasynda Aşgabatda bolan çaknyşyklar guramaçylykly jenaýat toparlarynyň basyş astyndadygyny aňlatdy.

Neşekeşlige garşy şowhunly göreş diňe Berdimuhammow döwlet başyna geçen soň başlanam bolsa, Nyýazow döwründe hem käbir ýokary derejedäki günäkärlemeler bolupdy.

Aşgabat prokuraturasynyň işgäri, häzir türmede bolan öňki baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň garyndaşlarynyň, hem-de Içeri Işler Ministrliginiň we Milli Howpsyzlyk gullugynyň ýokary işgärleriniň geroin we beýleki güýçli täsir ediji narkotikleriň aýlawyna gatnaşmagy baradaky derňew işlerini ýatlady.

Aşgabatda habarly çeşmeler birnaçe ýyl mundan öň Mary welaýatyndaky türme gospitalynda işleýän 20 töweregi ofiserleriň we seržantlaryň tussaglara neşe satany üçin türmä basylanyny aýdýarlar.

Beýleki hadysalaryň käbirlerinde Içeri Işler Ministrliginiň serhet zonalaryna seredýän ýörite bölüminiň işgärleriniň we narkotiklere kontrollyk ofiserleriniň özleriniň konfiskasiýa eden geroininiň käbirini satmakda aýyplanyldy.

Ýakyndaky döwlet howpsyzlyk geňeşiniň ýygnagy neşe söwdasynyň gülläp ösýänini aňladýar.

“Hatda ýönekeý uçastok polisiýa işgärleri hem neşe söwdasyna gatnaşýar” diýip polisiýa gulluklaryndaky maglumata esaslanan bir çeşme aýtdy. “Olaryň käbirleri oba ýerlerindäki boş ýerlerde beň we göknar ösdürýan adamlardan para alýarlar we ol ýagdaýlara göz ýumýarlar.”

Edil beýleki ýurtlardaky ýaly, ýerli häkimiýet işgärleri we polisiýa bu girdejilerden baýap bilýärler.

“Bu gaty girdejili biznes” diýip ýerli synçy aýtdy.

Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasy mart aýynyň soňlarynda neşe aýlawyna garşy göreşmek barada ýerli işgärler üçin seminarlaryň birnäçesini geçirdi. ABŞ şeýle-de narkotikleri tapmak üçin barlag enjamlaryny üpjün etdi.

Emma, halkara anti-narkotiki proýektleriniň bölegi hökmünde maliýeleşdirilen berk barlag we beýleki çäreler hemişe bikanun söwdany saklap bilenok.

“Bu tehnikalar we sistemalar türkmen spesialistleri tarapyndan işledilýär, dürli sebäplere görä olarada nebsiniň garşysyna gitmek kyn” diýip ýerli metbugat eksperti aýtdy. “Hatda iň kämil sistema konteýnerde ýa-da bagažda narkotikleri anyklasada, hemişe ylalaşmak we ony belli bir para bilen alyp çykmak mümkin.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Drugs
Frontline Updates
Support local journalists