Türkmen pensiýa shogy

Iliň arasynda pensiýalaryň azaltylmasy barada gep-gürrüňler hakykata dönen soň, Türkmenistandaky pensionerler bundan beýläk gününi görmek ýolyny tapmaly bolarlar. Bu sonky wagtlar jemgyýet çyktaýjyralryny kemeltmek üçin hökümetiň bir topar rehimsiz we düş

Türkmen pensiýa shogy

Iliň arasynda pensiýalaryň azaltylmasy barada gep-gürrüňler hakykata dönen soň, Türkmenistandaky pensionerler bundan beýläk gününi görmek ýolyny tapmaly bolarlar. Bu sonky wagtlar jemgyýet çyktaýjyralryny kemeltmek üçin hökümetiň bir topar rehimsiz we düş

Tuesday, 31 October, 2006
Bu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Turkmenistanyň pensionerleri girdeýjileriniň kemelmesini öz durmuşynda doly duýarlar. Ilki bu habar diňe dilden myş-myş ýaly ýaýrady, çüňki hökümet adamlaryň närazyçylygynyň sanyny azaltmak üçin düşündürüş bermekden gaçýardy. Pensiýa azaltmasy üçin ne buýruk, ne de metbugatda resmi bildiriş yglan edildi. Onuň deregine ýolbaşçylara ýerine ýetirmeli buýrugy diňe dilden berdiler.



Etrap häkimlikleri pensiýalaryň 30 protsent azaldygy barada habary yglan etmek üçin pensionerlerden hökmany suratda häkimlige ýygnaga gelmelerini talap etdiler. Iň pes pensiýa bolan 490 müň manat, pensiýa alan we 1998 ýyla çenli 20 ýyl arakesmesiz iş staji yok adamlar pensiýasyz galdylar.



Bu habar elbetde adamlaryň arasynda närazyçylyk tolkunyny döretdi. Garry adamlar näçe ýyl işläp eden hýzmatlaryna görä alan pensiýalaryndan esassyz mahrum boldylar.



Ýolbaşçylar türkmen däp-dessurlaryna göra ene-atasyny çagalar ekleýar diýip adamlary köşetmäne synanyşdylar, emma tersine garrylary rahatsyzlandyrdylar. Köp adamlaryň çagalary Orsyýete işlemane gidenler, käbirleriňki hem özleri garyp bolansoň kömek etmäne ýagdaýlary ýok.



Daýhanlar ozal pes pensiýa alanlaryň kategoriýasyna girýärdiler, indi hem pensiýasyz galdylar. Emma soraglaryna daýhanlar günüňizi görmek üçin ýer uçastogyňyz bar diýen jogap aldylar.



Häkimlik geçiren ýygnaklaryň käbirlerinde pensionerlerleriň köpüsi bu erbet habary eşiden soň beýhuş boldular, birnäçe garrylaryň ýüreginden tutdy. Aşgabadyň bir hassahanasynda şol günleri nobatçy bolan lukmanyň aýdyşyna göra çagyryşlaryň köpüsi pensiýa ýaşyndaky adamlardan alyndy. Garry aýallaryň biri hassahanadan çykarmaň pensiýasyz galdym, indi günümi görüp biljek däl diýip haýyş edipdir.



Ozal döwlet barada çalaja tankyt etmek akyla sygmajak batyrlyk ýaly hasaplanýardy, indi bolsa pensiýa üýtgemesi halkyň arasynda närazyçylyk tolkunyny döretdi. Pensionerler ýurdyň hemme şäherlerinde kiçi demonstratsiýalaryny geçirdiler. Aşgabad we Türkmenbaşy we basga şaherlerde gaharlanan adamlar sobes binalaryny hüjüm etdiler we hökümetden düşündiriş talap etdiler.



Orsyýet bilen daşary ýurt metbugatlary bu ýagdaýy beýan eden soň we Türkmenistandaky hakyky durmuşyna ünsüni çekensoň bu jenjel ýene dowap etmäne başlady.



Döwlet maliýe işleri barada açyk maglumat berenok, şonuň üçin hem gaz ve pagtany durnukly walýutada satýan döwlet adamlarynyň pensiýasyny name üçin azaltýandygynyň sebäbini bilmek kyndyr. Döwlet gullukçylary hökümet nagt pula mätaç boldygyny we döwlet pullaryny tygşytlamak üçin adamlaryň pensiýalaryny kemeltdigini aýdýarlar. Bu birinji gezek däl diýseňem bolýar – hökümet ozal hem pulyny tagsytlamak üçin adamlaryň pensiýa çykma ýaşyny 2 ýyla süýşürdi.



Emma bular üçin düşündiriş bar – eksportdan gelen girdeýjiler döwlet býudźetine gitmeýärler, onuň ýerine olary göni prezidentiň fondyna geçirýärler. Ol fond hem diňe Türkmenistany daşky görnüşini abadanlaşdyrýan proýektlaryny üpjün edýär, emma bunuň halk üçin peýdasy ýok diýseň hem bolýar.

Frontline Updates
Support local journalists