Türkmen pasportlary hemmelere paýlanylanok

Türkmen pasportlary hemmelere paýlanylanok

Türkmenistanyň indiki ýyl bosgunlar barada konferensiýa geçirmek isleýän wagty, onuň bosgunlar üçin mähirli ýurtdygy barada edilýän beýannamalar aýratyn üns astynda bolup durýar.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, olar özlerinde bosgunlary kabul etmek we ýurtsyz adamlar bilen isleşmek barada dörän tejribäni maslahatlaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň konferensiýasyny ulanarlar.

Oktýabryň soňunda 2 000 töweregi adama türkmen pasportlaryny bermek karary kagyz ýüzünde sahylyga esaslanan açyk-gapylar syýasatyny aňladýan ýaly bolup görünýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar baradaky guramasy bolan UNHCR-yň türkmen hökümediniň bu herekedinden öň eden çaklamasyna görä Türkmenistanda 20 000-den gowrak raýatsyzlygy bolmadyk adam ýaşaýar.

Häkimiýetler bu barada maglumat bermeýärler, hem-de ýerli synçylaryň aýtmagyna görä graždanlyk berlenleriň esasy bölegi Türkmenistanda köp wagtdan bäri ýaşaýan adamlar bolup, olaryň arzalaryna seretmek birnäçe ýyla çekipdir.

“Bu izolirlenen ýurdy bosgunlar üçin gowy ýer diýip hasaplamak bolmaz” diýip Aşgabatda ilat bilen işleýän bir işgär aýtdy. “Pasport berlenleriň köpüsi milleti boýunça türkmen bolup, olar Tajigistandan graždanlyk urşy döwründe [1992-97] gaçyp gelip, şu ýerde ornaşanlar.”

Bu spisoga şeýle-de ermeniler ýaly uzak wagtlap ýurtda ýaşanlaryňam, hem-de Sowet pasportlaryny şu wagta çenli Türkmenistanyň pasporty bilen çalyşmadyklaryňam goşulan bolmagy mümkin.

Gündogardaky Lebap welaýatyndan bolan kommentatoryň aýdyşy ýaly, ýurduň beýleki köpsanly ýaşaýjylaryna entegem doly graždanlyk hukuklary berilenok. Türkmen-rus iki graždanlygy bolan adamlara täze görnüşli pasportlary bermekden ýüz döndürilýär, şeýle-de ýurduň gündogaryndaky özbeklere türkmen raýatlygy berilmän olar hakykat ýüzünde belli bir döwlete degişli däl adamlar hökmünde galdyrylýär.

“Biziň döwletimiz hemişe bosgunlar we graždanlygy bolmadyk adamlar barada haýsam bolsa bir waka gabatlap alada edýär” diýip ol aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Refugees
Frontline Updates
Support local journalists