Türkmen oppozisiýasy saýlawa gatnanaşmak teklibine seredýär
Türkmen oppozisiýasy saýlawa gatnanaşmak teklibine seredýär
Türkmenistanyň daşyndaky öňdebaryjy oppozisiýa wekili prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň daşary ýurtlarda ýerleşen syýasy toparlaryň geljeki saýlawlara gatnaşyp biljekdigi baradaky teklibini ätiýaçlylyk bilen goldady.
Berdimuhammedow bu teklibi ministrler kabinetiniň 8-nji iýuldaky ýygnagynda beýan etdi.
“Özüni oppozisiýa diýip atlandyrýan toparlara” salgylanmak bilen ol: “Olaryň wekilleriniň islendigi geljeki prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildirse, olar Türkmenistana gelip bilerler. Men olara biziň ýurdumyzyň raýatlarynda bar bolan saýlawa gatnaşmak şertleriniň we hukuklarynyň beriljekdigine güwä geçýärin” diýdi.
Berdimuhammedowyň prezidentlik möhleti 2012-nji ýylyň fewralynda, onuň Nyýazowyň ýerine geçeninden 5 ýyl soň tamamlanýar.
Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi (MATB) Nyýazow döwründe wise-premýer bolan, häzir emigrasiýadaky Watan herekedine ýolbaşçylyk edýän Hudaýberdi Orazowdan prezidentiň teklibi barada öz pikirini beýan etmegi sorady.
Türkmenistanda türmä basylmadyk ähli oppozisiýa wekilleri ýaly Orazow hem daşary ýurtda, ýagny Şwesiýada ýaşaýar.
Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi (MATB): Siz Berdimuhammedowyň teklibine nähili seredýärsiňiz?
Hudaýberdi Orazow: Men muňa pozitiw zat hökmünde seredýärin, ýöne bu çyn ýürekden aýdylan bolsa we hakyky işler bilen berkidilen ýagdaýynda. Bu kepilnamalaryň kanun esasynda berkidilmän, prezident tarapyndan aýdylmagy onuň näderejede hojaýynçylyk edýändigini görkezýär, hem-de onuň bu saýlawdan soň hem ýurt başynda galmakçydygyny görkezýär.
“Men çagyrýaryn” we “men kepil geçýärin” diýen ýaly jümleler totalitar döwletde durmuşyny geçiren adamdan çykýär. Oňa derek bu kanuny giňişligiň çäklerinde amala aşyrylmaly.
Daşary ýurtdaky oppozisiýa agzalarynyň saýlawlara gatnaşmaga çagyrylmagyÝHHG ýaly halkara araçylaryň gatnaşmagynda edilmeli bolar. Oppozisiýa bilen Berdimuhammedowyň biri-birine ynanmagy zerur, emma bu ynam ýok wagty araçylar zerur bolar.
Şeýle-de häkimiýetlere oppozisiýa gelmezinden öň birnäçe zatlary etmek zerur. Olaryň syýasy partiýalar we oppozisiýa baradaky kanunlary kabul etmegi gerek. Näme üçin oppozisiýanyň daşary ýurtdadygy we name üçin käbir oppozisiýa agzalarynyň ömürlik türmä basylandygy düşnükli bolar ýaly, Berdimuhammedowyň Nyýazowyň diktatorçylyk dolandyryşyna dogruçyl baha bermegi hökman. Oňa gatnaşan adamlaryň eden işleri we olaryň jogapkärçilikleri obýektiw bahalandyrylmaly. Bu onuň sözlerine bolan ynamy artdyrar.
MATB: Umumylykda, oppozisiýa prezident saýlawlarynda bir kandidaty öňe sürmek isleýärmi?
Orazow: Men biziň oz pozisiýalarymyzy koordinirlemegimize we ýeke-täk kandidaty öňe sürmegimize hiç-hili päsgelçilik göremok. Biz munuň üstünde häzir işleýäris.
MATB: Türkmen konstitusiýasy prezidentlige kandidatyň soňky 15 ýylyň dowamynda ýurtda ýaşamagyny talap edýär. Bu emigrasiýadyky oppozisiýa wekillerini awtomiki hasapdan aýyrýar. Olaryň köpüsi, köplenç gaýybana ýagdaýda, sud edildi ýa režim tarapyndan günäkärlendi. Oppozisiýa Türkmenistanda ýaşaýan kandidaty öňe sürüp bilermi?
Orazow: Men muny aradan aýyrmaýaryn. Ýöne daşary ýurtda-da günäkärlenmedik we prezidentlige dalaş edip biljek köp adam bar. Ine şu ýerde kanuny kepillikler ara girýär. Hazirki bar bolan şertleriň çäginde işlemek, totalitar döwletiň parametrlerinde çykyş etmegi we oňa özüňi boýun etmegi aňladýar. Şonuň üçin biz prosese gözegçilik eder ýaly halkara araçylary barada gürrüň edýäris.
MATB: Başga kandidatlaryň hem saýlawda öňe çykmagy mümkinmi?
Orazow: Diňe göz üçin käbir kandidatlar bolar. Häkimiýetler halkara jemgyýeti üçin şou taýýarlarlar, ýöne onuň nähili formada boljagy entek anyk däl. Geçen saýlawlara gatnaşan ýalan kandidatlaryň ählisi soňlugyça yzyrlanyldy [bu ýerde gürrüň 2007-nji ýyldaky saýlawlarda, saýlawda bäsdeşligi görkezmek üçin, Berdimuhammedowyň garşysyna goýlan režimiň öz kandidatlary barada barýar.] Indiki gezek, beýle ýalan kandidatlar dalaş etmekden gorkarlar.
MATB: Türkmen köpçüligi alternatiw kandidat üçin ses bermäge taýýar bolarmy?
Orazow: Gürrüňsiz bolar. Men ýerlikli şertler döredilse, hem-de halkara araçylar gatnaşdyrylsa, saýlawçylaryň gorkmajakdygyna we öz saýlawçy hukuklaryndan peýdalanjakdygyna ynanýaryn.
MATB: Türkmenistana nähili prezident gerek?
Orazow: Parlament demokratiýasy döwleti dolandyrmagyň iň ýerlikli usuly. Meniň pikirimçe ýurda şu ideýany iş ýüzüne geçirip biljek we ýurdy hakyky reformalardan alyp geçjek adam gerek.
Inga Sikorskaýa IWPR-yň Türkmenistan we Özbegistan boýunça Bişkekde ýerleşýän baş redaktory.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.