Türkmen liderlerine suwy aýawly peýdalanmaga ünsi çekmek tabşyryldy

Türkmen liderlerine suwy aýawly peýdalanmaga ünsi çekmek tabşyryldy

Thursday, 27 August, 2009
Birleşen Milletler Guramasynyň tutuş Aziýa boýunça iýmit ýetmezçliginiň öňüni almak üçin suw resurslaryny gowy dolandyrmaga çagyrýan hasabatyna esaslanyp, synçylar dargap barýan, netijesiz irrigasiýa sistemasyna garaşly döwletiň iň gowy nusgalarynyň birisiniň Türkmenistandygyny belleýärler.



BMG-nyň Iýmit we Oba-hojalyk Guramasy we Halkara Suw Dolandyryş Instituty tarapyndan 17-nji awgustda çap edilen hasabat Aziýanyň iýmite bolan islegiň ýokary galmagyna sezewar boljakdygyna we netijede iýmit ýetmezçilik howpunyň dörejekdigine ünsi çekýär. Ekin ekmek üçin artykmaç ýerleriň azdygy we gitdigiçe üýtgeýän klimaty öňünden anyklamagyň kyndygy sebäpli, bu hasabat ýeke-täk mümkinçilik bar bolan suw resurslaryny dolandyrmagyň ýollaryny gowylandyrmak diýen netijä gelýär. Mysal üçin bu has netijeli irrigasion sistemalara maliýe serişdeleri gönükdirmek arkaly gazanylyp bilner.



Türkmenistanyň köp bölegi çöl bilen örtülen we oba hojalygy diňe 50-60 ýyl mundan öň gurlan irragasion sistemalaryň täsiri bilen saklanyp galýar. Ekin meýdanlarynyň 95 prosenti emeli usulda suwarylýar, hem-de munuň üçin kanallaryň toplumy we 15 sany suw howdany ulanylýar. Atyzlardan drenaž arkaly akýan artykmaç suwlary toplamak we soňra ony gaýtadan peýdalanmak pikiri bilen gurulýan täze ägirt uly emeli Altyn Asyr ‘köli’ muňa goşmaçadyr.



Ekspertleriň aýtmagyna görä Türkmenistanyň suw dolandyryş sistemalary hažirki wagtda doly dargamagyň ýokary derejesinde, sebäbi Sowet Soýuzynyň 1991-nji ýylda dargamagy Türkmenistany garaşsyz döwlet hökmünde galdyranyndan soň olary bejermek üçin gaty az iş edildi.



“(Kanal) setleriň içi betonlanan däl, bu bolsa on müňlerçe kub metr suwuň ýitirilmegine alyp barýar” diýip demirgazykdaky Daşoguz welaýatyndan bolan synçy aýtdy. Onuň aýtmagyna görä suw “ýa ýere siňip gidýär, ýa-da bugaryp ýok bolýar”.



Bolgariýada ýerleşen türkmen ykdysadyýetçisi Annadurdy Hajyýew “Köne irrigasion kanallar standartlara gabat gelenok. Suw ýaplary gamyş bilen örtülen, hem-de olary arassalamk üçin ummasyz pul gerek bolar. Bu ýaplar suwy aýawly saklanok” diýip bu pikir bilen razylaşdy.



Suw hojalyk ministrliginiň öňki işgärleriniň birisi kanallaryň gözgyny ýagdaýy üçin maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligini günäkärleýär. Onyň aýtmagyna görä kanallar setine seretmeli guramalar ýapylypdyr we olary bejermek jogapkärçiligi ýerli häkimlikleriň üstüne ýüklenipdir – bu bolsa merkezleşdirilen dolandyryşy talap edýän sistema üçin ters ädimdir.



Oba-hojalykçylar tarapyndan suwyň jogapkärçiliksiz ulanylmagy, könelişen irrigasiýa metodlary bilen bilelikde suwuň köp böleginiň zaýa bolmagyna getirýändigini kommentatorlar aýdýarlar. Olaryň pikiriçe häkimiýetler ekinleriň hasylyny artdyrmak üçin täze irrigasion metodlary gözlemeli.



“Näme üçin daýhan birleşikler damjalaýyn suwaryş irrigasiýa metodlaryny, ya-da suwy nasos oturdylan turbalar ýa betonlanan akabalar arkaly akdyrmagy ulananoklar?” diýip Hajyýew sorady.



Bu ýagdaýa degişli derejede üns bermezden, türkmen hökümedi häzirki wagtda dänäniň we pagtanyň möçberini artdyrmagy planlaşdyrýar. Aýratynam pagta suwy köp talap edýän ekin bolup durýar. Häzirki wagtda her ýylda bularyň hersiniň bir million tonna golaýy öndürilýär.





(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)





Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists