Türkmen lideri özüniň nädip ýokary galyşyny görenleri aýyrmağyny dowam edýär.

Türkmen lideri özüniň nädip ýokary galyşyny görenleri aýyrmağyny dowam edýär.

Friday, 18 April, 2008
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baş prokuror Muhammetguly Ogşukowy wezipesinden boşatmak bilen özüniň döwlet ýolbaşçysy wezipesine çykmagyna dahylly yene bir egindeşinden dyndy – diýip, NBCA habarçylary pikir ýöredýärler.



Döwlet Howpsyzlyk Geňeşiniň 3-ji mart mejlisinde Berdimuhamedow “prokuratura organlarynda işgärleriň hapa işleri hem öz bähbitlerine çapmagy bilen bagly birnäçe kemçilikleriň üstüniň açylandygy” barada beýanat etdi.



Prezident baş prokuror Ogşukowa ýüzlenip: “Prokuratura ilkinji günlerden başlap kontrolyny gowşatdy, wezipe ygtyýarlygynyň çäginden çykyp başlady. Şu kemçilikler sebäpli seni işden boşadýan” – diýdi.



Prezidentiň tankydyny dinglän Ogşukow özünin şahsy günäsini prezidentiň öňünde boýun aldy, onuň ýerine mundan öň Ýokary Kazyýetiň başlygy wezipesini alyp baran Çary Hojamyradow bellendi.



Güýç ulanyjylar bilen bu duşuşyk “Altyn Asyr” milli telekanalyndan görkezildi.



Baş prokuror Ogşukowyň işden boşadylmagy garaşylýan bir zatdy, ýöne onun haçan aýryljagy näbellidi, çünki Berdimuhamedowyň urtut tagta çykmagyny gurnan esasy adamlar syýasy sahnadan gitmek zorunda diýip NBCA teswirçileri aýdýarlar.



NBCA-nyň Aşgabatdaky synçylary Ogşukow 2006-jy ýylyň dekabrynda Saparmyrat Nyýazow ölen pille Berdimuhamedowyň döwlet yolbaşçysynyň ornuny eýelemegine kömek eden güýçliler toparynda esasy ketdelerden biri boldy diýip hasap edýärler.



“Hut şo döwürde baş prokuror Ogşukowyň talap etmegi bilen halk wekilleri Niýazowyň [Коnstitusiýa boýunça] kanuny oruntutary bolan Mejlys başlygy Öwezgeldi Ataýewe garşy jenaýat işini gozgamaga rugsat beripdiler we ol “oglunyň gelnini öz-özüni öldürmek kastyna düşüripdir” diýen ýalan aýyplama bilen ýapyk sud edilip, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi” – diýip, synçylaryň biri ýatlaýar.



Mundanam başga, güýçli gulluk ýolbaşçylary Howpsyzlyk Geňeşiniň 2006-jy ýylyň dekabrynyň aýagynda bolan giňişleýin mejlisinde prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýän Berdimuhamedowa döwlet ýolbaşçysy wezipesine saýlanmaga gatnaşmaga resmi taýdan ýol berýän üýtgeşmäniň Konstitusiýa girizilmeginede sebäp bolupdylar.



“Ogşukow indi özüni aklajak bolup näme diýip, näme aýdyp biler, onuň özi konstitusýon kanunlary bozdy ahyry, prezident bolsa indi kanun bozujylary aradan aýyrmaly” – diýip, türkmen jurnalistlerinden biri ynamly gürleýär.



Berdimuhamedow özüniň prezidentliginiň başyndan bäri göwnüne ýakmayan çinownikleriň hakyndan çykmak işinde “esasy döwlet garalawjysy” Ogşukowy birnäçe gezek ulandy.



Berdimuhamedow güýçli gulluklaryň ýolbaşçylaryny işden boşatmak kampanyýasyny resmi taýdan wezipä bellenmeginiň yz ýany başlady.



Şonda häkimiýetler hukuk goraýjy guramalary täzeden gurnamak işiniň başyny başladylar, bu bolsa kadyrlary süpürip aýyrmaga badalga berdi.



2007-ji ýylyň aprelinde we maýynda birden iki sany täsirli ketde wezipesinden mahrum boldy.



Olardan biri prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygy hem Niýazowyň wepaly egindeşi Akmyrat Rejepow, ol geçen tomusda “parahorluk hemde gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlygy üçin” 17 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi; beýlekisi bolsa “garawsyz eden-etdiligi hemde ýolbaşçylygy başarmaýany üçin” işden boşadylan İçeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy Akmämmet Rahmanow. Rahmanowy ministir wezipesinden boşadyp, Berdimuhamedow bu wezipäni Hojamyrat Annagurbanowa berdi.



Oktýabyr aýynda milli howpsuzlyk ministri, 50 ýaşly general Geldimuhammet Aşyrmuhammedow “saglyk ýagdaýy sebäpli” otstawka iberildi. Yçeri işler ministri Annagurbanowam işinden boşadyldy.



Gözden düşen çinownikleriň yüzüne aýdylýan aýyplamalary hem düzgün bozmalaryň uzyn sanawlaryny adat boýunça baş prokuror Muhammetguly Ogşukow okady.



43 ýaşly Ogşukow prokuratura organlarynda 20 ýyllap işledi we 2006-jy ýylyň aprelinden bäri eýeläp gelen Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine Niýazow tarapyndan bellenipdi.



“Ol öz etmeli işini etdi we indi gidip biler” – diýip, İçeri işler ministirliginiň bir işgäri aýdýar.



“Öňki” täsiri güýçli gullukçylardan indi diňe 62 ýaşly goranmak ministri, general-maýor Agageldi Mämmetgeldiýew galdy, emma Berdimuhamedow oňada bir çäre tapar”.



Bu polis işgäriniň çotuna görä, häkimiýetler tarapyndan yglan edilen harby reformanyň çäklerinde hemde häzir güýç ulanyjy egaralarda geçirilýän “kadyrlary täzelemek” tolkunynda pensiýa ýaşly gullukçylary gysgaltmak arkaly täze-täze kadyr çalşyklarynyň bolaýmak gümanam ýok däl.



(NBCA – Merkezi Azyýa ýurtlarynyň täzeliklerini tutuş regiýonyň synçylarynyň giň köpçüliginiň gatnaşmağynda analiz edýän hem teswirleýän dürli dilli gullugy döretmek ugrunda YWPR-iň bir proýektidir. Bu proýekt 2006-jy ýylyň awgusty bilen 2007-ji ýylyň sentýabry aralykda regionyň bäş ýurdunyň bäşisindede ýerine ýetirildi. İndi yaňadan maliýeleşdirilmegi bilen gulluk täzeden Özbegistan hem Türkmenistan wakalaryny beýan etmek işine başlaýar.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists