Türkmen kinoteatrlary gaýtadan açylar

Türkmen kinoteatrlary gaýtadan açylar

Saturday, 19 December, 2009
Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) analitikleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň kinoteatrlaryny dikeltmek baradaky çäreleri üstünlikli etmek üçin filmleriň syýasy senzurasyny ýeňletmeli.



Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow 28-nji noýabrdaky karary bilen kino-filmleri we wideolary lisenziýalaşdyrmak sistemasyny yglan etdi. Bu hususy eýeçilikdäki bizneslere häzirki wagtda döwlet eýeçiliginde bolan kinoteatrlary we wideo-zallary gaýtadan açmaga we filmleriň aýlanyşygyny dikeltmäge mümkinçilik berer.



Balet, opera we sirk bilen birlikde kinoteatrlar hem Berdimuhammedowdan öňki Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýapylypdy, ol beýle dynç alyşlar türkmen halky üçin ýerlikli däl diýip hasaplapdy.



2000-nji ýyldan başlap ähli kinoteatrlar diýen ýaly ýa ýykylypdy ýa-da başga maksat üçin ulanylypdy. Mysal üçin paýtagt Aşgabatdaky Mir kinoteatry toý zalyna öwrüldi, demirgazyk Daşoguzdaky Dostluk kinoteatry bolsa häzir diskoteka hökmünde ulanylýar.



Saklanyp galan kinoteatrlar hem gaty seýrek ulanylýar, olar diňe Berdimuhammedow daşary ýurda gideninde ýa-da ýokary derejeli daşary ýurt wekili Türkmenistana geleninde geçirilýän ýörite “kino günlerinde” açylýar. Görkezilýän filmler häkimiýetler tarapyndan saýlanylýar we senzuradan geçirilýär.



“Ilat islenilmeýän ideýalaryň täsirine düşmez ýaly häkimiýetler muny aýratyn üns astynda saklaýarlar” diýip gündogar Türkmenistandaky Lebap welaýatyndan bolan synçy aýtdy.



Hatda Aşgabatdaky Medeniýet Institutynyň kino režisýorçylyk bölüminiň talyplary özleriniň kurs işleriniň bölegi hökmünde olara hiç wagt kino gorkezilmeýändiginden zeýrenýärler.



“Biz birinji kursda, biz diňe bir gezek kino gidip gördük” diýip institutyň üçinji kursunyň studenti aýtdy. “Biz kinolary analiz etmeli ahyryn. Biz nädip režisýor bolaly eger biz hatda ýokary hilli filmleri hem görmedik bolsak?”



Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylarynyň aýtmagyna görä kinoteatrlaryň yzynda galan boşlugy köne türkmen filmlerini ýa-da uruşly kinolaryň we multfilmleriň pes-hilli bikanun-goçürilen kopiýalaryny görkezýän kiçi wideo-zallar doldurdylar.



Ýerli synçylar hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň kinoteatrlara we kino paýlanyşygyna gatnaşmagyna ýol berjek täze inisiatiwa pessimistiki seredýärler.



“Diňe lisenziýa bermek ýeterlik däl – hususy telekeçilere haýsy filmleri görkezmegi saýlamak hukugy hem berilmeli” diýip paýtagtdaky metbugat synçysy aýtdy. “Eger-de häkimiýetler telekeçilere kinoteatrlary dolandyrmaga mümkinçilik berseler, ýöne olary prezidenti öwýän içgysgynç ýerli filmleri görkezmäge borçly etseler, onda köpçülik olary görmäge barmaz.”



Aşgabatly biznesmen bolsa Berdimuhammedowyň dikeltmegi söz beren beýleki sungat görnüşleriniň entegem hereketsizdigine ünsi çekdi.



Aşgabadyň opera teatry ýapyklygyna galýar, sazly-drama teatrynda bolsa diňe iki sany spektakl görkezildi.



“Nädip oparanyň dikeldilmegi barada gürrüň etjek? Görkezilen [iki] spektakl prezident üçin edildi. A sirke näm boldy? Aşgabatda heý bir sirk gördüňizmi? Munuň barysy diňe boş söz” diýip ol aýtdy.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists