Türkmen internet ulanyjylary senzurany aldamakdan gorkýarlar

Türkmen internet ulanyjylary senzurany aldamakdan gorkýarlar

Türkmenistandaky repressiw atmosfera we internet ulanylyşyna bolan berk kontrollyk sebäpli, internet ulanyjylar senzuradan aýlanyp geçiş gurallary barada az zat bilýärler we olary bilýänlerem ulanmakdan gorkýarlar.

Aprel aýynyň başynda ABŞ-da ýerleşýän Fridom Haus (Freedom House) azatlyga gözegçilik guramasy internet çäklendirilen ýerlerdäki ulanyjylara internet senzurasyny ýeňip geçmäge kömek etmäge niýetlenen ýörite hasabat taýýarlady.

Brandmaueriň üstünden geçmek: Senzuradan geçiş gurallarynyň beýany diýlip atlandyrylýan hasabat Azerbeýjan, Burma, Hytaý we Eýran ýaly ýurtlara ünsi çekýär. Bu internedi bloklaýyş sistemalaryndan aýlanyp geçmek üçin gurallaryň birnäçesini olaryň tehniki başarnyklary we olary ulanýan adamlaryň tejribeleri esasynda bahalandyrýar.

Bu gurallary baglanyşdyryp ulanmak ulanyja proksini, ýa-da ortalyk bolup hyzmat edýän serweri ulanyp bloklanan internet sahypa girmek üçin zerur maglumat akymyny kabul etmäge, hem-de maglumat akymyny görkezmezlik üçin olary internediň üsti bilen şifrlenen “tunnelleri” gurnamak arkaly geçirmäge ýol berýär.

Özüniň mart aýynda çap edilen ýyllyk hasabatynda metbugat azatlygy guramasy bolan Araçäksiz Reportýorlar (Reporters Without Borders) Türkmenistany internet azatlygynyň duşmanlarynyň iň ýokarky onlygynda ýerleşdirdi. Gurama türkmen hökümedini giňişleýin senzura ulanýany üçin tankytlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda ýurt başyna geçeninde ol özünden öňki Saparmyrat Nyýazowyň izolýasiýa syýasatlaryndan tapawutlylykda intenedi ulanmagy azyrak ýeňilleşdirdi.

Öýlere internet baglanyşygyny alyp bolýandygyna we ýurduň 30-a golaý internet kafelerinde internede girip bolýandygyna seretmezden häkimýetler özlerine ýaramadyk daşary ýurt saýtlaryny we hatda sosial setleri hem bloklaýarlar. Internet kafe gelenler öz pasportyny görkezmeli we olaryň iberýän islendik habary, hem-de seredýän sahypalary bellige alynýar.

Internet Word Stats-yň maglumatlaryna görä, umumy ilaty 5 million töweregi bolan Türkmenistanda internet ulanyjylaryň sany 80 500 töweregi. Olaryň esasy bölegi ýetginjekler we studentler, şeýle-de halkara guramalaryň işgärleri we žurnalistler.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi tarapyndan interwýu edilen Türkmenistanly internet ulanyjylaryň köpüsi Fridom Hausyň hasabatyndan habarsyz bolup, olaryň käbiri bloklanyşdan aýlanyp geçmek gurallary barada hiç-zat bilmeýändiklerini belledi.

Olaryň arasynda giň ýaýran umumy pikire görä, eger olar bu gurallar barada bilenem bolsalar, olary ulanmakdan gaça durardylar. Sebäbi munuň häkimýetleriň gerekmejek ünsüni çekmegi mümkin.

Paýtagt Aşgabatda ýerleşýän analitigiň Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingine aýtmagyna görä, türkmen ulanyjylaryna aýlanyp geçiş gurallary zerur däl, sebäbi olar diňe “zyýansyz” we “elýeterli informasiýa” gözleýärler.

Fridom Hausyň hasabaty barada eşitmedik, döwlet gazeti Neýtralny Turkmenistanyň habarçysynyň aýtmagyna görä beýle gurallary ulanmaklyk adamlary howp astynda goýup biler we “Häzirki wagtda hiç kim bu zatlar barada pikir etmägede het etmez”.

Döwlete degişli däl guramanyň aktiwisti hem şeýleräk garaýyşy beýan etdi. Onuň düşündirmegine görä, bir adam häkimýetlere şübheli bolup görünýän islendik bir zady etse, onuň özi we maşgalasy howp astyna düşer.

“Berk gadagan etmelerden aýlanyp geçmek üçin bir zat etmek islegi we gyzyklanmasy adamalaryň [köpüsi üçin edip boljak zat däl], sebäbi diňe şol isegi bildiren adam däl, eýsem onuň maşgalasy we dostlary hem netijede ejir çeker” diýip aktiwist aýtdy.

Döwlet telewideniýesi üçin işleýän tele-žurnalist çäklendirilen internet elýeterliliginiň ony wideo redaktirlemek üçin faýllary almakdan saklaýandygyndan zeýrendi. Ol faýllary gadagan edilen opozisiýa, hem-de halkara adam hukuklary we media goldaw guramalarynyň saýtlaryndan tapmak mümkin.

Ýöne onuň bellemegine görä, hatda ol faýllary alyp bilen ýagdaýynda hem, olary ulanyp bilmez. “Eger men internet bloklanmasyndan aýlanyp geçip, maňa gerek kitaby tapaýanymda hem, meniň ondan öwrenen maglumatlarymy praktikada ulanmaga maňa kim rugsat berer?”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Frontline Updates
Support local journalists