Türkmen-Hytaý gaz geçirijisi açyldy

Türkmen-Hytaý gaz geçirijisi açyldy

Thursday, 17 December, 2009
Hytaýyň prezidenti Hu Szintao dekabryň 14-inde, özüniň energiýa mätäç ýurduna tebigy gazy üpjün etjek esasy gazoprowodyň resmi açylyşyny bellemek üçin, üç Merkezi Aziýa liderlerine goşuldy.



Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow we onuň gazak we özbek kärdeşleri Nursoltan Nazarbaýew we Yslam Karimow Samandepedäki dabara gatnaşdylar.



7 000 kilometr gaz geçiriji Türkmenistandan Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen günbatar Hytaýa gider, hem-de haçan 2012-nji ýylda doly güýjüne ýetende ýylda 40 millliard kub metr gaz geçirer.



Sekiz milliard ABŞ dollaryna deň bolan bu gurluşyk proýekti Hytaý Ösüş Banky tarapyndan maliýeleşdirilýär.



Dabarada Berdimuhammedowyň aýtmagyna görä, gatnaşýan dört döwletden bolan ekspertleriň “gowy koordinirlenen we netijeli işi, umumy maksatlary we uzak möhletleýin arkadaşlyga göz ýetirilmegini” şöhlelendirdi.



Dabara Türkmenistanyň döwlet tarapyndan dolandyrylýan telewideniýesinde we metbugatynda giňişleýin görkezildi we köpçülikleýin goldanyldy.



“Bu ajaýyp waka, sebäbi bu biziň uly täze eksporta eýe bolanymyzy aňlatýar” diýip bir Aşgabatly dabarany telewideniýede göreninden soň aýtdy. “Bize dünýä bazarlaryna çykalga gerek. Biz şu wagta çenli bir [Russiýa gidýän] turboprowoda bagly bolup durdyk, indi bolsa bizde has ynamdar we umyt edilişine görä has düşnükli partnýor bar.”



Işe goýberiliş dabarasynyň bolup geçen ýeri bolan Lebapdaky synçy häzir Türkmenistanyň gazynyň esasy alyjysy bolan Russiýanyň şu ýyl satyn almany kemeldenini ýatlady.



Soňra ol şeýle diýdi: “Hökümet özüniň ähli umydyny Hytaýa bolan gazoprowoda baglady. Hem-de biziň görşümiz ýaly, hytaýlylar bu meseläni gaty çiz çözdüler.”



Gündogar Türkmenistanyň beýleki bir ýaşaýjysy özüniň gaz geçiriji proýektiniň ýerli adamlar üçin köp iş ýerlerini döretmegine garaşandygyny aýtdy.



Ol: “Biz gurluşyk işleriniň entek gutarmandygyny bilýäris, hem-de köpüräk gurluşyk işgärleri we beýleki spesialistler gerek bolar diýip umyt edýäris. Biz muňa gaty şat” diýdi.



Döwlet nebir we gaz kärhanasy Türkmennebitgaz-yň işgäriniň aýtmagyna görä Hytaý bilen iş salyşmak Gazprom bilen onuň sözlerine görä “çäklendirilen” esasda bolan hyzmatdaşlykdan netijeliräk bolup çykar.



“Gaz geçiriji açylmazyndan öň, biziň prezidentimiz we Hu Szintao iki-gezekleýin salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada ylalaşyga gol çekdiler. Şeýle-de ylalaşyk esasynda Hytaý nebit we gaz senagaty we telekommunikasiýa üçin tehnologiýany hem demir-ýol otlylaryny satyn almaga ýeňilleşdirilen kreditler berer. Bu uly gaz geçiriji proýekti şu mümkinçilikleri bize berdi” diýip ol belledi.



Gaz geçirijide işleýän inžener muny “taryhy” wajyplykdaky waka hökmünde beýan etdi.



“Şeýle-de gazy Hindistana we Ýewropa ýetirmek boýunça başga proýektlerem bar. Bu gaty gowy. Soň bizde saýlamaga mümkinçilik bolar” diýip ol aýtdy.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)









Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists