Türkmen esgerleriniň arasynda tabyn etme ýagdaýy gazaplanýar
Soňky bir näçe ýylyň icinde türkmen goşunynda gullukçylaryň arasynda tabyn etme ýagdaýynyň netijesinde wepat bolan esgerleriň sany barha artyp barýar.
Türkmen esgerleriniň arasynda tabyn etme ýagdaýy gazaplanýar
Soňky bir näçe ýylyň icinde türkmen goşunynda gullukçylaryň arasynda tabyn etme ýagdaýynyň netijesinde wepat bolan esgerleriň sany barha artyp barýar.
Bu ýagdaýy soňky wagtlar ýüze çykan Goranma Ministrliginiň, goşunyň komanda sostawynyň, çagyryş kommissiýalaryň parahorlygy, ofiserleriň tejribesizligi, tirelik, harby gullukçylary hukularyndan kesmekligi bilen düşündirip bolýar.
Prezident Saparmurat Niyazowyň ýurduň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmaklygyň zerurlygy döräni mälim edenine garamazdan, regulýar harby bölümler mugt işçi güýjüne öwrüldiler. Esgerleriň ep-esli bölegi harby gullukçylara mahsus bolmaýan wezipeleri ýerine ýetirýärler: bugdaý ösdürýärler, pagta ýygýarlar, hassahanalarda sanitar bolup, öňumçilikde, gurluşyklarda hem hususy hojalyklarda kömek beriji işgär bolup işleýärler.
Netijede hususy sostawyň, aýratyn-da ýönekeý esgerleriň, seržant hem-de leýtenantlaryň harby taýarlyk dereji örän pes.
Harby güýçleriň onsuzda erbet ýagdaýyny soňky üç yylyň içinde ýuze çykan esgerleriň arasynda tabyn etme meselesi erbetleşdirýär.
Gullukçylaryň arasynda dörän ustawy esewan eden aragatnaşyklar – diňe türkmen goşunyna mahsys bolan sosiýal ýagdaý däl. Esgerleriň arasynda tabyn etme ýagdaýy bütin taze özbaşdak bolan döwletleriň arasynda peýda bolýar. Emma, alnan habarlara görä, Türkmenistanda esgerleriň arasynda tabyn etmeden wepat bolan esgerleriň sany köpelip barýar.
Böýle näsazlyk wakalar köplenç tireler aragatnasygynyň esasynda döreýär. Meselem, Daşoguzly esger Aşgabadyň ýada Marynyň harby bölümine düşen ýagdaýda, ýerli tireden bolan esgerler olara “tat” lakamyny dakyp her hili ýol bilen masgaralaýarlar.
Eger Aşgabadyň ýaşaýjysy Lebap ýada Daşoguz welaýatyna gitse ol da edil şunuň ýaly ýagdaýa düşýär.
Lebap welaýatynyň Seýdi şaherçesiniň ýaşaýjysy Wahydyň aýdyp berişine görä, harby bölümine gelen ilkinji gününde ony örän gaty urupdyrlar. Edil şol harby böluminde Wahydyň Aşgabatda bile okan kursdaşy Wepa gulluk edýärdi we uly esgerleriň arasynda abraýy güýçli bolansoň ol bunuň ýaly urmalaryň öňüni alypdyr. Wahydyň aýdyşyna görä, şonuň ýaly ofiser sostawyň ýada uly esgerleriň arasynda öz adamyň bolmasa, dowamly urmalardan hem-de masgaralamalardan sypmazsyň.
Ofiserleriň özleri hem ýygy ýygydan ara bozarlyk edip dýarlar. Wahydýň özi bir gezek ofiser taze gelen esgeri uranynyň şaýady bolupdyr.
Bunuň ýaly hadysalaryň soňy hemişe diňe döwüklik hemde göklük bilen dolanmaýar. Mary welaýatynyň şaher harby gospitalynyň reanimatsiýa bolüminiň lukmany Meýlis Serdarowyň aýdyp berşine görä, olaryň bölümine şonuň yaly wakalardan heläk bolan esgerler tiz tiz düşýär.
Meýlisiň aýdyşyna görä, soňky wagtlar onuň praktikasynda urulan ýaşajyk oglanlar reanimatsiýa bolümine düşenden birnaçe sagat soň ölen ýagdaýy ýygylaşdy. Gospitalyň hemme lukmanlary günäsiz esgerleriň ölüminiň hakyky sebäbini gowy bilýärler, emma “ýokarydan” buýruk alansoň bu mesele barada sesini çykarmayarlar.
Mary şäheriniň ýaşaýjysy Maral Nurmuhammedovanyň aýdyp berişi ýaly, ýakynda onuň goňşylaryna gulluk edýän ogly wepat bolany barada erbet habar getirdiler. Garryndaşlary 18 ýaşyndaky Merdanyň maslygyny getirmäne gidende, olara çagasy ýurek ýetmezligiň ýiti formasyndan ölenini aýdypdyrlar. Emma Maralyň aýdyşy ýaly, wepat bolan esgeriň ejesi onuň bedeninde urulan ýerleriň yzyny görüpdir.
Maralyň aýdyşyna göra ol goňşy oglany soňky gezek bir ýarym hepde öň, ol harby bölüminden öýüne gaçyp geleninde görüpdir. Merdanyň bu hereketi kakasynyň gaty gaharyny getiripdir. Ol ogluna esgerlik kynçylyklaryny çydapbilmedigi üçin gorkak bolandygyny aýdyp, ertesi gün harby bölümine yzyna gaýtmagyny tabşyrdy. Merdan bolsa kakasynyň sögünçlerini diňläp, harby bölüminde hemise urulýandygyny, bu gezek yzyna gaýtsa ölürjeklerini aýdyp kakasyny ýalbaryp başlaptyr. Merdanyň bu sözleri kakasyny has hem beteri gaharyny getiripdir, ol Merdana ertesi güni irden turup bölüme gitmegini buýurupdyr.
Bu wakadan 5 gün son Merdanyň maşgalasy ol wepat bolandygy barada habar alypdyr. Merdanyň kakasy şu wagta çenli ekeje oglunyň ölüminde özüni günäleýär. Aglap çagasyny öz eli bilen heläk ettigini aýdýar.