Türkmen çörekçileriniň yigrimi dördi türmä gitdi

Türkmen çörekçileriniň yigrimi dördi türmä gitdi

Sunday, 31 January, 2010
Türkmen häkimiýetleri galla önümçiliginiň we çörek bişiriş senagatynyň işgärlerine 14 ýyla çenli türme tussaglygyny yglan etdiler. Ählisi hem Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguzdan bolan 24 adam öz önümçilik sanlaryny ýokarlandyrmakda aýyplandylar.



Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) kommentatorlarynyň aýtmagyna görä bu waka adaty praktikany şöhlelendirýär - döwletiň hakykatdan daş önümçilik görkezijileri gazanmak baradaky hemişelik basyşy astynda, önüm öndürijiler we ýolbaşçylar plany amala aşyrandyklaryny görkezýän statistikany bermäge boýun bolýarlar. Ýöne işler ugryna gitmedik wagty, günäkärleri tapmaly bolýar.



Oppozisiýa internet sahypasy "Hronika Turkmenistana" laýyklykda, günäkärlenenleriň arasynda ähli emlägi konfiskasiýa edilen we 14 ýyl tussaglyga höküm edilen Daşoguz döwlet galla edarasynyň direktory, çörek bişirijileriň ýolbaşçylary, ammar işgärleri we birnäçe daýhanlar bar. Birnäçe beýleki günäkärlenenlere şertli jezalar we 1 000 ABŞ dollaryna deň bolan jerimeler salyndy.



Bu sud iki sebäbä görä beýlekilerden tapawutlandy: birnäçe ýylda birinji gezek beýle köp adam sud zalynda bilelikde sud edildi; hem-de sud zaly görlüp-eşidilmedik derejede jemgyýet üçin açyk boldy.



Günäkärlenmegiň häsiýeti Türkmenistanda öňden gelýän synçylar üçin hiç-hili täzelik bolmady, sebäbi olar ýolbaşçylara we dolandyryjylara önümçilik derejelerini artdyryp ýazmaga itergi berlişini we şoňra olary işinden boşadyp türmä basylyşyny köp görýärler.



“Ähli ýerli ýolbaşçylar [galla önümçiligindäki we gaýtadan işlemäkdäki] wezipelere diňe olar düzgüne laýyk oýnamaga we artdyryp ýazmaga razy bolsalar ýetip biljegini bilýärler” diýip ýerli synçy aýtdy. “Olar şeýle-de galla önümçilikdäki bu wezipeleriň düşewintlidiginden habarly, bir möwsümiň dowamynda işgärler gaty baý bolup biler.”



Günorta Türkmenistanda ýerleşen başga bir synçy "Eger plany ýerine ýetirseň, onda sen gahryman. Eger ýerine ýetirmeseň, iň gowy ýagdaýda işden gidersiň, ýa-da erbet ýagdaýda ýalňyş ýazanyň üçin türmä gidersiň. Şonuň üçin ýolbaşçylar gahryman boljak bolup artdyryp ýazýarlar.”



Döwlet hökümedi ýerli ýolbaşçylary artdyryp ýazany üçin jezalandyrsa-da, milli derejede bu zatlary özi edýändigi üçin günäkärdir.



Milli galla plany geçen ýyl üçin 1,5 million tonna deň boldy. Soňky hasyl mukdary belli däl, ýöne käbir ykdysadyýetçiler resmi sanlaryň hakyky hasyly 100%-e çenli artdyryp görkezip biljekdigini aýdýarlar. Weteran oba hojalykçynyň aýtmagyna görä hökümet has hakykata ýakyn sany aýtmak islänok, sebäbi bu ýurduň entek bellenilen öz-özüni galla bilen üpjün etmek maksadyndan daşdadygyny görkezer.



Galla hasyly birnäçe sebäplere görä pes. Ýeri dolandyrmagyň kemçilikleri, tehnikanyň we dökünleriň ýetmezçiligi, suwyň çäklendirmeleri, bularyň ählisi ýeriň kem-kemden hasyllylygyny ýitirmegine getirýär. Munuň daýhanlar üçin has öndürjilikli bolmaga ykdysady höweslendirmäniň ýoklugy bilen üsti ýetirilýär.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)





Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists