Türkmen baştutany energedaşaýjylaryň howpsuzlygynyň kepillerini isleýär.

Türkmen baştutany energedaşaýjylaryň howpsuzlygynyň kepillerini isleýär.

Friday, 17 October, 2008
NBCA-yň synçylary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir energia hopwsuzlyk ylgamyny döretmek hakynda pikiri häzirki geosyýasy şertlerde amala aşyrmak hkyn bolar diýip belleýärler.



Sentýabr aýynyä ahyrynda BMG-yň Baş assambleýasynyň 63-nji maslahatynda Türkmenistanyň Daşary ýurt ministry Raşid Meredow prezident Berdimuhamedowyň halkara turba geçirijileriň howpsuzlygyny kepillendirýän ýorite resminamalaryň kabul edilmegi hakynda pikirini seslendirdi



DIM baştutany “energetika infrastrukturasynyň ygtybarly goragy bu tebigi betbagçylykrlardan we tehnogen weýrançylyklardan , harby-syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen bagly, halkara terrorizm tarapyndan haýbatlaryň atylmagyndan hem-de daşalýan energoresurslaryň birugsat alynmagyndan etjek zyýanyň howpyny azalmak, ”



Türkmenistan uglewodorod serişdelerini daşyna satmakda önde baryjysy bolup , ýylda 60 milliard kub metr tebigy gazy satýär we onuň möçberini artdyrmakçy.



Sonky halkara bahalandyrmalara görä tassyklanan tebigy gazynyä möçberi ýurtda 2,86 trilion kub metra den boldy.



2007-nji ýylda Berdimuhamedow energetika syýasatynda köpwektorlyk barada aýtdy, bu bolsa ikitarapa bähbitly energoresurslary islendik ýurda iberilmegini aňladýär.



Türkmenistan nebit we gaz alyjylar bilen gürründeşlikleri geçirip, “dünýä ütgeşmeleri bilen” uglewodorod serişdelerine baha goýup başlady.



Emma türkmen uglewodorolaryň daşyna satylmagy sowet döwründen galan Gazpromyň turbalary bilen çäklenen, ol turbalar boýunça gaz Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Russiýa iberilýär.



Moskwa Aşgabada öz täsirini her hili ýol bilen saklajak bolýär, türkmen tarapynyň başga energiýa taslamalaryna gatnaşmaga böwet göýär. Kremliň gaharyny ABŞ we EB tarapyndan goldanýän Kaýspiý ýaka gaz turba geçiriji taslamasy getirýär, we Hytaýä turbanyň gurluşygy ol turba üsti bilen ýylda 30 milliard kub metr türkmen gazy iberiler.



Daşyna satmak barada meýilnamanyň ňerine ňetirilmeginiä başga böweti hem Owganystandaky durnuksyz ýagdaý , bu bolsa Transowgan turba geçirijiniň işletmegini saklaýär.



NBCA-yň bilermenleri energiýä howpsuzlygynyň bir ulgamynyň döredilmek zerurlygy bilen ylalaşýärlar, sebäbi turba geçirijiler her hili howplara bagly. Bu turba geçirilen ýurtda terroristiki hüjümler we şol çäkde harby hereketler, uglewodorod üstaşyr ýurtlaryň syýasy we ykdysady kepilleriň ýoklygy diýip ylalaşýarlar.



Emma bu energiýa howpsuzlygy pikiri amala aşymak agyr bolar, sebäbi ol satyjy ýurtlaryň we alyjylaryň ylalaşykly hereketini talap edýär, bu bolsa häzirki geosyýasy ýagdaýda agyr bolar.



Demirgazykdaky Daşoguz welaýayndaky synçy halkara turba geçiriji toryna girýän bir döwletinde syýasy düzgüniň üýtgemegi energiýa ibermeklige göni täsir eder diýip görkezýär.



Ol 2002-nji ýyldaky özbek-türkmen gatnaşyklaryň dartgynly wagtynda resmi Taşkentiň öz üstünden türkmen gazy geçirmejek bolandygyny ýatladýar.



Aradaky Günorta Osetiýadaky uruş Bakuw-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijiniň üsti bilen uglewodorod serişdelerini daşamagyna täsir etdi, Ukraina bilen syýasy dawalarda Russiýa energiýa leňeri ulanýär.



Bilermen Türkmenistanyň hem Hytaýa tarap gaz geçirijini guranynda günorta tarapda Afganistanyň üstünden geçýän böleginde hem menzeş meseleler emele gelmegi mümkin diýip hasap edýär.



“Entäk iň güýçli döwletleriň gapma-garşylygy aradan aýyrylmasa” olar bir taslamalara itergi berip beýlekoleri bolsa saklarlar şol sebäpli hem bir energo howpsuzlyk ulgamy döretmek mümkin däl,” – diýip synçy belleýär.



Rowşen Ibragimow Bakuwyň Gafgaz uniwersitetynyň halkara gatnaşyklar kafedrasynyň müdüri energiýa howpsuzlyk ulgamy satyjy-ýurtlaryň we alyjylaryň eňilliklere gitmäge talap eder, mysal üçin howsuzlyk boýunça yhtyýarlyklaryny BMG ýa-da başga halkara komitete bermegi we olar bu soragy utgaşdyrar.



“Emma käbir ýurtlar muny (bir energiýa howpsuzlyk ulgamy) öz garaşsyzlygynyň gysylmagy hökmünde beýlekiler bolsa sebit boýunça baştutanlara basmaga synanşyk leňňeri diýip düşünýärler, ”- Ibragimow belleýar.



Şu sebäplere görä bular ýaly ulgamy döretmek pikiri halkara forumlarda teklip bolup galar diýip bilermen goşýär.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)



Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists