Türkmen “Altyn Kölüniň” gurluşygy saklanyldy

Türkmen “Altyn Kölüniň” gurluşygy saklanyldy

Wednesday, 17 February, 2010
Türkmenistandaky ambisioz suw howdan proýekti geçen aýda maliýe serişdleriniň kesilmegi we suw ýetmezçiligi netijesinde saklanyldy.



“Ähli zat bir aýa ýakyn togtadyldy” diýip ýerli çeşme dekabryň başynda aýtdy. “Gatnaşýan [gurluşyk] kärhanalar aladalanýarlar. Olar ähli enjamlaryny getirdiler, ýöne gurluşyk işiniň haçan dowam etdiriljegi entek belli däl.”



“Altyn Köl” diýlip öwülýän suw howdany ägirt uly inženerçilik kynçylygy, sebäbi bu hiç zat ýok ýerinden Garagum çölüniň çägesinde döredilýär.



Bu ideýa öňki Prezident Sparmyrat Nyýazow tarapyndan 90-njy ýyllaryň ortasynda başlanypdy. Howdanyň birinji bölegi bolsa onuň mirasdüşeri Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan geçen iýulda açyldy.



Howdanyň aňyrsyndaky pikir Türkmenistanyň gurak çöl şertlerinde suwy saklamaga bolan zerurlygyna esaslanan. “Köl” daş-töwerekdäki regionlardan drenaž suwuny toplamaga niýetlenen. Ol suw soňra arassalanyp we irrigasiýa üçin gaýtadan ulanylyp bilner diýlip çaklanylýar.



Ýöne, ägirt uly adam tarapyndan gurlan howdan bu ýagdaýyň çözgüdi diýlen pikir ekologlar tarapyndan tankytlanyldy we olar bu ulanyşa ýaramsyz we soňlugyça peýdasyz bolar diýip çaklaýarlar. Olar munuň soňky netijesi köl däl-de ýöne batgalyk bolar diýip gorkýarlar.



Diňe howdanyň özüne hyzmat etmegem döwlete gaty gymmat düşer, sebäbi muňa suw getirýän kanallary süýşýän çöl çägesinden arassalap durmaly bolar. (Goşmaça maglumat üçin, “Türkmen “Altyn Köli” ekologiki betbagtçylyga öwrülip biler” atly habara serediň. RCA №. 585, 31.07.2009)



Häzirki wagtda birnäçe sebäpler proýektiň işini saklaýan bolmaly.



Bir ýerli synçy suw hojalyk ministrliginiň işgäriniň “ýerasty suw derejesi güýzde we gyşda iň pes derejä düşüp, kanallary ýeterlik suw bilen doldurmaga ýol berenok” diýen sözlerine salgylanyp, suw elýeterliliginiň pasyllaýyn üýtgemegine ünsi çekdi.



Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyndan bir alymyň aýtmagyna görä proýekti taýýarlanlar pasyllaýyn şertlere üns bermedik bolmaly.



“Suwuň mukdary her ýyl uýtgeýär. Görnüşi ýaly bu proýektiň üstünde işleýän ekspertler muny ýatdan çykaran bolmaly, hem-de proýekt häzir saklanylypdyr” diýdi, hem-de “häkimiýetler bu proýekti öňüräk bes etmelidiler” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.



Howdanyň ýerleşen ýeri bolan Daşoguzly analitik döwletiň serişdeleriniň bu 6 millard ABŞ dollaryna deň bolan proýekte ýetmezçilik edýänini aýtdy.



Geçen ýylyň maýyndan başlap Russiýanyň Gazprom kompaniýasy, özüni ýangyja bolan global islegiň pese gaçmagyna dogurlamak üçin, Türkmenistandan alýan gazynyň mukdaryny kemeltdi. Bu kompaniýa Türkmenistanyň gaz eksportynyň esasy bölegini alýar. Onuň aýtmagyna görä, girdejiniň kemelmegi gaznada nagt puluň ýetmezçiligini döredipdir.



“Altyn Köl” proýektiniň uly gurluşyk işgärleriniň birisi bu aladalary inkär etdi, hem-de işiň saklanmagynyň wagtlaýyndygyny we gyşyň soňuna işiň başlanjakdygyny aýtdy.



Onuň aýtmagyna görä, öňüräk has gyssagly amala aşyrylandygy üçin indi iş saklanmaly bolupdyr.



“Işe goýberiş seneleri üýtgedildi. Hemme zat gijiräk bolmalydy, ýöne biz tiziräk etjek bolduk we prezidentiň tomusdaky saparyna gabat geler ýaly etdik” diýip ol aýtdy.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)
Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists