Türkmen Akademikleri ylym reformalaryny goldaýarlar

Türkmen Akademikleri ylym reformalaryny goldaýarlar

Monday, 16 November, 2009
NBCA-nyn synçylary dowam edýän ylym we akademiki reformalary öwdüler we bular dowam eder diýip umyt bildirdiler.



Indi täze bellenilen Ylymlar güni bolan 12-nji iýunda geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow ylmy jemgyýete peýda getirjek düýpli struktura üýtgetmelerini belledi.



18 aý mundan öň gaýtadan döredilen, ýöne meýletin esasda işläp gelýän, Ylymlar Akademiýasy indi doly döwlet üpjünçiligindäki we ykrar edilen gurama bolar.



Täze akademiýa 9 sany ylmy-barlag institutlaryny we bölümleri öz içine alar.



“Ylym we tehnologiýa ulgamlaryny düýpli üýtgetmäge, olary ösüşiň halkara derejelerine ýetirmäge, ylmy barlaglary we tehnologiki öňe gidişleri has netijeli etmäge, hem-de olary jemgyýetiň we döwletiň zerurlyklaryna has-da gönükdirmäge wagt boldy” diyip Prezident aýtdy.



Berdimuhammedow ylmy gaýtadan dikeltmegiň zerurlygy barada 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen badyna gürrüň edip başlady. Şol ýylyň iýunynda Ylymlar Akademiýasy gaýtadan açyldy, hem-de akademiki derejeleri tassyklaýan täze iki gurama döredildi: ylym we tehnologiýa barada ýokary komitet we sertifikasiýa barada ýokary komitet.



Ondan soňky ýylda türkmen ýokary okuw jaýlary aspirantura we doktorantura studentleri kabul edip başlady.



Türkmen ylmy mundan öň pese gaçyşa sezewar bolupdy we Ylymlar Akademiýasy we dissertasiýalary barlaýan akademiki sowet, ylmy institutlary peýdasyz hasaplan we maliýeleşdirmekden ýüz döndüren, öňki Prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan 90-njy ýylaryň ortalarynda dargadylypdy.



Netijede, hic-hili ylmy barlag amala aşyrylmady, hiç-hili aspirant ýa doktor kwalifikasiýasy berilmedi, hem-de tamamlanan dissertasiýalar okalman galdy. Köp zehinli ýaş alymlar ýurtdan gitdi.



Akademikler häkimiýetiň bu ugry reformirlemek üçin edýan ädimlerine, we medisinada doktorlyk derejesi bar bolan Berdimuhammedowdan bu pikirleriň gelmegine el çarpdylar. Olar bu ýurduň ylmy mümkinçiliklerini gaýtadan dikelder diýip umyt edýärler.



Aşgabatly birnäçe ýyl mundan öň okuwy tamamlan lukman özüniň hiç wagt okuwyny dowam etmäge umyt edip bilmändigini aýtdy. Ýöne Ylymlar Akademiýasy we ylmy-barlag institutlary gaýtadan açylan soň hemme zat üýtgedi.



“Indi men Türkmenistanda aspirant we öz dissertasiýamy ýazmak isleýärin” diýip ýaş ýigit guwançly aýtdy. “Bu köpden bäri meniň arzuwymdy, indi ahyr soňy bu amala aşdy.”



Başga bir okuwa başlamak isleýän student özüniň aspirantura kursuna başlamaga taýýarlanýandygyny we ylyma goldawyň resmi esasda aýdylmagynyň ony nähili höweslendirendigini aýtdy.



Ylym gaty köp wagtlap doňdurylan ýagdaýynda galdyryldy we okuwyny tamamlaman galan aspirantlaryň köpüsi başga işler bilen meşgul we öz okuwlaryny dowam etdirmegi planlaşdyranoklar. Olar geljegiň ýitirilmedigine, ýöne ýetişip gelýan studentleriň täze nesline degişlidigine ynanýarlar.



“Men şu meseläniň çözülmegine köp wagt garaşdym, ýöne indi men doktorçylyk derejä synanyşmaryn öýdýän” diýip ykdysadyýet boýunça aspiranturany okan Aşgabatly aýal aýtdy. “Meniň ýaşymda bu kyn bolar. Ýöne men başgalaryň öz arzuwyna ýetmäge we doktor kwalifikasiýasyny almaga mümkinçiliginiň boljagyna begenýärin.”



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)
Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists